Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Statistik gözegçilikler

Geljekki ilat ýazuwyny halkyň arasynda wagyz etmek onuň bilen bagly bolan taýýarlyk çäreleriniň toplumynda aýgytlaýjy orun eýeleýän işleriň biridir. Bu ilatyň hut özüniň ýazuwda iň esasy gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýänligi bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli-de bu çäräniň üstünlikli amala aşyrylmaklygy üçin ilkinji nobatda oňa ilatyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak zerurdyr. Ilatyň ýazuwa işjeň gatnaşmagyny üpjin etmeklik bolsa öz gezeginde onuň ýazuwyň nämeüçin geçirilýänligine, onuň peýdasyna we zerurlygyna doly düşünmekligini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Ilat ýazuwy hakyndaky wagyz işleriniň esasy maksady halk köpçüligini we jemgyýetçiligi ilat ýazuwy we onuň maksatlary barada habardar etmeklikdir.

Ilat ýazuwyny geçirmeklik näme üçin gerek?

Ilki bilen ol ýurduň ilatyny hasaplamak üçin gerek. Ilatyň sany barada gündelik ýöredilýän maglumatlar, nebsimiz agyrsa-da, ilatyň takyk hasabyny anyklamaklyga doly mümkinçilik berip bilmeýär. Mysal üçin, hasaba alynmadyk migrasiýa. Bziň sanymyzyň hakykatdan naçeligi baradaky has takyk maglumaty diňe ilat ýazuwy berip bilýär. Ýa-da aýdaly, biziň ýurdumyzda haýsy milletleriň wekilleriniň ýaşaýanlygy we olaryň sany baradaky maglumatlary toplap almaklyk üçin ilat ýazuwy ýeketäk çeşme bolup hyzmat edýär. Bu babatda biz entek köplenç halatlarda 1995 -nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglumatlaryna daýanmaklyga mejbur bolýarys, emma ýagdaýyň welin, ol döwürden bäri ep-esli üýtgänligi ikiuçsyz.

Onsoňam, ykdysady we sosial ösüşiň uzak möhletlere niýetlenilen maksatnamalaryň hemmesiniň esasyny ilat baradaky maglumatlar düzýär. Ilat ýazuwynyň netijeleri esasynda biz diňe kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirlişiniň monitoringini amala aşyrmaklyk üçin mümkinçilik alman, eýsem degişli döwlet strukturalaryna olara käbir zerur üýtgeşmeleri girizmek hakynda hem teklipler berip bilýäris.

Ilat ýazuwlary häzirki döwürde umumyadamzat siwilizasiýasynyň elementi bolmak bilen olar BMG-niň çözgüdi esasynda onýyllyklaýyn raundlaryň (tapgyrlaryň) çaginde bütin dünýäde geçirilýär.

Sosial statistikanyň maglumatlarynyň derwaýyslygy

Alymlaryň aýtmagyna görä statistikada ýazuw görnüşinde geçirilýän ýöriteleýin çäreler esasan hasabatda ýetmezçilik edýän maglumatlary toplamak ýa-da bar bolan maglumatlary goşmaça barlap görmek üçin ulanylýan synlama häsiýetli derňewleriň biridir. Köplenç halatlarda ýazuwlar statistiki taýdan synalýan obýektiň göwrümi, düzümini we ýagdaýyny belli bir alamatlar arkaly şol bir wagtlar aralygynda geçirilýär.

Ilat ýazuwlarynyň maksady ýurduň ilatynyň sanyny we onuň sebitler boýunça paýlanylşyny, adamlaryň jyns, ýaş, iş bilen meşgullygynyň görnüşleri hem-de beýleki alamatlara görä bölünşini kesgitlemekden ybaratdyr.

Alymlaryň aýtmaklaryna görä islendik sosial prosessi öwrenmek ilatyň bu prosese gatnaşýan toparlarynyň sanyny we düzümini anyklamazdan mümkin däldir. Sebäbi ilatyň dürli toparlarynyň islegleri biri-birleriniňkiden tapawutlydyr.

Munuň şeýledigini, mysal üçin, dürli ýaşdaky, jynsdaky adamlaryň şeýle hem saglyk ýagdaýy we zähmet şertleri boýunça tapawutlanýan adamlaryň azyk harytlaryny sarp ediş modelleriniň biri-birleriniňkä gabat gelmeýänligi hem subut edýär. Oba we şäher ýerleriniň ilatynyň, dürli sosial we etniki toparlaryň durmuş obrazlary hem biri-birlerinkiden düýpgöter tapawutlanýar.

Mundan başga-da, ilatyň gurplylyk derejesi pes bolan gatlaklarynyň (pensionerleriň, köp çagaly maşgalalaryň, çagasyny ýeke özi ekleýän eneleriň, maddy üpçinçiligi kemter bolan maşgalalaryň) sosial goragynyň döwlet tarapyndan amala aşyrylýanlygy üçin ýurduň statistiki gulluklary bu meseleler dogrusynda zerur bolan maglumatlary yzgiderli toplap durmaklyga borçlydyrlar.

Şeýle maglumatlar üçin bolsa degişlilikde ilatyň demografik, etniki, sosial, hünär we kär aýratynlyklary hem-de sebitler boýunça bölünişi hakynda maglumatlar hökmanydyr. Sosial prosesleri öwrenmeklik üçin ilatyň bilim derejesi, eýeleýän wezipeleri, ykdysady işleriň görnüşleri boýunça bölünişi hakyndaky maglumatlar hem zerurdyr. Sosial statistikanyň maksatlary üçin ilatyň gazanç çeşmeleriniň görnüşleri boýunýa bölünişi hakynda, eýeçilik gatnaşyklary, maşgaladaky ykdysady ýüküň agramy ýaly häsiýetnammalar boýunça toparlandyrylşy hem uly ähmiýete eýedir.

Ilatyň sosial toparlara bölünşinde demografiki (jynsy, ýaşy, nika ýagdaýy, çagalylygy, maşgalanyň düzümi) we etniki (milleti, ene dili we gepleşik dili) häsiýetnamalar aýratyn orun eýeleýär. Sosial meseleleriň köpüsiniň oňyn çözgüdini tapmaklyk üçin ilatyň oba we şäher ýaşaýjylaryna, kiçi we uly şäherleriň ýaşaýjylaryna bölünişi hakyndaky maglumatlar hem gerekdir.

Ilat ýazuwlary häzirki döwürde dünýäniň beýleki ýurtlarynda nähili geçirilýär?

Statistik barlaglaryň häzirkizaman alternatiw usullarynyň barlygyna garamazdan, dünýäniň köp ýurtlary üçin ilatyň demografik we sosial görkezijiler boýunça ýagdaýyny öwrenmeklikde maglumatlaryň ýeketäk we iň ygtybarly çeşmesi hökmünde ilatyň her bir adam bilen aýratynlykdaky söhbetdeşligine esaslanan däpleýin uly göwrümli ýazuwlary hyzmat edýär.

Birleşen Milletler Guramasy ilatyň şeýle «fotoportretlerini» iň azyndan her on ýyldan bir gezek alyp durmaklygy maslahat berýär. Munuň sebäbi, bir tarapdan, geçen ýazuwdaky toplanylan maglumatlaryň ýyllaryň geçmegi bilen könelýänligi, ikinji tarapdan bolsa, öňki ýazuwdaky ulanylan usullaryň täzelendirilmeginiň zerurlygynyň ýüze çykýanlygy bilen baglydyr.

Mundan başga-da, BMG tarapyndan ilat ýazuwlaryna jemgyýetiň demokratiýaşmagyna itergi berýän çäre hökmünde hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň sebäbi ilat ýazuwlarynyň maglumatlarynyň demokratik saýlawlaryň geçirilmegi üçin, jemgyýetçilik resurslarynyň adalatly paýlanylmagy üçin ygtybarly çeşme bolup durýanlygy bilen baglanyşyklydyr.

Dünýäniň tas hemme ýurtlarynda diýen ýaly statistika barada ýörite kanunlar hereket edip, olara laýyklykda ilat ýazuwynyň dowamynda toplanylan maglumatlaryň diňe statistik maksatlar üçin ulanylyp, olaryň hökmany suratda gizliginliginiň üpjin edilýänligi kepillendirilýär. Her bir adam hakyndaky alynan maglumatlar hiç bir gurama ýa-da başga bi adama berilmeýär.

Dürli ýurtlarda ilat ýazuwynda ulanylýan sowalnama kagyzlary esasan birmeňzeşdir. Käbir ýurtlarda ilat ýazuwynyň sowalnama kagyzllaryna amala aşyrylýan sosial programmalar üçin zerur bolan maglumatlary almaklyga niýetlenilen sowallar girizilýär. Mysal üçin, adamlaryň öz iş ýerlerine nähili baryp gaýdýandyklary we ýola näçe wagt sarp edýändikleri hakyndaky sowalyň üsti bilen alynan maglumatlar jemgyýetçilik ulaglary bilen baglanyşykly programma üçin zerur.

Ilat ýazuwy geçirilende her bir ýuruň milli däplerdir dessurlary, ýerli aýratynlyklary hem göz öňünde tutulýar. Dünýäniň köp ýurtlarynda ilatyň her on ýyldan bir gezek geçirilýän ilat ýazuwlaryndan başga-da hasaby ýöredilýär. Mysal üçin, käbir ýurtlarda ol ilat ýazuwyndan indiki ilat ýazuwynyň ortalygynda ilatyň seçimleýin görnüşli kiçi ýazuwlary (miniýazuw) geçirilýär, ilatyň registri girizilýär.

Ilat ýazuwlarynyň esasy ýörelgeleri

Olara şu aşakdakylar degişlidir:

Ilatyň ýazuw bilen uçdantutma gurşalyp alynmagy., ýagny her bir ýaşaýjynyň ýazgy döwründe hasaba alynmaklygynyň üpjin edilmekligi;

Maglumatlaryň her bir adamdan aýratynlykda söhbetdeşlik esasynda alynmaklygy;

Sowallara nähili jogap bermelidigini her bir adamyň diňe özüniň kesgitlemekligi. Bu bolsa adamlardan beren jogaplaryny tassyklaýan resminamalaryň talap edilmeýänliggini aňladýar;

Ilatdan alynan maglumatlaryň gizliginliginiň kepillendirilmegi. Bu barada ýazuw kagyzlarynda ýörite «Gizligin» diýen bellik edilýär.

Ilat ýazuwy arkaly alynan maglumatlaryň takyklygy we deňeşdirmeklik üçin laýyk bolmaklygy şu aşakdaky şertleriň ýerine ýetirilmegi esasynda gazanylýar:

Ilat ýazuwynyň ýurduň bütin çäginde şol bir ýeke täk programma we düzgünler esasynda geçirilmekligi;

Maglumatlaryň şol bir senä, şol bir anyk kesgitlenilen sagada görä geçirilmekligi.

Ilat ýazuwynyň netijeleri statistiki maglumatlaryň toplumy görnüşinde neşir edilýär. Her bir aýratyn adam, maşgala we öý hojalygy baradaky maglumatlar aýratynlykda neşir edilmeýär. Türkmenistanyň «Döwlet statistikasy hakyndaky» Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda ýazuwa jogapkär adamlaryň hiç biri (sanaýjydan başlap Türkmenistanyň Statistika baradaky komitetiniň başlygyna çenli) şahsy maglumatlary mälim etmeklige haksyzdyr.