Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy | Ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy görkezijilerini hasaplamagyň konsepsiýasy we usulyýetiI  

Bilim

Uly ýaşly ilatyň sowatlylyk derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

Uly ýaşly ilatyň sowatlylyk derejesi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK,, CCA, MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu indikator gündelik durmuşda ýazuw arkaly sözlerden peýdalanyp bilýän we okuwyny dowam etdirip bilýän uly ýaşly ilatyň arasynda sowatly adamlaryň sanyny görkezýär. Sowatlylygyň durnukly ösüşi sazlaşdyrmak we ýaýratmak üçin, şeýle-de daşky gurşaw we ösüş meselelerinde adamlaryň mümkinçiliklerini gowulandyrmak üçin uly ähmiýeti bar. Ol durnukly ösüşe we çözgütler kabul edilende netijeli jemgyýetçilik gatnaşygyna laýyk bolan ekologiýa we etiki habardarlygy, gymmatlyklary we endikleri gazanmaga ýardam edýär.

Kesgitleme:

Adamy eger ol durmuşa degişli gysgaça ýönekeý pikiri düşünmek bilen okap we ýazyp bilse, sowatly diýip hasaplamak bolar. Bu indikator 15 ýaşly we ondan uly ýaşly adamlary ilatyň umumy sanyna bölmek bilen 15 ýaşdan uly ilat üçin hasaplanylýar.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO, BMG ÖM, ÝUNISEF, BMG IG

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Sowatlylyk derejesini ölçemek üçin esasy çeşme — ilat ýazuwlary. Öý hojalyklarynyň gözegçilikleri adatça häzirki pursata has golaý hasaplamalary berýär, ýöne bu çeşme doly peýdalanylmadyk.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Ilat ýazuwynyň maglumatlary, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner.

Bellik:

Konstitusiýa laýyklykda Türkmenistanda jynsyna, milletine we ş. m. garamazdan ýurduň raýatlaryna tölegsiz hökmany orta bilim kepillendirilýär. Şunyň bilen baglylykda, ýurtda uly ýaşly ilatyň doly diýen ýaly sowatlylygy gazanyldy.

15—24 ýaşly ilatyň sowatlylyk derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

15—24 ýaşly ilatyň sowatlylyk derejesi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

CCA, MÖM (Ugur 2, 3 Wezipe, 8 Indikator)

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ýaşlaryň sowatlylygy soňky 10 ýylda ýa-da şoňa golaý wagtda başlangyç bilimiň netijelerini görkezýär. Başlangyç bilim ulgamynyň netijeliliginiň görkezijisi hökmünde ol durmuş ösüşiniň we ykdysady gazanylanlaryň görkezijisi hökmünde seredilýär. Bu jemgyýete peýdaly bolmak üçin adama zerur bolan sowatlylyk derejesiniň hil ölçegi we laýyklyk ölçegi däl.

Kesgitleme:

15—24 ýaşly ilatyň sowatlylyk derejesi, ýa-da ýaşlaryň sowatlylyk derejesi — bu durmuşa degişli gysgaça ýönekeý pikiri düşünmek bilen okap we ýazyp bilýan 15—24 ýaşyndaky ilatyň göterimi. Käwagt sowatlylygy kesgitlemek arifmetikanyň esaslaryna çenli we gündelik durmuşdaky beýleki endikleriň esaslaryna çenli giňeýär.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO, BMG ÖM, ÝUNISEF, BMG IG

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Sowatlylk boýunça maglumatlary ilat ýazuwyndan, öý hojalyklarynyň gözegçiliklerinden we sowatlylygyň gözegçiliklerinden almak bolýar, ilatyň umumy sany bolsa milli ilat ýazuwlaryndan we seçimleýin gözegçiliklerden alynýar. Ýöne ähli ilat ýazuwlary we gözegçilikler sowatlylygy bahalandyrmak üçin ýörite soraglary öz içine almaýar. Sowatlylyk boýunça soraglar goşulmadyk käbir ýurtlarda sowatlylyk derejesini bahalandyrmak üçin adamyň bilim derejesinden (mekdebi tamamlanan okuw ýyllarynyň möçberinden) peýdalanylýar. Kim mekdebe gatnamadyk bolsa sowatsyz diýip, kim başlangyç mekdebiň 5 synpyna gatnan bolsa, sowatly diýip hasap etmek ähli ýerde kabul edilendir.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Ilat ýazuwynyň, Türkmenistanyň Statiatika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatlarynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner.

Bellik:

Türkmenistan öz ösüşiniň geçen tapgyrlarynda toplanan ähli gymmatlyklary saklamak bilen we bilim infrastrukturasyny ýurtda emele gelen täze ykdysady we durmuş-medeni gatnaşylklaryna uýgunlaşdyrmak bilen, öz raýatlarynyň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmakda belli bir üstünlikleri gazandy.

1-nji synpa giren, 5-nji synpa çenli okan okuwçylaryň paýy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

1-nji synpa giren, 5-nji synpa çenli okan okuwçylaryň paýy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM (2 Maksat, 3 Wezipe, 7a Indikator), MICS-3 57 indikator

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Indikator okuwçylaryň synpdan synpa geçmeklerini, şeýle-de onuň içerki netijeliligini saklamakda bilim ulgamynyň üstünliklerini ölçeýär.

Eger bu indikatoryň görkezijileri erbet bolsa, bilimiň hiliniň pes bolmagyny, ýaramaz ýetişikler bilen baglylykda sussypesligi we okuwa göni we gytaklaýyn harajatlary hem goşmak bilen munuň dürli sebäpleri bolýar. Okuwçylaryň uly synplara geçmegi hem mugallymlaryň, synp jaýlarynyň we okuw materiallarynyň bar bolmagy bilen çäklenip biler.

Kesgitleme:

1-nji synpa giren, 5-nji synpa çenli okan, 5-nji synpa çenli ýetmegiň derejesi hökmünde belli bolan okuwçylaryň paýy, bu belli mekdepde başlangyç bilim derejesiniň 1-nji synpyna kabul edilen we 5-nji synpa çenli ýeter diýip çaklanylýan okuwçylaryň toparynyň göterimi.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝUNISEF

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlary Köp görkezijili Klasterleýin Syndan we DHS-den standart usul arkaly alnyp biler we häzirki we geçen okuw ýyly üçin hem-de gatnaşygyň derejesi boýunça synp boýunça maglumaty öz içine alýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Maglumatlary öý hojalyklarynyň gözegçiliginden almak bolýar. Indikatory hasaplamak üçin zerur bolan goşmaça maglumat bilim boýunça soraglary öz içine alýan ýörite gözegçilikleriň hem-de Bilim ministrliginiň maglumatlary esasynda alnyp bilner.

Bellik:

Başlangyç bilimiň ähliumumy elýeterliligi we Ýer şarynda ýaşaýan ähli çagalaryň başlangyç bilimi almagy müňýyllygyň deklarasiýasynda Ösüş gurşawyndaky Maksatlaryň we (Çagalaryň ýaşaýyşy üçin ýaramly dünýä) hereketiniň Meýilnamasynda goýulan meseleleriň iň möhümleriniň biridir. Okuwçylaryň arasynda ýetişigi ýokarlandyrmakda Türkmenistan uly üstünlikleri gazandy.

Çagalaryň mekdebe cenli ýaşly çagalar edarasy bilen gurşalyp alnyşynyň umumy derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

Çagalaryň mekdebe cenli ýaşly çagalar edarasy bilen gurşalyp alnyşynyň umumy derejesi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator etrap, sebit we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC(Ugur 1), CCA, MDG (2 maksat, 3 wezipe, 6 indikator),MICS-3

Çagalaryň ýagdaýy boýunça 2002-nji ýylyň maýynda BMG Baş Assambleýasynyň ýörite sessiýasynda BMG agzalary-189 döwlet tarapyndan Kabul edilen «Çagalaryň ýaşaýşy üçin ýaramly dünýä» hereketiniň Meýilnamasy.

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Guramaçylykly mekdebe cenli ýaşly çagalar edaralarynda maşgala terbiýesinde ýetmezçilikleriň öwezi dolunýar we çaga ylmy taýdan esaslandyrylan bilimiň we terbiýäniň esasynda öz şahsyýetini degişlilikde optimal ösdürmäge mümkinçilik alýar. Çaga mekdebe cenli bilim almak bilen, geljekde özüniň ösüşi üçin kuwwatly mümkinçilik alýar.

Çagalaryň ýaşaýyşy üçin ýaramly dünýä» resminamasynda goýulan esasy maksatlaryň biri hem irki mekdebe çenli bilimi ösdürmekdir.

Kesgitleme:

Mekdebe cenli ýaşly çagalar edarasyna gatnaýan 1—6 ýaşyndaky çagalaryň sanynyň şu ýaşdaky çagalaryň umumy sanyna bolan gatnaşygy.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝUNISEF, BMG IG

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Çaganyň mekdepdäki sapaklara taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen çagalary mekdebe çenli edarasy irki ýaşly çagalary okatmak maksatnamalary bilen gurşalyp alnyşynyň umumy derejesini kesgitlemegiň çeşmesi bolup, öý hojalyklarynyň, ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligi, MICS, DHS ýaly gözegçilikleri hyzmat edip biler.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň Statiatika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň, öý hojalyklarynyň ýörite seçimleýin gözegçiliginiň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner.

Bellik:

Mekdebe cenli ýaşly çagalar edaralary hünär derejesi ýokary bolan, psihologiýa-mugallymçylyk ylymynyň gazananlary ugrundan, bilimi, başarnygy we endigi kemala getirmegiň usulyndan bilimi bolan terbiýeçiler bilen üpjün edilmeli. Oba ýerlerinde mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaly. Bu mesele ýurduň obalarynyň, şäherleriniň, etrapdaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýokary durmuş-ykdysady derejesini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti G. Berdimuhamedowyň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek (2008-nji ýyldan başlap) arkaly çözüler.

Başlangyç bilim bilen gurşalyp alnyşyň umumy koeffisiýenti

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

Başlangyç bilim bilen gurşalyp alnyşyň umumy koeffisiýenti

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator etrap, sebit we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM, MICS-3, ÇÝÝD

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Seredilýän indikator başlangyç bilime gatnaşygyň umumy derejesini, bilim ulgamynda resmi başlangyç mekdep ýaşyna ýetende ilata başlangyç synplarda okuwyň elýeterliligini üpjün etmek mümkinçiligini görkezýär.

Kesgitleme:

Başlangyç we orta mekdeplerde (1—3(4) synplar), ýöriteleşdirilen mekdeplerde, akyl ýa-da beden taýdan kemis çagalar üçin mekdeplerde okaýanlaryň sanynyň 7—9(10) ýaşyndaky hemişelik ilata bolan gatnaşygy.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝNISEF.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Başlangyç we orta mekdeplere gatnaşygyň hasaby adatça ýurdyň bilim ministrliklerinde ýöredilýär ýa-da gözegçilikleriň we ýazuwlaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär. Eger administratiw maglumat ýok bolsa, öý hojalyklarynyň gözegçilik maglumatlary ulanylyp bilner. MICS, DHS, ýaşaýyş derejesi ýaly halkara gözegçilikler hem mekdeplere gatnaşyk baradaky maglumatlary berýärler.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň, MICS-yň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Halkara we milli hasabatlylyk:

ÝUNISEF, BMG IG, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti.

Bellik:

Mekdep bilimi ulgamynda ähli synplarda okaýanlaryň sany güýçli depginde artýar. Başlangyç bilim bilen gurşalyp alnyşyň arassa koeffisiýenti örän ýokary we gyzlaryň we oglanlaryň arasynda düýpli tapawut ýok. Şunuň bilen birlikde, bilim ulgamynyň ähli derejelerinde okuw-material binýadyny berkitmek we giňeltmek, bilim edaralaryny häzirki zaman tehnikasy bilen enjamlaşdyrmak zerur.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Başlangyç bilim bilen gurşalyp alyşyň (başlangyç mekdep ýaşyndaky çagalar) arassa koeffisiýentini başlangyç synplara (mekdeplere) gatnaşýan ähli ýaşdaky çagalary hasaba alýan umumy koeffisiýentden tapawutlandyrmaly. Başlangyç bilim bilen gurşap alyşyň umumy koeffisiýenti adatça arassa koeffisiýentden ýokarydyr.

Orta bilim bilen gurşalyp alnyşyň umumy koeffisiýenti

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady

Orta bilim bilen gurşalyp alnyşyň umumy koeffisiýenti

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator etrap, sebit we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

MÖM, MICS, ÇÝÝD

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Seredilýän indikator orta bilime gatnaşygyň umumy derejesini, bilim ulgamynyň orta mekdeplerinde okuwyň ilata elýeterliligini üpjün etmek mümkinçiligini, orta hünärmenlik bilim ulgamynda differensirlenen okuwa geçmek mümkinçiligini ýa-da ýokary mekdeplere girmek mümkinçiligini görkezýär. Bu ýagdaýlary göz öňünde tutup, döwlet orta bilimiň zerurlygyny we hökmanylygyny döwlet kanunylyk derejesine galdyrdy.

Kesgitleme:

Orta mekdeplerde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, akyl ýa-da beden taýdan kemis çagalar üçin mekdeplerde okaýanlaryň sanynyň ilatyň düzüminde şu ýaş toparyndaky çagalaryň umumy sanyna bolan gatnaşygy.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝUNISEF.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Başlangyç we orta mekdeplere gatnasygyň hasaby adatça ýurduň bilim ministrliklerinde ýöredilýär ýa-da gözegçilikleriň we ýazuwlaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär. Eger administratiw maglumat ýok bolsa, öý hojalyklarynyň gözegçilik maglumatlary ulanylyp bilner. MICS, DHS, ýaşaýyş derejesi ýaly halkara gözegçilikleri hem mekdeplere gatnaşyk baradaky maglumatlary berýärler.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Orta bilim bilen gurşalyp alnyşyň koeffisiýenti Türkmenistanda ýokary.Hem başlangyç mekdep hem-de orta mekdep üçin jynslaryň gatnaşyk koeffisiýenti Türkmenistanda 1,00 deňdir, ol deňhukuklygy we oglanlaryň we gyzlaryň arasynda gatnaşyk derejesinde tapawydyň ýokdygyny görkezýär (MICS-3).

Mekdebe çenli bilimde gyzjagazlaryň oglanjyklara bolan gatnaşygy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

Mekdebe çenli bilimde gyzjagazlaryň oglanjyklara bolan gatnaşygy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator etrap, sebit we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM, MICS-3

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryna kabul etmegiň görkezijileriniň adalgalarynda ölçelýän bilim mümkinçilikleriniň deňliginiň indikatory adalatlylygy hem netijeliligi hem görkezýär. Bilimiň ähli derejelerinde gender tapawutlarynyň ýok edilmegi aýallaryň derejesini we mümkinçiliklerini berkitmäge kömek edýär. Aýallaryň bilimi hem ykdysady ösüşiň möhüm determinanty bolup durýar.

Kesgitleme:

Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda gyzjagazlaryň we oglanjyklaryň mynasybeti — bu mekdebe çenli bilim derejesine kabul edilen gyzlaryň sanynyň oglanlaryň sanyna bolan gatnaşygy.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝUNISEF.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Okuw jaýlaryna kabul etmek boýunça maglumatlar adatça ýurduň bilim ministrliginde ýazylýar ýa-da gözegçilikleriň we ilat ýazuwlarynyň netijelerinden anyklanylýar. Eger administratiw maglumatlar ýok bolsa, öý hojalyklarynyň gözegçiligi adatça kabul ediş baradaky maglumatlary däl-de, gatnaşyklaryň netijelerini ölçese-de, öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlaryndan peýdalanmak bolýar. Halkara gözegçilikleriň arasynda mekdeplere gatnaşyk barada maglumatlar MICS, DHS we ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligi tarapyndan berilýär.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ýörite seçimleýin gözegçilikleriň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner.


Başlangyç bilimde gyzjagazlaryň oglanjyklara bolan gatnaşygy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

Başlangyç bilimde gyzjagazlaryň oglanjyklara bolan gatnaşygy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator etrap, sebit we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (3 Maksat, 4 Wezipe, 9 Indikator), MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryna kabul etmegiň görkezijileriniň adalgalarynda ölçelýän bilim mümkinçilikleriniň deňliginiň indikatory adalatlylygy hem netijeliligi hem görkezýär. Bilim — adam ösüşiniň iň möhüm jähtleriniň biridir. Bilimiň ähli derejelerinde gender tapawutlarynyň ýok edilmegi aýallaryň derejesini we mümkinçiliklerini berkitmäge kömek edýär. Aýallaryň bilimi hem ykdysady ösüşiň möhüm determinanty bolup durýar.

Kesgitleme:

Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda gyzjagazlaryň we oglanjyklaryň gatnaşygy — bu döwlet we şahsy mekdebiň başlangyç derejesine kabul edilen gyzjagazlaryň sanynyň oglanjyklaryň sanyna bolan gatnaşygy.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝUNISEF.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Okuw jaýlaryna kabul etmek boýunça maglumatlar adatça ýurduň bilim ministrliginde ýazylýar ýa-da gözegçilikleriň we ilat ýazuwlarynyň netijelerinden anyklanylýar. Eger administratiw maglumatlar ýok bolsa, öý hojalyklarynyň gözegçiligi adatça mekdepleriň habar berýän kabul ediş baradaky maglumatlary däl-de, öz gatnaşyklarynyň netijelerini ölçese-de, öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlaryndan peýdalanmak bolýar. Halkara gözegçilikleriň arasynda mekdeplere gatnaşyk barada maglumatlar MICS, DHS we ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligi.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiliginiň maglumatlarynyň we beýleki ýörite seçimleýin gözegçilikleriniň esasynda alnyp bilner.

Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Köp görkezijili Klasterleýin Synyň (MICS-3, 2006 ý.) maglumatlary boýunça Türkmenistanda hem başlangyç mekdep üçin hem orta mekdep üçin jynslaryň gatnaşyk koeffisiýenti 1,00-e deň, bu oglanlar we gyzlaryň arasynda okuwa gatnaşygyň derejesinde deň hukuklylyk barada we tapawudyň ýoklugyna şaýatlyk edýär.

Orta bilimde gyzlaryň oglanlara bolan gatnaşygy

Теmasy:

Bilim

Indikatoryň ady:

Orta bilimde gyzlaryň oglanlara bolan gatnaşygy

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator etrap, sebit we milli derejelerde jynsy we ýaşy boýunça işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (3 Maksat. 4 Wezipe, 9 Indikator), MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Mekdebe kabul etmegiň görkezijileriniň adalgalarynda ölçelýän bilim mümkinçilikleriniň deňliginiň indikatory adalatlylygy hem netijeliligi hem görkezýär. Bilim — adam ösüşiniň iň möhüm jähtleriniň biridir. Bilimiň ähli derejelerinde gender tapawutlarynyň ýok edilmegi aýallaryň derejesini we mümkinçiliklerini berkitmäge kömek edýär. Aýallaryň bilimi hem ykdysady ösüşiň möhüm determinanty bolup durýar.

Kesgitleme:

Orta bilimde gyzlaryň we oglanlaryň mynasybeti — bu döwlet mekdebiniň orta derejesine kabul edilen gyzlaryň sanynyň oglanlaryň sanyna bolan gatnaşygy.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNESKO-nyň statistika instituty, ÝUNISEF.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Okuw jaýlaryna kabul etmek boýunça maglumatlar adatça ýurduň bilim ministrliginde ýazylýar ýa-da gözegçilikleriň we ilat ýazuwlarynyň netijelerinden anyklanylýar. Eger administratiw maglumatlar ýok bolsa, öý hojalyklarynyň gözegçiligi adatça mekdepleriň habar berýän kabul ediş barada maglumatlary däl-de, öz gatnaşyklarynyň netijelerini ölçese-de, öý hojalyklarynyň gözegçiliginiň maglumatlaryndan peýdalanmak bolýar. Halkara gözegçilikleriň arasynda mekdeplere gatnaşyk barada maglumatlar MICS, DHS we ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligi tarapyndan berilýär.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy: 

Maglumat çeşmeleri:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň administratiw hasabatynyň maglumatlary. Indikator üçin zerur bolan goşmaça maglumat ilatyň Ýaşyş derejesiniň gözegçiliginiň we beýleki ýörite seçimleýin gözegçilikleriň maglumatlarynyň esasynda alnyp bilner.

Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.