Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Usulyýet  

Türkmenistanyň statistika ulgamynyň ösüşindäki möhüm waka

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli statistika ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, onuň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemek   hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini “Statistika hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykaran karary bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeş hakyndaky Düzgünnama tassyklandy.

        Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hakynda täze düzgünnamada “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanuny esasynda halkara standartlaryny hem-de milli statistikanyň soňky ýyllardaky ösüşinde toplanan tejribäniň netijelerini nazara almak bilen kämilleşdirilen düzgünler beýanyny tapýar. Onda, hususan, maglumatlary ýygnamakda statistika gözegçiliginiň uçdantutma we seçimleýin usullaryny hem-de administratiw çeşmeleri utgaşdyrmak, statistik usulyýet we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda gazanylanlary nazara almak bilen işgärleri gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrmak ýaly we başga ençeme täze düzgünler bar.

        Şonuň ýaly-da statistika işini utgaşdyrmak, statistik usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak, pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin döwlet statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we beýleki edaralaryň wekillerinden ybarat düzümde Türkmenstatyň ýanynda Statistika boýunça pudagara geňeşi döredildi. Ol maslahatçy gurama bolup durýar. 

        Pudagara geňeşiň esasy wezipeleri statistiki usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak babatda maslahatlary bermek hem-de pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, statistik habarlaryň pudagara alyş-çalşy boýunça usulyýetleriň taýýarlanmagyna ýardam bermek, bitewi statistik klassifikasiýalaryň ulanylmagy, bitewi maglumatlar ulgamlarynyň döredilmegi hem-de maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň häzirkizaman tilsimatlarynyň ösdürilmegi boýunça pudagara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda maslahat bermek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryna hem-de olaryň statistiki hasabatlylygynyň täze görnüşlerine garamak we olara düzedişleri girizmek boýunça maslahatlary bermek bolup durýar.