Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy | Ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy görkezijilerini hasaplamagyň konsepsiýasy we usulyýetiI  

Daşky gurşaw we enerýa

Adam sanyna hasaplananda kömürturşy gazynyň taşlandylary

Umumy maglumat:

Теmasy:

Daşky gurşaw we energiýa

Indikatoryň ady:

Adam sanyna hasaplananda kömürturşy gazynyň taşlandylary

Ölçeg birligi:

Tonna

Ölçegiň görnüşi:

Ortaça ululyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA,MÖM (7 Maksat, 9 Wezipe, 28 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu indikator Monreal Beýanyny tassyklan ýurtlar tarapyndan kömürturşy gazynyň taşlandylaryny kemeltmek we hloroftoruglerodlaryň sarp edilişiniň depginini gowşatmak borçlaryny aňladýar. Kömürturşy gazynyň taşlandylary — bu esasan energiýanyň öndürilişiniň we peýdalanylyşynyň goşmaça önümi. Olar global ýylama bilen baglanyşykly parnik gazlarynyň has köp paýyny tutýarlar.

Kesgitleme:

Adam sanyna hasaplananda kömürturşy gazynyň taşlandylary — bu adam işleriniň netijesinde (önümçilik we sarp ediş) ýurtda taşlanan kömürturşy gazynyň ýurduň ilatynyň sanyna bölünen umumy möçberi.

Öňde baryjy gurama:

Kömürturşy gazy boýunça: BMG-nyň Klimaty Üýtgetmek boýunça Çarçuwaly Ylalaşygy we BMG-nyň Statistika Bölümi

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Milli gerimde kömürturşy gazynyň taşlandysy taşlandylaryň çeşmesi üçin mahsus bolan faktorlardan peýdalanmak bilen taşlandylaryň çeşmeleri boýunça aýratyn maglumatlardan hasaplanylýar. Zyýanly gaz görnüşli taşlandylaryň ýazgysy energetika we daşky gurşaw ministrlikleri tarapyndan düzülýär.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Howa giňişligine taşlandylary bolan senagat kärhanalary boýunça Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk

Halkara we döwlet çeşmeleri:

Aziýa Ösüş Banky, Global Ykdysady Gazna, ÝUNISEF, BSGG, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi.

Bellik:

Indikator kömürturşy gazynyň taşlandylaryna degişli, ýurtlar parnik netije döretmekde öz paýlaryny peseltmek bilen oňa garşy işjeň göreşmeli. Degişlilikde, indikator global ýylamada hakyky özgermeleri görkezmeýär, diňe üýtgeşmäni ýüze çykarýan otrisatel faktorlary görkezýär. Her bir ýurduň çäklerinde kömürturşy gazynyň taşlandylary barada, parnik netije döretmek babatda hem, daşky gurşawy hapalamak babatda hem maglumatlar ýeterlik däl. Ýöne kömürturşy gazynyň taşlandylarynyň köp bölegi senagat taýdan ösen ýurtlaryň paýyna düşýär.

Gurulýan kärhanalar üçin halkara ekologiýa standartlarynyň (ISO 14000) girizilmegi zerur. Hereket edýän kärhanalar häzirki zaman tozan-gaz arassalaýjy ulgam bilen enjamlaşdyrylmaly.

Tokaý örtükli ýerleriň paýy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Daşky gurşaw we energiýa

Indikatoryň ady:

Tokaý örtükli ýer meýdanynyň paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (7 Maksat 9, Wezipe, 25 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu görkeziji ýurtda degişlilikde tokaý örtüginiň ähmiýetini görkezýär. Tokaýlyk zolagyň üýtgemegi ýerden peýdalanmagyň beýleki bäsdeşlik edýän görnüşleri üçin ýeriň zerurlygyny görkezýär.

Kesgitleme:

Tokaý örtükli ýer meýdanynyň paýy — bu ýeriň umumy meýdanynyň bir bölegi bolup, ýurduň iri derýalar we köller ýaly içerki suwlar eýeleýän meýdanyny goşmazdan, ýer üstüniň umumy meýdany. BMG-nyň Oba Hojalyk we Azyk Guramasynyň Tokaý Baýlyklarynyň Global Bahalandyrmasynda, 2000 ý. beren kesgitlemesine görä tokaý tebigy tokaýy hem, agaç ekilen tokaýy hem öz içine alýar. Tokaýlar agaçlaryň barlygy bilen, şonuň ýaly-da ýerden peýdalanmagyň beýleki görnüşleriniň ýoklugy bilen kesgitlenilýär.

Öňde baryjy gurama:

BMG-nyň Oba Hojalyk we Azyk Guramasy

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Maglumat çeşmeleri — FAO-nyň tokaý baýlyklaryny global bahalandyrmasy, tokaý baýlyklaryny sebitleýin bahalandyrmasy, ýörite barlaglar we gözegçilikler, milli tokaý kadastrlary we hemradan alnan suratlar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Administratiw hasabat maglumatlary. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Halkara we milli hasabatlylyk:

Aziýa Ösüş Banky, Global Ekologiki Gazna, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi.

Biologik dürlüligi saklamak maksady bilen bölünip berlen raýonlaryň ýer üstüniň meýdanyna paýy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Daşky gurşaw we energiýa

Indikatoryň ady:

Biologik dürlüligi saklamak maksady bilen bölünip berlen raýonlaryň ýer üstüniň meýdanyna paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýa/Konferentara başlangyçlar bilen baglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (7 Maksat, 9 Wezipe, 26 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Tebigy gurşawyň aýawly saklanylmagy biologik dürlüligiň azalmagyny togtatmak üçin örän möhümdir. Goralýan ýerleriň döredilmegi — bu maksada ýetmek üçin möhüm mehanizmdir.

Ylmy goraghanalar ýaly käbir ýerler öz tebigy ýagdaýynda saklanylýar we bir zatlar awlamak üçin ýapyk. Beýlekiler bölekleýin goralýar we dynç alyş we syýahat üçin peýdalanylyp bilner.

Kesgitleme:

Biologik dürlüligi saklamak üçin goralýan ýerleriň ýer üstüniň meýdanyna gatnaşygy milli goralýan ýer hökmünde ýurduň ýer üstüniň umumy meýdanyna göterimde kesgitlenilýär. Tebigaty Goramagyň Bütindünýä Bileleşigi (IUCN) tarapyndan goralýan ýerlere berlen, hemme ýerde kabul edilen kesgitleme boýunça bu biologik dürlüligi we tebigy hem şunuň bilen baglanyşykly medeni baýlyklary goramak we goldamak üçin niýetlenen ýeriň ýa-da deňziň bölegi bolup, kanunçylyk ýa-da beýleki netijeli serişdeler arkaly dolandyrylýar.

Öňde baryjy gurama:

BMG-nyň Daşky Gurşaw boýunça Maksatnamasy

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Maglumatlar tebigaty goramak ministrligi we goralýan ýerleriň bellenilmegi we goldanylmagy üçin jogapkär beýleki ministrlikler tarapyndan ýygnalýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Goraghanalar boýunça administratiw hasabatyň maglumatlary. Şeýle-de ýurduň ýa-da çägiň dünýä standartlarynyň derejesinde toparlara bölmek bilen beýleki ýurtlar hem-de sebitiň çäkleri kabul ederlikli ekologiýa ulgamynyň kartasy, şonuň ýaly hem tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň goraýan ýerleriniň alty halkara kategoriýasyna laýyk gelýän halkara kategoriýalar boýunça goralýan ýeriň ölçegini (gektarda), ýerleşýän ýerini we klassifikasiýasyny görkezmek bilen goralýan ýerleriň sanawy zerur.

Halkara we milli hasabatlylyk:

Aziýa Ösüş Banky, Global Ekologiýa Gaznasy, ÝUNISEF, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi.

Bellik:

Biologik dürlülik bu global mesele. Goralýan ýerleriň möhümligine we goralyş derejesini göz öňünde tutup, indikatoryň gowulaşmak meýli bar.

Aşakdaky guramaçylyk çäreleri: dag haýwanlarynyň we ösümlikleriniň seýrek we ýitip barýan görnüşlerini aýawly saklamak üçin Balkan goraghanasynyň döredilmegi zerur. Wezipesi goraghanalaryňkydan we zakaznikleriňkiden has giň bolan milli seýilgähleriň guralmagy zerur. Olar gorag we rekreasion (dynç almak üçin şertleriň döredilmegi, syýahatçylyk gezelençleriniň işlenip taýýarlanylmagy, ekologiýa syýahatynyň guralmagy) wezipäni ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşiriniň taýýarlanylmagy we çap edilmegi zerur.

Biziň ýurdumyzyň goralýan ýerler boýunça statistiki maglumatlary bar, ýöne goralýan ýerleriň ulgamy karta nätakyk girizilip bilner.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

JIÖ-niň birligine energiýadan peýdalanylyşy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Daşky gurşaw we energetika

Indikatoryň ady:

JIÖ-niň birligine energiýadan peýdalanylyşy

Ölçeg birligi:

Nebitiň kilogramy (SAU ABŞ-nyň $-ynda)

Ölçegiň görnüşi:

Koeffisiýent

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (7 Maksat, 9 Wezipe, 27 Indikator)

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Indikator energiýa sygymlylygyny ölçeýär (energiýadan peýdalanylyşynyň netijeliligi babatda tersine). Bu koeffisiýentiň tapawudy wagtyň geçmegi bilen we ýurtlar boýunça ykdysadyýetde düzüm üýtgeşmelerini, käbir böleklerde energiýanyň peýdalanylyşynyň netijeliliginde üýtgeşmeleri we ýangyç garyndylarynda tapawutlary görkezýär. Koeffisiýent näçe pes boldugyça energiýadan peýdalanylyşynyň netijeliligi şonça-da ýokary.

Kesgitleme:

Energiýanyň (nebitiň kilogramynyň ekwiwalenti) jemi içerki önümiň (SAU — satyn alyjylyk ukyby) ABŞ-nyň 1dollaryna peýdalanylyşy — bu energiýanyň satyn alyjylyk ukybynyň konwersiýa faktorlaryndan peýdalanmak bilen, milli walýutadan konwertirlenýän jemi içerki önümiň ABŞ-nyň 1 dollaryna nebitiň ekwiwalentiniň birliklerinde ölçelýän energiýanyň täjirçilik peýdalanylyşy.

Öňde baryjy gurama:

Halkara Energetika Agentligi, Bütindünýä Banky, BMG-nyň Statistiki Bölümi

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Energiýanyň sarp edilişi milli energetika buhgalter balansyndan hasaplanylýar. Hakyky JIÖ Halkara Deňeşdiriş Maksatnamasy tarapyndan taýýarlanylan SAU-nyň tablisalaryna salgylanyp milli girdejiden gelip çykýar. Ýangyjyň mal we ösümlik galyndylary, agaç we kömür ýaly adaty görnüşleri goşulmaýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti milli energetika balansyň hasabyny ýöretmeýär. Ony hasaplap çykarmak üçin degişli statistiki hasabatlar girizilmeli.

Türkmenistanyň energetika balansynyň hasaplamalarynyň bar bolan soňky maglumatlary — 2004—2005 ýyllar.

Ýerleriň ýaramazlaşma derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Daşky gurşaw we energetika

Indikatoryň ady:

Ýerleriň ýaramazlaşma derejesi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Prosent gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

Global Ekologiýa Gaznasy

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ýer baýlyklarynyň dürli sarp edijiler tarapyndan ýerliksiz peýdalanylmagy topragyň hasyllylygynyň peselmegine we sandan çykmagyna getirip biler. Ýeriň zaýalanmagynyň tebigy-antropogen faktorlary arid şertlerde ýerleriň oba hojalyk özleşdirilişi bilen berk baglanyşykly. Şol sebäpli oba hojalyk işleriniň netijesinde ýüze çykýan ekologiýa meseleleri örän möhüm hasaplanylýar.

Kesgitleme:

Arid şertlerinde ýerüsti gatlagy doly ýa-da bölekleýin (ýaramazlaşmak derejesi boýunça) ýaramazlaşan çäkleriň meýdanynyň gatnaşygy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň administratiw hasabat maglumatlary, seçimleýin gözegçilik.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň administratiw hasabat maglumatlary, seçimleýin gözegçilik.

Halkara we milli hasabatlylyk:

Aziýa Ösüş Banky, Global Ekologiýa Gaznasy, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi, Türkmenistanyň suw hojalyk ministrligi.

Bellik:

Ýerleriň zaýalanmak meselesini çözmek üçin aşakdaky ileri tutulýan çäreleri amala aşyrmak teklip edilýär.

Şorlaşma garşy göreş boýunça: oba hojalyk ekinleriniň ekilýän ýerlerini bejermegiň bar bolan tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi. Az hasyl berýän sürüm-drenaž ulgamlarynyň netijeli we ýerlikli peýdalanylmagy.

Dag eteklerindäki düzlük suwarymly ýerlerde topragyň bozulmagyna garşy göreş boýunça: eroziýa howpy bolan zolaklarda eroziýa garşy guramaçylyk-hojalyk çäreleriniň geçirilmegi. Eroziýa garşy agrotehniki çäreleriň berjaý edilmegi; taşlanan karýerleriň we beýleki bozulan ýerleriň täzeden bejerilmegi.

Zäherli galyndylar

Umumy maglumat:

Теmasy:

Daşky gurşaw we energetika

Indikatoryň ady:

Zäherli galyndylar

Ölçeg birligi:

Kilogram

Ölçegiň görnüşi:

Dereje

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça işlenip taýýarlanylýar.

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Senagat we durmuş galyndylarynyň möçberiniň artmagy we himiki düzüminiň çylşyrymlaşmagy, olaryň ýakýan we dargatýan önümleriniň howa giňişligine taşlandylary daşky gurşawyň ähli düzüm böleklerine (topraga, howa giňişligine, suw baýlyklaryna) ýaramaz täsirini ýetirýär.

Kesgitleme:

Zäherli galyndylar ilatyň saglygy üçin we daşky gurşaw üçin aýratyn howply maddalary we birleşmeleri özünde saklaýan önümçiligiň galyndylarynyň ähli görnüşlerini öz içine alýar. Önümçiligiň zäherli galyndylary howplulygy boýunça dört klasa bölünýär:

  1. кlas — juda howply;
  2. кlas — aşa howply;
  3. кlas — aram howply;
  4. кlas — az howply.

Öňde baryjy gurama:

Global Ekologiýa Gaznasy

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Pudaklaýyn ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň administratiw hasabat maglumatlary

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Zäherli galyndylaryň emele gelýän, ammarlara ýerleşdirilýän, peýdalanylýan ýa-da zyýansyzlandyrylýan (ýok edilýän) kärhanalary we senagat we oba hojalyk guramalary boýunça administratiw hasabat maglumatlary. Ýyllyk.

Halkara we milli hasabatlylyk:

Aziýa Ösüş Banky, Global Ekologiýa Gaznasy, BMG-nyň statiatiki bölümi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi.

Bellik:

Tebigy gurşawyň örän zäherli bolan maddalar bilen hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen we ilatyň saglygyny goramak üçin Hazar himiýa zawodynyň aşa zäherli galyndylaryny gömmek boýunça desganyň gurluşygy zerur. Häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak bilen galyndylaryň gaýtadan peýdalanylmagyny, durmuş galyndylarynyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegini guramak zerur.