Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Statistikany ösdürmegiň maksatnamalary

Hasaba alyşyň we statistikanyň halkara tejribesinde kabul edilen ulgamyna Türkmenistanyň geçmeginiň Döwlet maksatnamasynda (1995 – 1997 ýý.) milli statistikany ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlendi. Şu maksatnamanyň, şeýle hem «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasynyň, «Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasynyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010-2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň» esasynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň usulyýet, usul, seljeriş, statistiki we neşir işleriniň her ýyllyk maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şu maksatnamalar Türkmenistanyň beýleki pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýän, şeýle hem halkara guramalary tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleri hem öz içine alýar.

 Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda Türkmenstatda statistiki hasaba alnyşy ösdürmekde toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Şu döwürde milli statistikanyň kanunçylyk binýady pugtalandyryldy, ykdysady we sosial hadysalaryň statistiki hasaba alnyş bilen gurşalyş derejesi ýokarlandy, statistiki işleriň usulyýet, guramaçylyk we maglumat-tehnologik taýdan kämilleşdirilmegi netijesinde maglumatlaryň ýygnalyşyny we işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmakda, respondentlere düşýän iş ýüküni azaltmakda belli bir öňegidişlikler gazanyldy. Statistiki görkezijileriň halkara derejesinde deňeşdirerlik bolmagynda, statistiki klassifikatorlary ulanmakda, maliýe statistikasynyň görkezijiler ulgamyny buhgalterçilik hasaba alnyşyň we maliýe hasabatlylygynyň ýurtda özleşdirilýän täze düzgünlerine laýyk getirmekde, statistiki maglumatlaryň ýaýradylyş ugurlaryny giňeltmekde maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Häzirki  wagtda  ýurduň  döwlet statistikasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 06-njy iýulyndaky 12429 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. Maksatnamada döwlet statisrikasynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistiki işlerini utgaşdyrylmagyny amala aşyrmak, taýýarlanýan statistiki habarlaryň hilini gowulandyrmak, halkara statistika tejribesinde peýdalanylýan ýörelgeleri, görkezijileri we usullary ýurduň statistiki iş tejribesine ornaşdyrmak, halkara derejesinde deňeşdirerlik ýagdaýyna getirilen we jemgyýetiň ösüşini doly beýan edýän statistiki görkezijileri işläp düzmek, statistiki önümçiligiň tejribesine maglumatlary ýygnamagyň, işlemegiň we geçirmegiň döwrebap tehniki-tehnologik serişdeleriniň ulanylmagyny ýola goýmaklygy dowam etdirmek göz öňüne tutulýar;