Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Statistikany ösdürmegiň maksatnamalary  

Hasaba alyşyň we statistikanyň halkara tejribesinde kabul edilen ulgamyna Türkmenistanyň geçmeginiň Döwlet maksatnamasy (1995—1997 ý.ý.)

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 1-nji sentýabryndaky 2338-nji karary bilen hasaba alyşyň we statistikanyň halkara tejribesinde kabul edilen ulgamyna Türkmenistanyň geçmeginiň 1995-1997-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul etdi.

Bazar ykdysadyýetiniň ösüşiniň talaplaryna laýyklykda hasaba alyşyň we statistikanyň halkara tejribesinde kabul edilen ulgamyna Türkmenistanyň geçmeginiň Döwlet maksatnamasynda (1995—1997 ý.ý.) döwlet statistikasynyň umumy usulyýet we guramaçylyk esaslaryny bazar ykdysadyýetine geçmeklikde, Türkmenistanyň hasaba alyş we statistika ulgamyny halkara düzgünlerine we standartlaryna getirmekde ýüze çykýan zerurlyklara laýyklykda özgertmeklik göz öňünde tutuldy.

Ykdysadyýetiň aýry-aýry ugurlarynyň eýeçilik görnüşleriniň ýagdaýyna we mümkinçiliklerine hakyky we dogry baha bermek, olaryň ösüş meýillerini öz wagtynda ýüze çykarmak esasynda ykdysadyýetiň ösüşiniň döwlet tarapyndan sazlaşdyrylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmek Döwlet maksatnamasynyň maksadydyr.

Goýlan maksatlary gazanmak üçin aşakdakylary durmuşa geçirmek zerur:

Döwlet maksatnamasynyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň ýerine ýetilmegi netijesinde işler has möhüm ugurlar boýunça amala aşyryldy. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň aýry-aýry jähtlerini görkezýän statistiki görkezijileriň düzümi kesgitlenildi, Türkmenistanyň hojalyk dolandyrýan subýektleriniň statistiki sanawy (görkezijisi) kämilleşdirildi, tehniki-ykdysady maglumatlary toparlara bölmegiň (klassifikasiýa) we kodlaşdyrmagyň halkara standartlary bilen utgaşdyrylan ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça işler geçirildi, maliýe we pul dolanyşygy sarp ediş bazary we senagat önümçiligi babatda esasy sosial görkezijiler, ireldilen ykdysady hasaplar, makroykdysady görkezijiler düzüldi, ykdysady subýektlere gözegçilikleriň maglumatlaryny ýygnamak we netijelerini işläp taýýarlamak işlerine bolan garaýyş üýtgedildi. Ýakyn wagtlara çenli hasap berýän subýektlerde agdyklyk edýän tutuşlaýyn gözegçilikler, haçan-da şeýle çalyşma netijeli bolan we ähtibarlyk derejesini geregiçe üpjün edýän ýagdaýlarda, seçimleýin gözegçilikler bilen çalşyryldy.