Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Statistikany ösdürmegiň maksatnamalary  

Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy

 Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ykdysady we durmuş syýasatynyň alnyp barlyşynyň netijelrini giňden açyp görkezýän  görkezijiler ulgamyny ornaşdyrmak hem-de hasaba almagyň we statistikanyň halkara tejribesinde kabul edilen ölçeglerine laýyklykda milli statistika ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran 11072-nji karary bilen tassyklandy.

Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda Türkmenistanyň statistikasynyň häzirki ýagdaýy; Döwlet maksatnamasynyň maksady hem-de wezipeleri; Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin esasy ugurlary; Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi; Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeler; Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler beýan edilendir.

 Milli ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegi, giň gerimli durmuş maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara standartlaryna laýyk gelýän milli statistikanyň ösüşine we kämilleşdirilişine hem belli bir derejede baglydyr.            Şu nukdaýnazardan taýýarlanan Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň (mundan beýläk – Döwlet maksatnamasy) ýurtda beýik özgertmeler zamanasynda amala aşyrylýan işlere dogry baha bermekde ähmiýeti uludyr.

Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň statistikasynyň halkara tejribesinde kabul edilen statistiki standartlaryna geçmeginiň nobatdaky tapgyrynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, şeýle hem ýerine ýetirilmeli çäreleriň toplumyny özünde jemleýär (goşulýar).

 Şu Döwlet maksatnamasynyň maksady geçen tapgyrda gazanylan netijeleriň binýadynda ýurduň häkimiýet we dolandyryş edaralaryny hem-de beýleki peýdalanyjylary Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi barada halkara standartlaryna laýyk gelýän hem-de halkara derejesinde beýleki ýurtlaryň degişli maglumatlary bilen deňeşdirip bolýan statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň döwlet statistikasyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:


Döwlet statistikasynyň umumy usulyýet esaslary

 Statistiki gözegçilikleriň usullarynyň, şeýle hem ykdysadyýetde we jemgyýetde bolup geçýän özgertmeleri beýan edýän statistiki görkezijiler ulgamynyň kämilleşdirilmegi statistiki hasaba alnyşy özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir.

Döwlet statistiki gözegçiligini guramagyň häzirki wagtda hereket edýän ulgamy maglumatlary ýygnamagyň uçdantutma usulynyň seçimleýin usuldan agdyklyk edýän kombinirlenen görnüşine esaslanýar.

Statistiki işleriň ähli derejelerinde işleri utgaşdyrmak maksady bilen Bütündünýä banky bilen hyzmatdaşlykda statistika boýunça orta möhletleýin Master meyilnama we Ýewrostat bilen bilelikde Türkmenistanyň döwlet statistikasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy işlenip düzüler. Şonuň bilen birlikde uzak möhletli maksatlar PARIS-21 Konsorsiumynyň Sekretariaty we BMG tarapyndan işlenip taýýarlanan Statistikany ösdürmegiň milli strategiýasyny (SÖMS) işläp düzmek üçin gollanma esaslanyp kesgitlener.

Makroykdysady görkezijiler

JIÖ-niň dürli usullardaky bahalandyrmalarynyň ylalaşdyrylmagy MHU-nyň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, JIÖ-ni dürli usullar bilen çärýekleýin hasaplamagyň we ol hasaplamalary ylalaşdyrmagyň ulgamyny girizmek göz öňünde tutulýar.

“Harajatlar – önüm goýberiliş” tablisalaryny düzmek MHU-nyň möhüm bölegi bolup durýar. Halkara guramalarynyň we maslahatçylaryň tehniki taýdan ýardam bermegi bilen, MHU tarapyndan maslahat berlen tablisalary ornaşdyrmagyň birinji tapgyry işlenip taýýarlanar (BMG, HPG, Ýewrostat, YHÖG, BB).

Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda innowasion hadysalar işjeň geçýär. Innowasion işi bahalandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä bazarynda tutýan ornuny kesgitlemek üçin innowasiýalar statistikasy babatynda statistiki gözegçiligiň guralyşy boýunça usulyýet çemeleşmeleriň döredilmegi, şeýle hem innowasion statistikasy boýunça görkezijiler ulgamynyň we meta-maglumatlaryň emele getirilmegi zerur bolup durýar

Türkmenistanda Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ornaşdyrylýan we Döwlet maliýesiniň statistikasy (DMS) 2001ý. geçilýän şertlerinde maliýe statistikasynyň öňunde hereket edýän buhgalterçilik hasaba alyş we hasabatlylyk ulgamyna uýgunlaşmak meselesi ýüze çykdy.

Sarp ediş nyrhlaryň statistikasy boýunça görkezijileriň işlenip düzülişiniň halkara talaplaryna laýyklykda mundan beýläk kämilleşdirilmegi gözegçilikleri we soňraky hasaplamalaryň usullaryny kämilleşdirmek arkaly sarp ediş bazarynda nyrhlaryň üýtgeýşine baha berlişiniň takyklygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler toplumynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolar.

Türkmenistanyň daşary söwda statistikasynyň esasy wezipesi bolan – maglumatlaryň hilini gowulandyrmak üçin şu işleri amala aşyrmak zerurdyr: gümrük deklarasiýalarynyň maglumatlaryny işleýän «EUROTRACE» programmasyny Ýewrostatyň ýardam bermeginde döwrebaplaşdyrmak; «Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy» (HS−2002/2007) halkara klassifikatorynyň soňky nusgasyny maglumatlary işlemegiň  programmasyna uýgunlaşdyrmak; HPG-niň halkara görkezmelerine laýyklykda haryt-wekilleriň nyrhlaryna gös-göni gözegçilik etmegiň usulyny peýdalanmak arkaly eksport we import edilýän harytlaryň ortaça nyrhlarynyň indekslerini hasaplamak boýunça usulyýet çemeleşmelerini kämilleşdirmek; ýurduň Töleg balansynda halkara hyzmatlaryň möçberlerini dogry görkezmek üçin daşary ykdysady işlerde hyzmatlaryň halkara klassifikatoryny özleşdirmegiň esasynda halkara hyzmatlarynyň statistikasyny BMG-niň halkara görkezmelerine laýyklykda ösdürmek.

Syýahatçylyk statistikasy milli statistikanyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistanda häzirki zaman ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumyny döretmegiň esasy wezipeleriniň biri BMG-niň Statistika Müdirliginiň halkara talaplaryna gabat gelýän, baglanyşykly pudaklaryň görkezijilerini hasaba alýan we syýahatçylygyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan jemi goşandyny kesgitleýän syýahatçylyk statistikasyny döretmekdir.

Ykdysadyýetiň hakyky bölegi (maddy önümçilik)

Senagat statistikasyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri halkara standartlaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumynyň statistikasyny kämilleşdirmek bolup durýar.

Energiýa serişdelerini öndürmegiň we sarp etmegiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, «Energiýa statistikasy boýunça gollanmanyň» (YHÖG, Ýewrostat, 2004 ý.) esasynda energiýa serişdeleriniň öndürilişiniň çeşmelerini, olaryň energiýanyň başga görnüşlerini öndürmek we beýleki dürli hajatlar üçin harçlanmagyny hem-de ahyrky sarp edilişini häsiýetlendirýän görkezijiler ulgamy işlenip taýýarlanar, ol geljekde ýangyç-energetika balansyny düzmekde ulanylar.

HPG-niň gatnaşmagynda senagatyň önümçilik möçberlerini hasaplamakda ulanylýan eksport nyrhlaryny hasaba almak bilen, senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indekslerini hasaplaýyş usullaryny kämilleşdirmek zerur. Bu makroykdysady görkezijileriň, hususan-da, JIÖ-niň deflýatorynyň hasaplanyşynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň köp sanlysynyň hereket edýän şertlerinde, halkara guramalarynyň we dünýä statistikasynyň tejribesiniň görkezmelerine esaslanyp, oba hojalygynyň statistikasynda halkara standartlaryna geçmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde statistiki gözegçiligiň uçdantutma we seçimleýin statistiki gözegçilikleriň bir wagtyň özünde ýöredilmegini öz içine alýan utgaşdyrylan usulynyň girizilmegi göz öňünde tutulýar.  

Maýa goýumlarynyň statistiki hasaba alnyşyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen, gurluşykda nyrhlaryň indeksleriniň hasaplanyşyny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Nyrhlaryň bellige alynýan binýatlaýyn guramalaryň seçimleýin köplügine, şeýle hem nyrhlaryň indeksleriniň hasaplamasynyň takyklygyny kesgitleýän möhüm elementleriň biri hökmünde haryt-wekilleriniň saýlanyp alnyşyna gaýtadan serediler.

Bazar hyzmatlary gurşawy

Häzirki zaman şertlerinde ulag statistikasy boýunça maglumatlaryň  hilini  ýokarlandyrmak ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň eýeleriniň seçimleýin gözegçiliklerini geçirmek işini statistikanyň tejribesine girizmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýän hususy telekeçileriň gözegçilik edip bolmaýan işleriniň möçberlerini bahalandyrmaga mümkinçilik berer.

Häzirki zaman jemgyýetinde maglumat we aragatnaşyk tehnogiýalarynyň tutýan ornunyň ýokarlanmagyny we çalt ösmegini nazara alyp, aragatnaşygyň statistikasynda maglumat tehnologiýalarynyň elýeterliligi we olardan peýdalanylyşy boýunça eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň we edaralaryň statistiki gözegçiliklerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Içerki söwda statistikasynyň esasy wezipesi sebitlerdäki ýagdaýy häsiýetlendirýän we olaryň çäklerinde bolup geçýän durmuş-ykdysady hadysalaryň durnuklylygyny, balanslaşdyrylanlygyny we gönükdiriş ugurlaryny bahalandyrmaga mümkinçilik berýän sebitara haryt akymlarynyň statistikasynyň görkezijilerini emele getirmekden ybaratdyr. 

Usulyýet çemeleşmelerini kämilleşdirmek arkaly söwda-ykdysady işleriň gözegçilik edip bolmaýan möçberlerini statistiki taýdan gurşap almak we bahalandyrmak maksady bilen, bölek satuw we lomaý satuw söwdasynda, hyzmatlar söwdasynda seçimleýin gözegçilikleri yzygiderli geçirmegi iş tejribesine girizmek göz öňünde tutulýar.

Sosial statistika we ýaşaýyş derejesi

Demografiki statistikany ösdürmekde öňde durýan döwürde geçiriljek işler, esasan, Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2012-nji ýyldaky uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek işleri bilen baglanyşykly bolar. Şonuň bilen baglylykda, bu giň göwrümli statistiki çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin, onuň bilen baglanyşykly usulyýet we guramaçylyk işleriniň toplumynyň  amala aşyrylmagy zerur bolar.

Demografik hadysalara takyk baha berilmeginiň we olaryň giňişleýin seljerilmeginiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeliliginiň gazanylmagyndaky möhüm ähmýeti göz öňünde tutulyp, ilata degişli statistiki maglumatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy boýunça dürli çäreler durmuşa geçiriler. Bu işlerde BMG tarapyndan yglan edilen  MÖM-iň durmuşa geçirilmegi mynasybetli, şeýle hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy we Ýewropa Bileleşiginiň Statisika müdirligi tarapyndan taýýarlanan dünýäniň ýurtlarynda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwlarynyň 2010-njy ýyl tapgyryny geçirmek baradaky Ýewropa statistikaçylarynyň konferensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, statistiki maglumatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek wezipesi öňde durýar. MÖM-iň amala aşyrylyşyna baha bermek işiniň köp derejede sosial-demografik statistikanyň magumatlaryna baglydygy nazara alnyp, olaryň tutuş ýurt we onuň sebitleri boýunça hasaplanylyşynyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berler. Demografik statistikanyň iň möhüm görkezijileriniň hasaplanylyşynda degişli halkara klassifikatorlary hem giňişleýin ulanylar.

Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň barşynda Halkara Zähmet Guramasynyň gender deňligi babatyndaky görkezmelerini hasaba almak bilen, zähmet statistikasynyň halkara standartlaryna geçilmegi zähmet gorlarynyň bary, olaryň sebitler we gender alamaty boýunça rejeli we netijeli peýdalanylyşy baradaky meselä täzeden seredilmeginiň zerurlygyny talap edýär. Şonuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde zähmet resurslarynyň balansyny şäher we oba ýerleri boýunça, şeýle hem gender alamaty boýunça hasaplamagyň täze usulyýeti işe giriziler.

Zähmet statistikasynda iş bilen meşgullanmakdan gelen zähmet girdejilerini hasaplamagyň usuly häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdiriler. 

Zähmet statistikasynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi şu seçimleýin gözegçilikleriň girizilmegi bilen baglydyr: öý hojalyklarynyň gözegçiligi arkaly ilatyň iş bilen meşgul bolmak meselesi boýunça işçi güýjüniň çärýekleýin gözegçilikleri; kärhanalaryň gözegçilikleriniň esasynda aýry-aýry hünärler we wezipeler boýunça iş hakynyň gözegçiligi.

MÖM-iň çäklerindäki borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, BMG-niň «MÖM-iň ösüşiniň gözegçiligi üçin görkezijiler» usulyýetine laýyklykda reproduktiw saglygy, ilat öwreniş we ösüş boýunça esasy görkezijileriň ulgamyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, seçimleýin gözegçilikleriň maglumatlarynyň esasynda «TURKMENINFO», «Genstat-Region» maglumatlar binýatlary halkara standartlaryna laýyk gelýän görkezijileriň hasabyna giňeldiler. Maglumatlar binýatlaryndaky maglumatlar durmuş ösüşi meýilnamalaşdyrmakda, maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde, şeýle hem Dördünji bütindünýä aýallar konferensiýasynyň makullan Pekin Jarnamasynyň we hereketler platformasynyň (Pekin,  1995-nji ýylyň 4–15 sentýabry) Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilmegi boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde peýdalanylar.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan gol çekilen Konwensiýalaryň gözegçiligini alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen bilelikde halkara standartlaryna laýyklykda daşky gurşawy goramagyň gözegçiliginiň statistiki hasaba alnyşyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler, hususan-da, statistiki görkezijileriň ulgamynyň we olary düzmegiň usulynyň deňeşdiriş seljermesi geçiriler. Bu daşky gurşawy goramagyň we tebigy baýlyklaryň meseleleri boýunça, hususan-da, oba ýerlerinde öý hojalyklarynyň suw bilen üpjünçiligi we ondan peýdalanmagy boýunça synaglaýyn gözegçilikleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Bilim ýaýrawynyň has doly häsiýetlendirmesini almak, täze hadysalary we olaryň ösüş meýillerini hemmetaraplaýyn görkezmek üçin, şeýle hem halkara derejesinde deňeşdirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde halkara standartlaryny ornaşdyrmak arkaly bilim statistikasynyň görkezijilerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar (BHSK).

 Öý hojalyklary statistikasynyň öňünde seçip almagyň we öý hojalyklarynyň rotasiýasyny geçirmegiň usulyny, maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak programasyny halkara tejribesini nazara almak bilen mundan beýläk hem kämilleşdirmek meselesi dur. Ýakyn geljekde Bütindünýä Bankynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligini geçirmek göz öňünde tutulýar, şonda öý hojalyklarynyň sowalnamasy, seçip almagyň usuly, maglumatlary işläp taýýarlamak we seljermek işleri kämilleşdiriler.

Durmuş-ykdysady klassifikasiýalar

Ykdysadyýetdäki özgerişleri laýyk beýan etmek, standartlaşdyrylan görnüşde toplanýan statistiki maglumatlaryň deňeşdirijiligini üpjün etmek üçin, mazmun düzümi özara utgaşýan durmuş-ykdysady maglumat binýatlaryny döretmek zerur. Statistiki klassifikatorlar şeýle binýatlary baglanyşdyryjy halkadyr.

Şonuň bilen birlikde, dünýä ykdysadyýeti derejesinde bolup geçýän üýtgeşmeler hereket edýän halkara klassifikatorlarynyň täze nusgalarynda öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, klassifikasiýalaryň şol täze nusgalaryny Türkmenistanyň statistiki hasaba alnyşyna uýgunlaşdyrmak hem möhüm mesele bolup durýar. Halkara klassifikatorlarynyň täze, has döwrebap NACE Rev.2,        CPA-2008 we ISCO-2008 nusgalaryna geçmek göz öňünde tutulýar, statistiki hasaba alnyşyň geljekde kämilleşmegi şol möhüm halkara klassifikatorlaryna esaslanar.

Orta möhletli geljekde Türkmenistanyň statistikasy we pudagara hasaba alnyşy üçin şu täze klassifikatorlary uýgunlaşdyrmak göz öňünde tutulýar:     işçileriň hünärleri we gullukçylaryň wezipeleri; ilat barada maglumatlar.

Täze we kämilleşdirilen statistiki klassifikatorlar döwlet statistiki hasaba alnyşynda hem-de degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda pudaklaýyn hasaba alnyşda bir wagtda ornaşdyrylar.  Bu bolsa toplanýan statistiki maglumatlaryň hilini, şeýle hem olaryň pudak, pudagara we halkara derejelerinde deňeşdiriliş mümkinçiligini gowulandyrmaga şert döreder.

Statistiki bellige alyş sanawlary

Maglumatlary işläp taýýarlamak boýunça döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen makroykdysady, ykdysady, sosial, demografik we statistiki maglumat binýadynyň başga görnüşleri-de dörediler. Bu babatda iş amallaryny mundan beýläk hem awtomatlaşdyrmak, maglumat binýatlaryny dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny girizmek, programma-usulyýet üpjünçiligini kämilleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak  göz öňünde tutulýar. Hojalyk subýektleriniň bitewi statistiki sanawyny ýöretmek üçin degişli programma serişdeleri döwrebaplaşdyrylar.

Maglumat tehnologiýalary

Maglumatlary peýdalanyjylaryň isleglerini statistika edaralary tarapyndan doly kanagatlandyrmak üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ulgamynda statistiki maglumatlary ýygnamagyň, geçirmegiň we işlemegiň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, hususan-da döwlet statistikasynyň üç derejesinde-de iş orunlaryny häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen gaýtadan abzallaşdyrmak, telearagatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmak we ulanmak boýunça işler geçiriler.

Türkmenistanyň döwlet statistikasy ulgamynyň hasaplaýyş we maglumat torlary infrastrukturalarynyň ösüşi şu aşakdaky çäreler bilen birlikde amala aşyrylar:

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we onuň sebitleýin düzüm birlikleriniň paýlaşdyrylan hasaplaýyş torunyň döredilmegi; iş orunlarynyň döwrebap tehniki serişdeleri we programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrmagy; statistiki maglumatlary işlemek boýunça programmalary işläp taýýarlamakda müşderi-serwer tehnologiýalarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi; döwlet statistika edaralaryna hasabatlary elektron görnüşde bermegiň tehnologiýasynyň işlenip taýýarlanmagy we ornaşdyrylmagy; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Internet-saýtynyň kämilleşdirilmegi; GIS-tehnologiýalarynyň we maglumatlary girizmegiň optiki usullarynyň ulanylmagy; pudak edaralarynyň maglumatlar ulgamlarynyň tehnologiki we tehniki sazlaşygynyň üpjün edilmegi.

Statistiki işleriň çap edilmegi

Statistiki neşirleriň hiliniň gowulandyrylmagy we maglumatlaryň ýaýradylmagy ýaýrawynda sebitleýin jähtleri hem goşmak bilen, çap edilýän statistiki neşirleriň temalaryny kämilleşdirmek we hilini gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Çap ediş ulgamyny we statistiki maglumatlaryň ýaýradylyşyny gowulandyrmak üçin, aýlyk, çärýeklik we ýyllyk neşirlerde ösüş hatarlarynyň çap edilmegini, bu ugurda halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyny hem goşmak bilen, neşir ediş tehnologiýasy, maglumatlar bilen tanyşdyrmagyň usullary we olary ýaýratmagyň iş tejribesi kämilleşdiriler. Hususan-da, statistiki maglumatlary peýdalanyjylaryň isleglerini öwrenmek, maglumatlary bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, neşirleriň hilini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça sowalnama arkaly seçimleýin gözegçilik geçiriler.

Statistiki maglumatlaryň ýaýradylyşynyň kämilleşdirilmegi, olary ýygnamagyň we işlemegiň öňdebaryjy halkara standartlarynyň özleşdirildigiçe, şeýle hem resmi statistikanyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Statistiki çap ediş böleginde işiň esasy ugurlary aşakdakylardan ybarat bolar: işlenýän statistiki maglumatlar kämilleşdigiçe ýaýradylýan maglumatlaryň mazmun düzüminiň gowulandyrylmagy; neşir edilýän statistiki materiallaryň, ýagny statistiki ýyllyk neşirleriň, ýygyndylaryň, döwürleýin çalt seljeriş ýygyndylarynyň daş görnüşiniň we bezeginiň gowulandyrylmagy; peýdalanyjylaryň ösýän isleglerini nazara almak bilen, statistiki neşirleriň temalaýyn meýilnamasynyň kämilleşdirilmegi; statistiki maglumatlary elektron serişdeleriň üsti bilen ýaýradyş usullarynyň giňeldilmegi.

Işgärleriň hünärleriniň ýokarlandyrylmagy

Döwlet maksatnamasynda işgärleriň hünär taýýarlygynyň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň bitewi hem-de düýpgöter täze usulyny döretmek we kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriň we beýleki guramalaryň işgärleri üçin, hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň okuw merkezlerinde seminarlaryň geçirilmegi dowam etdiriler.

Milli statistikanyň kämilleşmegine halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi ýardam eder. Döwlet statistika ulgamyny kämilleşdirmek zerurlygyny nazara almak bilen, beýleki ýurtlaryň milli statistika edaralary bilen statistikanyň usulyýeti we guralyşy boýunça tejribe alşylmagy göz öňünde tutulýar. Geljek döwürde statistikanyň usulyýetini kämilleşdirmek meselesinde halkara guramalary tarapyndan usuly kömek almagyň Türkmenistan üçin ähmiýeti uludyr. Şu döwürde BMG, HPG, ÝB, YHÖG, Bütindünýä Banky, HZG, ÝUNISEF, TIKA we beýleki halkara hem-de sebitleýin guramalaryň statistika gulluklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi

«Döwlet statistikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda     (8-nji madda) bellenen düzgünlere laýyklykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti şu Döwlet maksatnamasynyň esasy ýerine ýetirijisi bolup durýar. Anyk çäreleriň ýerine ýetirilmegine degişli ministrlikler we pudak edaralary gatnaşarlar.

Käbir wezipeler bar bolan hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerinde halkara guramalaryň we bilermenleriň (BMG, HPG, ÝB, YHÖG, Bütindünýä Banky, HZG, ÝUNISEF, TIKA we beýleki guramalaryň statistika gulluklary) ýardam bermeginde durmuşa geçirilip bilner.

Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeler

Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurduň häkimiýet we dolandyryş edaralaryny hem-de beýleki peýdalanyjylary Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky maglumatlar bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berjek oňyn netijeleri gazanmaga ýardam eder.

Statistiki sanawlaryň, klassifikasiýa ulgamynyň hem-de statistiki gözegçilikleriň usullarynyň, pudaklaýyn statistikanyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly çäreler toplumynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky ýokary hilli maglumatlary emele getirmäge şert döreder we olaryň dünýä derejesinde deňeşdirijiligini üpjün eder.

Döwlet statistika ulgamynda täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy statistiki maglumatlary ýygnamagyň, jemlemegiň we ýaýratmagyň netijeliligini artdyrar we bitewi maglumat giňişligini emele getirmäge ýardam eder.