Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy | Ilat öwrenişiň we ösüşiň esasy görkezijilerini hasaplamagyň konsepsiýasy we usulyýetiI  

Demografiýa


Ilatyň umumy sany

Umumy maglumat:

Теmasy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

Ilatyň umumy sany

Ölçeg birligi:

Adam

Ölçegiň görnüşi:

Dereje

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator jynsy, ýaşy, bäş ýaşly toparlary boýunça etrap, sebit we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

IÖHK, СCA

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ilatyň düzümindäki bolup geçýän üýtgeşmeleri dogry bahalandyrmak üçin, demografik prosesleriň meýillerini we kanunalaýyklygyny seljermek üçin görkezijileriň bitewi ulgamy döredildi, onuň esasynda ilatyň üznüksiz köpeliş meseleleri, onuň sanynyň ösüşi we ýurduň çägi boýunça ýerleşişi, jynsy, ýaşy, maşgala ýagdaýy, milleti, bilim derejesi, durmuşy ýagdaýy boýunça ilatyň düzümi öwrenilýär.

Kesgitleme:

Ilat — belli bir çäkde ýaşaýan ilatyň jemi.

Bar bolan ilat hemişelik ilatdan emele gelýär, oňa wagtlaýyn ýaşaýanlar goşulýar we wagtlaýyn ýoklar aýrylýar.

Hemişelik ilata wagtlaýyn ýoklary goşmak bilen, hemişe şu çäkde ýaşaýan adamlar degişli.

Ilatyň jynsy we ýaşy boýunça sany çaga dogluşyny, ölümçiligiň ýaş görkezijilerini, migrasiýanyň tapawudyny we administratiw-çäk özgertmelerini hasaba almak bilen, ýaşlaryny süýşürmek arkaly hasaplanylýar.

Ýylyň başyna ilatyň sanynyň häzirki bahalandyrmasy geçen ýyldaky ilatyň sanynyň esasynda amala aşyrylýar, oňa doglanlaryň we şu çäge gelenleriň sany goşulýar, ölenleriň we şu çäkden gidenleriň sany aýrylýar. Doglanlaryň sanyna diňe diri doglanlar goşulýar. Şunlykda, administratiw-çäk özgertmeleri netijesinde ilat sanynyň üýtgemegi hem hasaba alynýar.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNISEF, BMG-nyň Ilat öwreniş boýunça departamenti, Demografik Barlagyň Taslamasy, (MEASURE/DHS), Köp görkezijili Klasterleýin Synyň Maksatnamasy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Demografik we durmuş-ykdysady häsiýetli has doly maglumat ilat ýazuwynda alynýar. Ilat ýazuwynyň maglumatlary ilat barada maglumatlaryň häzirki bahalandyrmalaryny anyklamaga, jynsy, ýaşy, bilim derejesi, jemgyýetçilik toparlary, milleti we ş.m. boýunça onuň düzümi barada toplumlaýyn maglumat almaga mümkinçilik berýär. Ilat ýazuwy bilen bir hatarda ilat baradaky maglumaty öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi geçirilende hem almak bolýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Uçdantutma ilat ýazuwy, seçimleýin ilat ýazuwy, demografik ýagdaýyň gündelik hasaby. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy (çaga dogluşy, ölüm, nikalar we aýrylyşmalar) ilatyň gündelik tebigy hereketi baradaky maglumatlar çeşmesidir. Ilatyň migrasiýsynyň (mehaniki hereket) gündelik hasaby geliş (gidiş) kagyzlaryna statistiki hasaba alyş talonlarynyň esasynda alnyp barylýar.

Ilatyň sanynyň ortaça ýyllyk üýtgeýşi

Umumy maglumat

Теmаsy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

Ilatyň sanynyň ortaça ýyllyk üýtgeýşi

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Etrap(raýon) we sebit (welaýat — oblast we paýtagt- Aşgabat şäheri) derejeleri

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu ilat öwrenişiň hemme zady öz içine alýan indikatory. Ol ýurtda demografik meýilleri deňeşdirmek üçin zerur. Ölümçiligiň derejesi (koeffisiýenti), çaga dogluşynyň derejesi (koeffisiýenti) we migrasiýa ilatyň möçberini we onuň geljekde ösüş mümkinçiligini kesgitleýär.

Kesgitleme:

Bu anyk döwürde ilatyň sanynyň üýtgemeginiň ortaça ýyllyk koeffisiýenti. Iki wagt nokady aralygynda ilatyň ösüş koeffisiýenti adatça ýylda göterim birliklerinde şertli aňladylan eksponensial ösüş depgini hökmünde kesgitlenilýär. Ilatyň ortaça ýyllyk üýtgeýşi ýa-da ösüş depgini hem ilatyň tebigy ösüşiniň koeffisiýenti bilen migrasiýanyň arassa koeffisiýentini goşup hasaplanylýar.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNISEF, BSGG, BMG IG

Zerur maglumat çeşmesi:

Ilatyň ösüş depgini ýa ilat ýazuwynyň maglumatlaryndan, ýa-da bellige alyş maglumatlaryndan (çaga dogluşy, ölümçilik we migrasiýa) hasaplanylyp bilner. BMG ýurtlara ilat ýazuwyny her 10 ýyldan geçirmegi maslahat berýär we bu maglumatlar ilat ýazuwynyň arasynda ilatyň ösüş depginlerini hasaplamak üçin peýdalanylyp bilner.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Maglumatlar ilatyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň esasynda ýygnalýar: doglan çagalar, ölenler, milli we sebitleýin derejelerde gelenler we gidenler, Adalat ministrligi tarapyndan ýöredilýän raýat ýagdaýynyň namalarynyň kitabynda bellige alnanlar. Migrasiýa deklarasiýasy Içeri işler ministrligi tarapyndan ýygnalýar; daşary ýurt raýatlaryny bellige alýan migrasiýa gullugy serhetden geçmek barada maglumatlary goşmak bilen, daşary ýurtlylar barada goşmaça maglumatlary ýygnaýar.

Çaga doglanda ömrüniň garaşylýan dowamlylygy

Umumy maglumat:

Теmasy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

Caga doglanda ömrüniň garaşylýan dowamlylygy

Ölçeg birligi:

Ömrüniň ýyllary

Ölçegiň görnüşi:

Ortaça ulylyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator jynsy, ýaşy boýunça sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Bu görkeziji ölümçilik we ýaşaýşyň hili deňeşdirilende peýdaly. Ölümçilik, çaga dogluşy, migrasiýa ilatyň möçberini we onuň geljekde ösüş mümkinçiligini kesgitleýär. Ömrüň dowamlylygy öz nobatynda ösüşiň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan saglygy goraýşyň şertleri bilen berk baglanyşykly.

Kesgitleme:

Nesliň bütin ömrüniň dowamynda ölümçilik derejesi her bir ýaşda häzirki döwürdäki ýaly galan şertinde doglan bir adamyň ortaça ýaşamaly ýyllarynyň sany.

Öňde baryjy gurama:

ÝUNISEF, BMG-nyň Ilat öwreniş boýunça departamenti, Demografik Barlagyň Taslamasy, (MEASURE/DHS), Köp görkezijili Klasterleýin Synyň Maksatnamasy.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmeleri:

Ölümçiligiň we ömrüň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň tablisalarynyň hasaplamasynyň netijesinde alynýar. Ähli ýaşlarda ölümçiligiň häzirki zaman derejesiniň has adekwat umumylaşdyryjy häsiýetnamasy bolup durýar.

Hasaplamalaryň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Eger hemişelik ýaşaýan ilat etalon hatary hökmünde kabul edilýän bolsa, onda demografik maglumatlaryň esasy berk bolar. Diýmek, bu gurşawda bar bolan maglumatlardan has doly peýdalanylmagy geljekki işiň esasy maksady bolar.

Çaga dogluşynyň umumy koeffisiýenti

Umumy maglumat:

Теmasy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

Çaga dogluşynyň umumy koeffisiýenti

Ölçeg birligi:

Bir aýala çagalaryň sany

Ölçegiň görnüşi:

Ortaça ulylyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Ilatyň çaga dogluşynda bolup geçýän üýtgeşmeleri bahalandyrmak bilen, çaga dogluşynyň peseliş prosesiniň ilatyň ýaşaýşynyň ykdysady we durmuş şertlerinde bolup geçýän global ewolýusion prosesleriň netijesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şäher ilatly ýerleriň sanynyň artmagy, şäherleriň içerki durmuş-ykdysady düzüminiň kämilleşmegi we oba ýerleriniň şäherleşmegi bilen, ilatyň durmuş kadalarynda, şol sanda reproduktiw özüni alyp barşynda hil taýdan üýtgeşmeler bolup geçdi.

Reproduktiw özüni alyp baryşyň we degişlilikde ilatyň çaga dogluşynyň düzgüniniň kadalarynyň üýtgemegi, ilkinji nobatda, ewolýusion ösüşiň dowamynda maşgalanyň hereket etmeginiň häsiýetiniň üýtgemeginiň netijesi bolup durýar.

Kesgitleme:

Çaga dogluşynyň jemi koeffisiýenti bir aýalyň onuň reproduktiw ýaşynyň dowamynda her bir ýaşda bar bolan çaga dogluş derejesini saklamak bilen, ortaça näçe çaga dogrup biljekdigini görkezýär. Bir ýaşly ýa-da bäş ýaşly toparlar boýunça hasaplanan çaga dogluşynyň ýaş koeffisiýentleriniň jemi hökmünde hasaplanylýar.

Öňde baryjy gurama:

BMG-nyň Ilat öwreniş, Ykdysady we Durmuş Işleri boýunça departamenti, BMG-nyň statistika bölümi, Demografik Barlagyň Taslamasy, (MEASURE/DHS), Köp görkezijili Klasterleýin Synyň Maksatnamasy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyş ulgamynyň doly gurşalyp alnyşy we ýokary hili — çaga dogluşyny kesgitlemegiň makul bilinýän serişdesi. Ýöne, köp ýurtlarda şeýle ulgam ýok. Şeýlelikde köp ýurtlarda ilat ýazuwy we öý hojalyklarynyň göni (çaga dogruşyň doly taryhy barada meseleler) ýa-da gytaklaýyn (doglan we häzire çenli diri çagalaryň sany barada meseleler) usullardan peýdalanylýan gözegçilikleri esasy maglumat çeşmesi bolup durýar. Ilatyň saglygyna degişli maglumatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýygnalýar. Çaga dogluşynyň derejesinde bolup geçýän üýtgeşmeleri has anyk kesgitlemek üçin düzüm faktorlarynyň täsirinden eliminirlenen koeffisiýentlerden peýdalanylýar. Çaga dogluşynyň ýaş we jemi koeffisiýentleri has kabul ederlikli görkeziji bolup durýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Bu maglumat raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyşyndan alnyp bilner. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň (TSG we DSM) maglumatlary goşmaça çeşme bolup hyzmat eder. Indikator üçin zerur bolan maglumat seçimleýin gözegçilikleriň maglumatlarynyň hususanda, Saglygy goraýyş — Demografik gözegçilik (DHS) (SGDG-2000 ý.), MIKS-3 (2006 ý.) esasynda bahalandyrylyp bilner. Tabşyrmagyň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Demografik hadysalaryň, şol sanda çaga dogluşynyň RÝNÝ edaralary tarapyndan hasaba alnyşynyň ýaramazlaşmagy demografik proseslerde hakyky ýagdaýy kesgitlemek üçin beýleki çeşmelerden peýdalanmak zerurlygyny görkezýär. Emele gelen şertlerde seçimleýin durmuş-demografik gözegçilikleriň netijelerinden hem-de SG we DSM-niň maglumatlaryndan peýdalanylmagy has kabul ederlikli bolup durýar.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, DHS (2000 ý.), MICS-3, Türkmenistan (2006 ý.).

Kontraseptiwleriň peýdalanylyş derejesi

Umumy maglumat:

Теmasy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

Kontraseptiwleriň peýdalanylyş koeffisiýenti

Ölçeg birligi:

Göterim

Ölçegiň görnüşi:

Göterim gatnaşygy

Toparlara bölmek/ derejesi:

Bu görkeziji sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM (6 Maksat, 7 Wezipe, 19 c Indikator), MICS-alternatiw.

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Indikator saglygy goraýyşda maksatlara, gender maksatlaryna, garyplyk bilen baglanyşykly maksatlara ýetmekde ösüşe gözegçilik etmek üçin peýdaly. Ol şeýle-de köp maksatlara, aýratyn-da çaga we ene ölümçiligi bilen, AIW/AIDS bilen baglanyşykly köp maksatlara ýetmek üçin möhüm bolan reproduktiw saglyk gullugynyň elýeterliliginiň gytaklaýyn ölçegi bolup hyzmat edýär. Kontraseptiwden peýdalanylmagynyň artmagy ösüp barýan ýurtlarda çaga dogluşy we peselmegi meselesinde ýeke-täk möhüm determinat bolup durýar. Saglygy goraýşyň möhüm düzüji bölekleriniň biri hökmünde kontraseptiwleriň giňden ýaýramagy maşgalany meýilleşdirmegi goşmak bilen, saglygy goraýyş reproduktiw hyzmatlary ýerine ýetirmekde ösüşiň görkezijisi hasaplanylyp bilner.

Kesgitleme:

Kontraseptiwleriň peýdalanylyş koeffisiýenti — bu görkezilen wagtda kontrasepsiýanyň haýsy hem bolsa bir görnüşinden peýdalanýan reproduktiw ýaşdaky aýallaryň göterimi (ýa-da jynsy hyzmatdaşlary peýdalanýanlar). Adatça bu nikada duran ýa-da jynsy hyzmatdaşlykda bolan 15—49 ýaşyndaky aýallar boýunça habar berilýär. Aýallaryň we erkekleriň sterilizasiýasyny, inýeksion we oral gormonlary, ýatgynyň içindäki göwreli bolmaklyga garşy serişdeleri, kolpaçoklary, spermisidleri, prezerwatiwleri, maşgalany tebigy meýilleşdirmegi, arasy kesilen jynsy gatnaşygy, usullaryň biri hökmünde jynsy gatnaşykdan saklanmagy we laktasion amenoreýany öz içine alýan kontrasepsiýa usullary göz öňünde tutulýar.

Öňde baryjy gurama:

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Kontraseptiwlerden peýdalanylmagynyň derejesi boýunça maglumatlar öý hojalyklarynyň gözegçiliginden, köp sanly indikatorlaryň klasterleýin gözegçiliginden we kontraseptiwlerden peýdalanylyşynyň derejesiniň gözegçiliginden alynýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Maglumatlar reproduktiw ýaşdaky aýallaryň seçimleýin gözegçiliginden alynýar. Hususanda, 2000-nji ýylyň Saglygy goraýyş — Demografik gözegçiligi (DHS), MICS −3, 2006 ýyl. Gözegçilikleriň köpüsi ýurduň içinde esasy sebitleriň, şonuň ýaly-da tutuş döwletiň bahalandyrmalaryny özünde jemleýär. Goşmaça çeşme bolup SG we DSM-niň maglumatlary hyzmat edip biler.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Gurbansoltan eje adyndaky enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkezi (EÇSGYKM), Тürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, DHS, Türkmenistan 2000 ý., Каlwerton, Мerilend, ABŞ: EÇSGYKM we ORC Macro, MICS −3, Türkmenistan, 2006 ý.

5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçilik koeffisiýenti

Umumy maglumat:

Тemasy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçilik koeffisiýenti

Ölçeg birligi:

Diri doglanlaryň müňine

Ölçegiň görnüşi:

Promille

Toparlara bölmek/ derejesi:

Bu görkeziji jynsy we ölümiň sebäpleri boýunça sebitleýin we milli derejelerde işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

FoC (Ugur 1), IÖHK, CCA, MÖM (4 Maksat, 5 Wezipe, 13 Indikator), MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Çaga ölümçiliginiň kemelmegi — ösüşiň iň giňden goldanylýan maksatlarynyň biridir. Bu indikator kiçi ýaşdaky bäbekleriň we çagalaryň ölümçiliginiň göterimine degişli we şol sebäpli ol keselleriň we ölümiň beýleki sebäpleriniň bäbeklere we kiçijik çagalara ýetirýän täsirini görkezýär. Çaga (bäbek) ölümçiliginiň derejesi — çagalaryň diri galmagynyň ölçegi bolsa-da, bu diri galmaklyk — çagalaryň ýaşaýşyna durmuş, ykdysady we ekologiýa taýdan täsirleri görkezýär. Diýmek bu diňe bir saglygy goraýyş gullugynyň bahalandyrmasy (keseliň öňüni alyş hem bejeriş) däl-de, eýsem has giňişleýin manyda çagalaryň dogulýan gurşawynyň bahalandyrmasydyr. Diýmek, bu ösüşiň gowy indikatory, sebäbi ol çagalaryň ýagdaýyny görkezýär.

Kesgitleme:

Bäş ýaşa çenli çagalaryň ölümçilik koeffisiýenti — bu çaganyň doglany bilen we bäşinji doglan gününiň arasyndaky döwürde ölen çagalaryň müň diri doglan çaga hasaplanyp aňladylan sany.

Öňde baryjy guramalar:

BMG-nyň Ilat öwreniş boýunça, Ykdysady we durmuşy Işler boýunça Departamenti, BMG-nyň Statistika bölümi, Demografik Gözegçiligiň Taslamasy, (MEASURE/DHS), Köp görkezijili Klasterleýin Synyň maksatnamasy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyş ulgamynyň doly gurşalyp alynmagy we ýokary hilli bolmagy — bäş ýaşa çenli çagalaryň ölümçilik derejesini kesgitlemegiň makul bilinýän serişdesi bolup durýar. Emma ýurtlaryň köpüsinde şeýle ulgam ýok. Şeýlelikde ýurtlaryň köpüsinde ölümçilik boýunça maglumatlaryň esasy çeşmesi öý hojalyklaryň ýazuwy we göni (çaga dogruşyň doly taryhy barada soraglar) ýa-da gytaklaýyn (doglan we häzire çenli diri çagalaryň sany barada soraglar) usullardan peýdalanýan gözegçiligi bolup durýar. Eger zerur bolan maglumatlar bar bolsa, bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda ölümçiligiň derejesini jynsy boýunça bölmek peýdaly bolar.

Maglumatlaryň milli derejede ýygnalyşynyň häsiýetnamasy:

Maglumat çeşmesi:

Ölenlere ölümiň sebäpleri boýunça delilnamalary işläp taýýarlamak ölümiň, keselleriň, şikes ýetmeleriň we ölümiň sebäpleriniň IX gaýtadan seredilişiniň (1975 ý.) Halkara statistika klassifikasiýasyna esaslanan sebäpleriniň gysgaça sanawyna laýyklykda amala aşyryldy (1981 ý.). 2000-nji ýyl üçin netijelerden başlap HHTB-Х laýyklykda bu maglumat raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyşyndan alnyp bilner. Ölümleriň sany ölümleriň sebäpleri boýunça toparlara bölünýär. Indikator üçin zerur bolan maglumat gözegçiligiň maglumatlarynyň esasynda bahalandyrylyp bilner. 2000-nji ýylyň Saglygy goraýyş-Demografik gözegçiligi (DHS), MICS −3, 2006 ýyl.

Maglumatlary bermegiň döwürleýinligi — ýyllyk.

Bellik:

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bellige alnyşy jogap bermekden boýun gaçyrmak, maglumatlaryň kemeldilmegi, ölümçiligiň toparlara nädogry bölünmegi ýaly potensial meseleleriň birnäçesi bilen baglanyşykly, saglygy goraýyş kartoçkalarynda bolsa ýagdaýy nädogry görkezmekde potensial meseleler bolup biler. Ilatyň gözegçiligi, beýleki bir tarapdan, bahalandyrmanyň göni usullary bar bolanda durnukly häsiýetnamany emele getirmek üçin giňişleýin seçimlere mätäçlik çekýär.

Köp ýurtlarda bu indikator raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň ulgamy bilen baglanyşykly meseleler bilen baglylykda ortalyk usullaryň kömegi arkaly hasaplanylýar. Şonuň ýaly-da bäş ýaşa çenli çagalaryň ölümçiligi barada maglumatlardan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň esasynda peýdalanmak mümkin bolmaýar.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Gurbansoltan eje adyndaky enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkezi (EÇSGYKM), Тürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, DHS, Türkmenistan 2000 ý., Каlwerton, Мerilend, ABŞ: EÇSGYKM we ORC Macro, MICS −3, Türkmenistan, 2006 ý.

Bäbek ölümçiliginiň koeffisiýenti

Umumy maglumat:

Теmasy:

Demografiýa

Indikatoryň ady:

Bäbek ölümçiliginiň koeffisiýenti

Ölçeg birligi:

Diri doglanlaryň müňine

Ölçegiň görnüşi:

Gatnaşyk

Toparlara bölmek/Derejesi:

Bu indikator sebitleýin we milli derejelerde jynsy boýunça işlenip taýýarlanylýar.

Konferensiýalar /Kоnferentara başlangyçlar bilen arabaglanyşygy:

IÖHK, CCA, MÖM (4 Maksat, 5 Wezipe, 14 Indikator), FoC (Ugur 2), MICS

Syýasat nukdaýnazardan gyzyklanma:

Çagalaryň saglygyny goramagyň indikatorlary — ilatyň we ösüşiň ähli ýerde peýdalanylýan, aňsat düşünip bolýan we hemme taraplaýyn ykrar edilen indikatorlary. Çagalaryň diri galmagy — adamyň esasy hukuklarynyň hatarynda aňladylan esasy ugur. Çaga (bäbek) ölümçiliginiň derejesi — çagalaryň diri galmagynyň ölçegi bolsa-da, bu diri galmaklyga — faktorlaryň 4 topary täsir edýär: durmuş derejesi, saglygy goraýyş, gulluklarynyň netijeliligi, jemgyýetiň arassaçylyk medeniýeti, gurşawyň ekologiýasy.

Kesgitleme:

Bäbek ölümçiliginiň koeffisiýenti — bu müň diri doglan çaga hasaplananda dogulmagy we özüniň ilkinji doglan gününiň aralygyndaky kesgitli döwürde ýa-da ýylda (anyk ýaşy — 1 ýaş) ölen çagalaryň sany.

Öňde baryjy guramalar:

ÝUNISEF, BMG-nyň Ilat öwreniş boýunça departamenti, Demografik Barlagyň Taslamasy, (MEASURE/DHS), Köp görkezijili Klasterleýin Synyň Maksatnamasy.

Zerur bolan maglumat çeşmeleri:

Iň gowy şertlerde diri doglan çagalaryň, şeýle-de bäbek ölümçiliginiň sany boýunça maglumatlar raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyşyndan alynýan maglumatlaryň esasynda hasaplanylýar diýip çaklanylýar. Ýöne, raýat ýagdaýynyň namalarynyň bellige alnyşyndan alynýan maglumatlaryň gerek bolan maglumat bilen doly derejede üpjün edip bilmeýänligi sebäpli, çaga ölümçiliginiň derejesi milli demografik gözegçilikleriň ýa-da goşmaça ilat ýazuwyndan we seçimleýin gözegçiliklerden alynýan maglumatlardan peýdalanmak arkaly hasaplanylýar.

Milli maglumatlaryň ýygnalyşynyň häsiýetnamasy: 

Maglumat çeşmeleri:

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bellige alyşyň milli ulgamlarynda peýdalanylýan maglumatlary ýygnaýar. Maglumatlar saglygy goraýyş edaralarynda bolup geçýän hadysalary ilkinji nobatda resmileşdirýän ýerli saglygy goraýyş edaralaryndan gelýär. Ölümleriň sany ölümiň sebäpleri boýunça toparlara bölünýär. Indikator üçin zerur bolan maglumat gözegçiligiň maglumatlarynyň esasynda bahalandyrylyp bilner.

Maglumatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýyllyk hasabatlarynda berilýär.

Bellik:

Sebitler boýunça we jynsy boýunça toparlara bölmek bilen çaga ölümçiliginiň derejesi boýunça ygtybarly we durnukly maglumat almak üçin RÝNÝ edaralarynyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ulgamyny gowulandyrmaklary zerur. Bulardan başga-da, çaga dogluşynyň we ölümçiliginiň sany barada başga bir möhüm maglumat çeşmesi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatydyr.

Şu indikator boýunça maglumat almak üçin ýüzlenmek

Gurbansoltan eje adyndaky enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkezi (EÇSGYKM), Тürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, DHS, Türkmenistan 2000 ý., Каlwerton, Мerilend, ABŞ: EÇSGYKM we ORC Macro, MICS −3, Türkmenistan, 2006 ý.