Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamy

       Durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamy 2005-2006  ýyllarda BMGÖM-sy bilen bilelikde geçirilen «Statistika potensialyny ösdürmek» taslamanyň çäginde işlenip taýýarlanyldy. Taýýarlanan durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamy döwlet statistika ulgamynyň ähli derejelerinde ulanylýan görkezijileri, Türkmenistany ösdürmegiň orta we uzak möhletli Milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine monitoring geçirmek üçin ulanylýan görkezijileri, halkara guramalary tarapyndan berilýän sowalnamalary doldurmak üçin zerur bolan görkezijileri, şeýle hem «Müňyllygyň Ösüş Maksatlary» (MÖM) Deklarasiýasyndaky görkezijileri öz içine alýar.

Halkara derejesinde görkezijileriň deňeşdirerlik bolmagynyň üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da peýdalanyjylaryň  statistik habarlara bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy durmuş-ykdysady görkezijiler ulgamynyň we olaryň metamaglumatlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny şertlendirýär. 

Durmuş-ykdysady görkezijiler ulgamy 2011-nji ýylda tertipleşdirildi, halkara tejribesinde peýdalanylýan indikatorlary nazara almak bilen onuň üsti ýetirildi. 2012-nji ýylda ýene-de täze görkezijiler bilen ulgamyň üsti ýetirildi, onuň düzümine düzedişler girizildi. 2014-nji ýylda durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamy birnäçe täze indnkatorlar bilen ep-esli giňeldildi, ulgamyň aýry-aýry görkezijileri we olar boýunça metamaglumatlar takyklandy. 2016-njy ýylda durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamyna we metamaglumatlara gaýtadan seredilende metamaglumatlaryň halkara standartlaryna laýyklyk meselesine aýratyn üns berildi, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler göz öňünde tutuldy. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ulgamy we metamaglumatlar 427 görkezijini öz içine alýar. Şu sanaw BMG-niň Durnukly ösüş komissiýasynyň maslahat berýän esasy görkezijileriniň bir toparyny, ilat we ösüş görkezijilerini, Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Orta Aziýa döwletleri üçin esasy ekologiki görkezijileri, Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň görkezijilerini we Durnukly ösüş maksatlarynyň aýry-aýry görkezijilerini öz içine alýar.