Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy | Ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy görkezijilerini hasaplamagyň konsepsiýasy we usulyýetiI  

Ykdysadyýet we garyplyk

Garyplygyň milli çäginden daşary ilatyň göterimi

(garyplygyň koeffisiýenti)

Umumy maglumat:

Теmasy:

Ykdysadyýet we garyplyk

Indikatoryň ady:

Garyplygyň milli çäginden daşary ilatyň göterimi (garyplygyň koeffisiýenti)

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa, göterim gatnaşygy

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), CCA, MÖM (1 Maksat, 1 Wezipe, 1b indikator).

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýinl we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ýurduň milli standartlar boýunça garyp hasaplanylýan ilatynyň paýyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Ýurtlarda geçirilen garyplygyň seljermesiniň köp bölegi garyplygyň milli çägine esaslanýar. Garyplygyň milli çägi dürli ýurtlarda girdejiniň ýurtdaky ortaça derejesi bilen satyn alyjylyk ukyby boýunça ösüş meýline eýedir (garyplygyň deňeşdirme çägi).

Kesgitleme:

Garyplygyň koeffisiýenti — bu girdejileri döwletiň Hökümeti tarapyndan bellenen resmi iň pes derejeden az bolan ilatyň paýy. Garyplygyň milli çägi adatça dürli gerimli maşgalalar hasaba alnar ýaly dürli düzümli öý hojalyklary üçin bellenilýär. Haçan-da garyplygyň resmi çägi ýok bolsa, ony diňe iýmitlenmek ýa-da iýmitlenmek hemde ýaşamak üçin zerur bolan bir zatlar almak üçin zerur bolan girdeji derejesi hökmünde kesgitlemek mümkin.

Öňde baryjy gurama:

Aziýa Ösüş Banky, Bütindünýa Banky, Global Ekologiýa Gaznasy, ÝUNISEF, BMG IG, BSGG.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Natural görnüşde girdejileri hem goşmak bilen öý hojalyklarynyň girdejileri, sarp edişi we çykdajylary barada maglumatlar adatça öý hojalyklarynyň býujetleriniň gözegçilikleri ýa-da girdejileri we çykdajylary öz içine alýan beýleki gözegçilikler arkaly ýygnalýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Öý hojalyklarynyň aýlyk seçimleýin gözegçiliginiň maglumatlary. Seçimleýin gözegçilikler. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — çärýeklik.

Bellik:

Garyplygyň milli we halkara çäklerini peýdalanmak zerur. Girdejisi kabul edilen pes derejeden az bolan öý hojalyklarynyň sany bahalandyrylanda, gender tapawutlaryny bahalandyrmak üçin öý hojalyklarynyň arasynda bir adamdan ybarat bolan we ata-enesiniň birsi bolan maşgalalarda garyp öý hojalyklarynyň paýyna uly üns berilmeli.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň hakyky jemi içerki önüminiň ösüşi ykdysadyýetiň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Munuň netijesinde eýýäm 2000-nji ýylda satyn alyjylyk ukyby (SAU) boýunça pul girdejisi bir günde bir adama ABŞ-nyň 2,15 dollary bolan (orta girdejili ýurtlar üçin garyplygyň absolýut çägi) garyplaryň paýy 0,71%-e çenli peseldi, 2001 ýylda şeýle kategoriýaly ilat ýokdy (0%). Ýaşaýyş derejesiniň gowulanandygyna 1997-nji ýyldan başlap ýurduň ilatynyň hakyky pul girdejileriniň ýyl-ýyldan artmagy şaýatlyk edýär.

Döwlet býujetiniň bilime çykdajylary

Umumy maglumat:

Теmasy:

Ykdysadyýet we garyplyk

Indikatoryň ady:

Döwlet býujetiniň bilime çykdajylary

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator regional we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu indikator döwlet tarapyndan bilim bölegine hökümet tarapyndan olar üçin bölünip berilýän harajatlar arkaly berilýän ileri tutulmalary görkezýär. Ol adam baýlygyny döretmek we goldamak üçin niýetlenilen milli serişdeleriň paýyny ölçeýär.

Kesgitleme:

Şu maliýe ýylynda umumy hökümet (döwlet) harajatlaryna göterimde aňladylan bilim üçin umumy harajatlar.

Öňde baryjy gurama:

Bütindünýä Walýuta Gaznasy, Bütündünýä banky,BMG ÖG, ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG IG.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Halkara standartlaryna laýyklykda döwlet maliýesiniň statistiki obýekti — bu ýerli öz-özüni dolandyryş maliýesini goşmak bilen, dolandyryşyň ähli derejesiniň maliýesidir.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Türkmenistanyň maliýe ministrliginiň ýyllyk maliýe hasabatlary; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatlary, bilim bilen meşgullanýan dürli dolandyryş edaralarynynyň, hususanda Bilim ministrliginiň maliýe hasabatlary. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Bu indikator bölekler boýunça paýlanyşda tapawutlary duýmaýar. Göni deňeşdirijilik merkezi hökümet tarapyndan ýerli dolandyryş edaralaryna we hususy we döwlet bölekleriniň tutýan dürli orunlaryna ygtyýarly edilen dürli administratiw we býujet jogapkärçilikleri bilen kynlaşdyrylýar.

Döwlet býujetiniň saglygy goraýşa çykdajylary

Umumy maglumat:

Теmasy:

Ykdysadyýet we garyplyk

Indikatoryň ady:

Döwlet býujetiniň saglygy goraýşa çykdajylary

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Proporsiýa

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu indikator döwlet tarapyndan saglygy goraýyş bölegine hökümet tarapyndan olar üçin bölünip berilýän harajatlar arkaly berilýän ileri tutulmalary görkezýär. Ol adam baýlygyny döretmek we goldamak üçin niýetlenilen milli serişdeleriň paýyny ölçeýär.

Kesgitleme:

Şu maliýe ýylynda umumy hökümet harajatlaryna göterimde aňladylan saglygy goraýyş üçin umumy harajatlar.

Öňde baryjy gurama:

Bütindünýä Walýuta Gaznasy, Bütündünýä Banky, BMG ÖG, ÝUNISEF, BMG IG, BSGG.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Hökümet (döwlet) çykdajylary baradaky ýyllyk maliýe hasabatlary.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Türkmenistanyň maliýe ministrliginiň ýyllyk maliýe hasabatlary; Türkmenistanyň Statiatika baradaky döwlet komitetiniň hasabatlary we saglygy goraýyş bilen meşgullanýan dürli dolandyryş edaralarynyň, hususanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maliýe hasabatlary. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Bu indikator bölekler boýunça paýlanyşda tapawutlary duýmaýar. Göni deňeşdirijilik ýerli merkezi hökümet tarapyndan ýerli dolandyryş edaralaryna we hususy we döwlet bölekleriniň tutýan dürli orunlaryna ygtyýarly edilen dürli administratiw we býujet jogapkärçilikleri bilen kynlaşdyrylýar.

Şu indikator boýunça salgylanma

Saglygy goraýyşa döwlet býujetiniň çykdajylaryndan başga-da, Türkmenistanda 1996-njy ýylyň ýanwaryndan meýletin medisina ätiýaçlandyrmasynyň girizilendigini, onuň tölegleriniň 1998-nji ýylyň martyna çenli döwlet býujetine girendigini hem hasaba almalydyr. 1998-nji ýylyň martynda Saglygy goraýyş Gaznasy döredildi, meýletin medisina ätiýaçlandyrmasynyň ätiýaçlandyryş tölegleri, ýygymlardan we beýleki hökmany töleglerden girdejiler, tölegli medisina hyzmatlaryndan girdejiler, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň girdejilerinden geçirilen girdejiler onuň maliýe çeşmesi boldy. 2008-nji ýylyň fewfalynda Gazna ýatyryldy, onuň serişdeleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Merkezi bankyndaky ýörite hasabyna we býujetden daşary hasabyna geçirildi. Mundan başga-da raýatlaryň medisina ätiýaçlandyrmasy durmuşda iň wajyp dermanlyk serişdelerini 90% aşaklandyrylan bahalarda we tölegli medisina hyzmatlaryny 50% aşaklandyrylan bahalarda almaklygy göz öňünde tutýar.

Jemi Içerki Önüm

Umumy maglumat:

Теmasy:

Ykdysadyýet we garyplyk

Indikatoryň ady:

Jemi Içerki Önüm (JIÖ)

Ölçeg birligi:

Milli walýuta

Ölçegiň görnüşi:

Pul

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator ilatyň adam sanyna regional we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

JIÖ — milli hasaplar ulgamynyň esasy indikatorlarynyň biri; ýurtda döredilen ahyrky harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatyny häsiýetlendirýär. Ykdysady ösüşiň depginlerini we derejesini, ykdysadyýetiň düzümini we önümiň dürli maksatlar üçin ulanylyşyny görkezmek üçin peýdalanylýar. Türkmenistan şu indikator boýunça täsir galdyryjy netijelere eýedir.

Kesgitleme:

JIÖ üç usul bilen hasaplanyp bilner: önümçilik, çirdejileri peýdalanmak usuly we girdejileriň çeşmeleri boýunça JIÖ düzmek usuly.

Önümçilik usuly bilen hasaplanylanda JIÖ bir tarapdan, ýurt boýunça goýberilen jemi harytlaryň we hyzmatlaryň we beýleki tarapdan aralyk sarp edilşiň arasyndaky tapawut hökmünde, ýa-da ykdysadyýetiň pudaklarynda döredilýän goşmaça gymmatlaryň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Şunlukda pudaklar boýunça goşulan gymmatyň möçberi esasy bahalarda hasaplanylýar. Ýagny, önümlere salgytlar girizilmeýär, ýöne önümlere subsidiýalar girizilýär. JIÖ bazar nyrhlarynda hasap çykarmak üçin önümlere arassa (önümlere subsidiýalar aýrylýar) salgydy goşmak zerur.

Öňde baryjy gurama:

Bütindünýä Pul Gaznasy(BPG), Bütindünýä Banky, BMG,Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasy (YHÖG), Ýewrostat.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Hojalyklary dolandyrýan aýry-aýry subýektleriň we şeýle subýektler toparynyň ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady işler baradaky hasabatlary, hem-de seçimleýin gözegçilikleri we statistiki gözegçiligiň beýleki görnüşlerini geçirmek arkaly alynýan maglumatlar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Hasaplama görkezijisi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi maglumatlary, Maliýe ministrliginiň, Merkezi Bankyň hasabatlary, gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýete baha bermek üçin öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçilikleri we beýlekiler. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Halkara we milli hasabatlylyk:

Bütindünýä Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky, BMG, Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB).

Bellik:

Halkara standartlaryna we HPG-nyň maslahatlaryna laýyklykda çärýekleýin JIÖ hasaplamasyny girizmek zerur. Munuň üçin Türkmenistanyň maliýe ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezleşdirilen we Ýerli býujetleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlaryň, Merkezi Bankyň çärýekler boýunça maglumatlarynyň berilişiniň çaltlygyny güýçlendirmeli. JIÖ-niň welaýatlar we Aşgabat şäheri derejesinde jemi sebitleýin önümiň (JSÖ) hasaplamalarynyň ornaşdyrylmagy zerur. Ýokarda agzalanlar bilen baglylykda durmuş gurşawynda we maliýe böleginde jemi goýberlişi, aralyk sarp edişi we goşulan gymmaty hasaplamak üçin Türkmenistanyň maliýe ministrligi we Merkezi Bank tarapyndan sebitler boýunça maglumatlaryň öz wagtynda berilmegi zerur.

Ilatyň adam sanyna düşýän jemi içerki önüm (JIÖ)

Umumy maglumat:

Теmasy:

Ykdysadyýet we garyplyk

Indikatoryň ady:

Ilatyň adam sanyna düşýän Jemi Içerki Önüm (JIÖ)

Ölçeg birligi:

Satyn Alyjylyk Ukyby (SAU) boýunça ABŞ-nyň dollarynda

Ölçegiň görnüşi:

Pul

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

SAU (satyn alyjylyk ukyby) — bu aýry-aýry ýurtlarda nyrhlaryň tapawudyny üns merkezinde saklamak bilen hümmetleri gaýtadan hasaplamak koeffisiýentleridir. Deňeşdiriş seljermesinde ulanylýan SAU, bir bitewi usulyýet esasynda hasaplanyp çykarylýar. Ol milli ykdysadyýetleriň möçberine walýutalaryň gündelik hümmetini ulanmaklyga esaslanýan deňeşdirmä garanyňda has anyk baha bermäge mümkinçilik berýär. Hasaplamalar üçin aýry-aýry ýurtlarda (JIÖ halkara tapgyrlaryna gatnaşýan ýurtlarda) birmeňzeş häsiýetnamalary bolan harytlaryň we hyzmatlaryň deňeşdirip bolýan sebedi ulanylýar. SAU boýunça adam sanyna düşýän JIÖ Türkmenistanda ýyldan-ýyla, aýratynda 2000-nji ýyldan bäri durnukly ösýär.

Kesgitleme:

Bar bolan ilatyň ortaça ýyllyk sanyna satyn alyjylyk ukyby boýunça ABŞ dollarynda JIÖ-niň möçberiniň gatnaşygy bilen

Öňde baryjy gurama:

BMG, Bütindünýä Banky, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy (YHÖG), Ýewrostat.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Halkara deňeşdirmeleriniň zerurlygy iki we ondan köp ýurtlaryň özara hereketi bolan ýagdaýlarda ýüze çykýar. Halkara deňeşdirmeleriň netijelerini almak üçin her bir ýurdyň JIÖ -mi JIÖ-niň ahyrky ulanylyşynyň düzimi boýunça (öý hojalyklarynyň ahyrky sarp edişe çykdajylary, döwlet edaralarynyň ahyrky sarp edişe çykdajylary, maýa goýumlaryň jemi toplanmagy we harytlaryň we hyzmatlaryň arassa eksporty) bir näçe birmeňzeş haryt toparlaryna («ilkinji toparlar») bölünýärler. Işe görä her bir ýurt özüniň milli sarp edişiniň düzimi üçin häsiýetli bolan birden az bolmadyk önümi ilkinji topara girizýär. Anyk sarp ediliş häsiýetnamasyna laýyklykda her bir haryt hakyky milli bazar bahasy boýunça bahalandyrylýar. Ilkinji toparlar sarp ediş we maýa goýum harytlaryny öz içine alýarlar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Hasaplama görkezijisi. Türkmenistanyň Statiatika baradaky döwlet komitetiniň, Maliýe ministrliginiň, Merkezi Bankyň we beýlekileriň hasabatlary. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Türkmen ykdysadyýetiniň gerimlerini (JIÖ) dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirmek diňe satyn alyjylyk ukybynyň binýadynda amala aşyrylyp bilner. Ol ykdysadyýetde öndürilen ähli harytlar we hyzmatlar boýunça dünýä we içerki nyrhlaryň gatnaşygyny görkezýär. Halkara deňeşdirmelerine şeýle çemeleşme Türkmenistan üçin örän möhüm, sebäbi ilkinji nobatda zerur bolan harytlara we hyzmatlara nyrhlaryň we tarifleriň pesligi, ýokary nyrh subsidiýalary, dotasiýalary (natural transfertler) bilen baglylykda alyş-çalyş hümmetiniň we SAU-nyň arasynda düýpli tapawut bar.

Şu indikator boýunça maglumat alamak üçin ýüzlenmek:

JIÖ-i deňeşdirmek halkara Maksatnamasyna Türkmenistan 1996-njy we 2000-nji ýyllarda gatnaşdy. Halkara deňeşdirmeler — 3—5 ýyldan bir gezek sebitleýin ýörelgesi boýunça geçirilýär. Deňeýdirmeler halkara guramalary tarapyndan onuň ähli agzalary üçin usulyýet taýdan ylalaşylan netijeleri gazanmak maksady bilen milli statistiki gulluklaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.