Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet | Statistikany ösdürmegiň maksatnamalary  

Döwlet hasaba alyşyny we statistikasyny 2010-njy ýyla çenli

Döwlet hasaba alyşyny we statistikasyny uzak möhletleýin derejede ösdürmegiň maksatnamasy ýurduň Mejlisi tarapyndan 1999-njy ýylyň dekabrynda kabul edilen «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin Baş ugry» Milli Maksatnamasynyň düzüm bölegi hökmünde işlenip taýýarlanyldy. Ol hasaba alyşyň we statistikanyň halkara praktikasynda kabul edilen sistemasyna Türkmenistanyň geçmeginiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda statistikany kämilleşdirmek boýunça işleriň dowamydyr.

Bu programmanyň esasy maksady Türkmenistanyň ýerine ýetiriji edaralarynyň we kanunçylyk häkimiýetiniň, halkara guramalarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ilatyň, ýurduň, regionlaryň we ykdysady pudaklaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy baradaky hakyky statistiki maglumatlara bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmak üçin statistikany sistemalaýyn özgertmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemekdir.

Programmanyň maksatlaryny gazanmak üçin aşakdaky wezipeler goýuldy: 

Jemgyýetdäki we ykdysadyýetdäki üýtgemeleri hakyky görkezýän statistiki görkezijiler sistemasyny hem-de statistiki gözegçilikleriň usullaryny kämilleşdirmek hasaba alyş we statistika sistemasyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Bu, ýurtda geçirilýän özgertmeleriň netijelerini görkezýän görkezijilere, ilatyň durmuş-üpjünçilik şertleriniň ähli toplumyny hakyky görkezýän durmuşy görkezijiler sistemasyna, hem-de jemleýji ykdysady görkezijiler sistemasyna degişlidir.

Hereket edýän durmuş-demografiýa statistikasy özgertmeleriň gidişini görkezýän täze görkezijiler bilen dolduryldy we doldurylýar; köpgurluşly ykdysadyýete geçilmegi bilen baglylykda zähmet bazarynyň, ýaşaýyş jay bazarynyň, girdejileriň ösen täze çeşmeleriniň emele gelmegi real we durmuşy bölekleriň netijelik görkezijilerine esasy üns berilýär.

Jemleýji görkezijiler sistemasy milli hasaplar sistemasyny hasaba almak bilen kämilleşýär. Makroykdysady görkezijileri çäkler derejesinde işläp taýýarlamaklyk giňeýär, durmuş-ykdysady görkezijileriň «etrap — welaýat -döwlet» üç derejeli sistemasynyň usulýetiniň işlenip taýýarlanylmagy amala aşyrylýar. Ol bolsa gatnaşyklaryň emele gelşini ykdysadyýetiň hereket ediş şertlerini we Türkmenistanyň we onuň regionlarynyň ykdysadyýetini emele getirmek boýunça häkimiýet edaralarynyň kararlaryny durmuşa geçirmegiň netijelerini seljermek we çaklamak üçin ulanylar.

Statistiki maglumat sistemasynyň içinde wezipeleri gaýtadan bölüşdirmek arkaly sebitleýin statistikanyň roluny güýçlendirmek bellenilýär.

Statistiki gözegçiligiň usullarynykämilleşdirmeklige esasy üns berler. Statistiki maglumatlary ýygnamak usullarynda utgaşdyrylan garaýşy saklamaklyk çak edilýar, muňa laýyklykda ähli pudaklaryň we eýeçilik görnüşleriniň iri we orta kärhanalarynyň gözegçilikleri tutuşlaýyn usul bilen kiçi kärhanalary bolsa -reprezentatiw seçip alma esasynda geçiriler. Olaryň esasynda statistiki görkezijileriň esaslandyrylan goşmaça hasaplamalary amala aşyrylar.

Statistiki gözegçiligi guramak babatda statistikany kämilleşdirmegiň möhüm ugry hojalyk subýektleriniň registrini ýöretmekligi dowam etdirmekdir.

Tutuşlaýyn hasabatlygynyň kemelýän şertlerinde durmuş-ykdysady ýagdaý barada jikme-jik toplumlaýyn maglumaty almak üçin birwagtlaýyn seçimleýin gözegçilikler ileri tutulýan ösüşe eýe bolar. Geçirilýän özgertmeleriň gidişi, kynçylyklar, esasan-da ilatyň özüniň nukdaý nazaryndan olary çözmegiň ýollary barada jemgyýetçilik pikirini öwrenmek maksady bilen sosiologiki gözegçiliklere esasy üns berler.

Halkara tejribesini hasaba almak bilen durmuş ýagdaýlarynyň monitoring sistemasyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak öňde durýar.

Özgerdilýän ykdysadyýeti hakyky häsiýetlendirmek we ýygnalyşy we işlenip taýýarlanylyşy standartlaşdyrylan görnüşde amala aşyrylýan statistiki maglumatlaryň daşary söwda, bank, maliýe we ykdysady maglumatyň beýleki görnüşleriniň deňeşdirijiligini gazanmak üçin durmuş-ykdysady görkezijileri ylalaşykly maglumaty binýadyny döretmek zerur.Özara baglaşdyrylýan klassifikatorlar şeyle binýadlaryň baglaşdyryjy bölegi bolarlar. Halkara klassifikasiýalaryna laýýyklykda pudaklaýyn hasaba alyşdan ykdysady işleriň görnüşleri boýunça hasaba alyşa we önümiň we hyzmatlaryň bitewi klassifikatoryna geçmeklik özarabaglanyşyk meselesini üstünlikli geçmegiň şertidir.

Statistika işinde maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi öňi bilen, korporatiw maglumat ulgamynyň (KMU) döredilmegini göz öňünde tutýar, ol maglumat çeşmeleriniň dolandyryşyny awtomatlaşdyrmagy, ähli maglumat gorlaryna aralaşmagyň maksimal çaltlygyny, goşmaça çykdajylaryň peselmegini, bitewiligi, gorawlylygy we ş. m. üpjün eder. Şunlykda statistika edaralaryň häzirki zaman kompýuterleri we programma üpjünçiligi bilen doly enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bazar şertlerinde ykdysady çözgütleriň kabil edilmegi ýurduň we onuň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşini seljermegiň hil taýdan täze sistemasyny döretmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Programma ykdysady ösüşiň balansirlenendigini, barabarlygyny, toplumlaýynlygyny, düziminiň täzeden gurluşuny, haryr we maliýe bazarlarynyň ýagdaýyny we başgalary seljermäge esasy ünsi bermekligi göz öňünde tutýar.

Maglumatlary ýaýratmak, statistiki neşirleriň hilini we mazmuny, görkezijileriň we klassifikatorlaryň halkara tejribesinde kabul edilenler bilen deňeşdirilijigi meselelerinde halkara guramalary tarapyndan maslahat berlen normasy we düzgünleri berjay etmekligi tehniki enjamlaşdyryşa görä üpjün etmek bellenilýär. Maglumatlary ýaýratmaklykda elektron bukjasyna geçmekligi amala aşyrmak bellenildi. Olary has giň ýaýratmak maksady bilen statistiki maglumatlara bolan isleg we daşary ýurt statistiki edaralarynyň tejribesi netijesinde öwreniler.

Milli hasaplary düzmegiň, demografiýa statistikasyny gowulandyrmagyň we beýleki statistikasynyň we hasaba alnyşynyň halkara sistemasyna geçmek meselelerinde halkara sistemasyna geçmek meselelerinde halkara guramasy bilenhyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Özara hereket esasynda ÝEWROSTAT, BMG-niň statistika bölümi, TACIS, BMGÖM, BMGIG, YÖHG, HPG, BDB, ÝUNISEF, TIKA, HZG, GDA-nyň statistiki komiteti, GDA-nyň agzalarynyň statistiki gulluklary bilen aýratyn işjeň bolar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMGIG-nyň 2000-2004-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çaklerinde geçirildi: Ilatyň we onuň reproduktiw saglygynyň statistikasy boýunça maglumatlary ýygnamagyň, seljermegiň we ýaýratmagyň milli ulgamyna syn; Migrasiýany hasaba alyşyň häzirki ýagdaýyna syn we ony kämilleşdirmegiň ýollary kesgitlenildi; 2000-nji ýylda ilat we öý hojalyklarynyň pilot (synag) ýazuwuna syn; Türkmenistanda ilatyň migrasiýasyny seçimleýin gözegçiliginiň binýadynda öwrenmek; «Türkmenistanda gender tapawutlarynyň durmuş-ykdysadyfaktorlary» kitapçasy işlenip taýýarlanyldy. BMGIG kadrlary taýýarlamakda kömek berýär, statistikler üçin demografiýa, sosial meseleleri boýunça seminarlaryň giden toplumy geçirildi. Döwlet statistikasynyň ulgamynda Ilat öwreniş we ösüş meseleleri boýunça kadrlary taýýatlamak we gözegçilikler merkezi döredilli. 2004-nji ýylda BMGIG ilat ýazuwyna taýýarlyk işlerine we ony geçirmek boýunça tehniki kömegini berdi.