Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň ykdysady-geografik häsiýetnamasy  

Türkmenistan hakynda

       Türkmenistan  – Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär  (491,21 müň km2), sebitiň günorta-günbatar böleginde  çöllük zolakda, Türkmen – Horasan dag ulgamynyň Köpetdag gerşiniň demirgazygyragynda, günbatarda Hazar deňziniň we gündogarda Amyderýanyň aralygynda ýerleşýär. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan respublikasy, demirgazyk–gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňzi tebigy serhet bolup durýar. Türkmenistan üçin seýrek kontinental we örän gurak howa şertleri häsiýetlidir.

       Türkmenistanyň hemişelik ilatynyň düzüminde aýallaryň paýy 2016-njy ýylyň 

1-nji ýanwaryna 50,2 göterime deň, ol hem şäher, hem oba ilatynyň arasynda birmeňzeşdir.

Baý mineral-çig mal binýady, hususan, uglewodorod baýlyklary (nebit, gaz) Türkmenistanyň senagatyny ösdürmegiň  esasy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýangyç-energetika toplumy bilen bir hatarda nebiti we gazyň gaýtadan işleýän, himiýa, nebithimiýa, maşyngurluşyk, metal işläp bejerýän, ýeňil senagat (aýratyn-da dokma senagaty), azyk senagaty ýaly gaýtadan işleýän pudaklar çalt ösüşe eýe boldy.

Oba hojalygy böleginde pagtaçylyk we däneçilik esasy pudaklar bolup durýar. Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllarynda ýurduň azyk we ykdysady garaşsyzlygy üpjün edildi.

Milli daşary ykdysady syýasat emele geldi, daşary ykdysady aragatnaşyklaryň institusional esaslary döredildi. 2015-nji ýylda dünýäniň 114 sany ýurdy Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygynda  boldy.  Ýurduň daşary söwda haryt dolanyşygynda has uly paýy Aziýa we Ýewropa ýurtlary eýeledi.

Türkmenistan gazanylan ykdysady we sosial ösüşde saklanmaýar. 189 ýurduň hatarynda Türkmenistanyň gol çeken Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynyň Jarnamasynyň durmuşa geçirilýän mahalynda  (BMG tarapyndan 2000-nji ýylda kabul edildi) täze wezipeler bellenildi we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda goýuldy. Ýaşaýyş derejesini ep-esli ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň adam ösüşiniň indeksiniň ýokary görkezijisi bilen, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna girmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin  Milli maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar.