Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň ykdysady-geografik häsiýetnamasy | Çap edilen işler  

Statistiki ýygyndylar

Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşiri

 Ýyllyk hasabat neşirinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada maglumatlar çap edilýär. Ýygyndyda ilat, onuň iş bilen meşgullygy, durmuş derejesi barada maglumatlar, şeýle hem milli hasaplar, maliýe, maýa goýum işi barada maglumatlar getirilýär. Senagatyň, oba hojalygynyň, ulagyň we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlar berilýär. Aýry-aýry görkezijilere gysgaça usuly düşündirişler hem ýerleşdirildi.

Her ýyl

Türkmenistanyň daşary söwdasy

 Türkmenistanyň daşary söwdasynda esasy hyzmatdaş bolan ýurtlar; harytlaryň esasy görnüşleri boýunça eksport we import; DYI HN-synyň harytlyk düzümi boýunça eksport we import.

Her ýyl

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen daşary söwdasy

Türkmenistanyň dünýäniň esasy hyzmatdaş bolan ýurtlary bilen daşary söwdasynyň harytlar boýunça maglumatlary öz içine alýar.

Her ýyl

Türkmenistanyň senagaty 

 Ýygyndyda Türkmenistanyň senagatynyň işiniň önümçilik, zähmet, maliýe we beýleki görkezijileri getirildi. Şonuň bilen bir hatarda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynyň ösüşi (ýangyç-energetika, maşyn gurluşygy we metaly işläp bejeriji, himiýa, gurluşyk materiallary, ýeňil we azyk senagaty) we ilatyň ulanýan harytlarynyň öndürilişi barada maglumatlar getirildi. Şeýle hem, senagat önümlerini öndürýän telekeçilige degişli kärhanalaryň işleri barada käbir maglumatlar görkezilýär.

Her ýyl

Türkmenistanyň milli hasaplary

 Türkmenistanyň milli hasaplaryny gurnamak üçin esas bolup Birleşen milletler guramasynyň (BMG-nyň), Halkara Pul Gaznasynyň (HPG-nyň), Bütindünýä bankyň, ykdysady hyzmatdaşlygy we ösüş guramasynyň (YHÖG-nyň) we Ýewrostatyň 1993-nji ýylda (MHU-93) BMG-nyň hasabat topary tarapyndan kabul edilen halkara ülňüşindäki usulyýeti hyzmat edýär.Ýygyndyda Türkmenistanyň  milli hasaplar ulgamynyň (MHU) esasy hasaplarynyň maglumatlary we görkezijileri berilýär. Milli hasaplaryň umumylaşdyrylan tablisalarynda  ykdysadyýetdäki esasy bölekleriň arasyndaky gymmatlyk akymlar görkezilýär. MHU-nyň görkezijileriniň we hasaplaryň mazmuny gysgaça usulyýet düşündirişinde beýan edilýär.

Her ýyl

Türkmenistanyň maliýesi

”Türkmenistanyň maliýesi” statistiki ýygyndyda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirileni, pul-karz dolanyşygynyň, ätiýaçlandyrmanyň, kärhananyň we guramalaryň maliýe işleriniň netijeleriň görkezijileri berilýär.

Her ýyl

Türkmenistanyň oba hojalygy 

 Statistiki ýygyndyda Türkmenistanyň oba hojalygynyň ösüşini häsiýetlendirýän esasy hasabat görkezijileri neşir edilýär.

Her ýyl

Türkmenistanda ilatyň sarp edýän harytlarynyň bazary

 Türkmenistanda ilatyň sarp edýän harytlary bazarynyň ösüşiniň esasy görkezijileri (bölek satuw haryt dolanyşygynyň, iýmit taýýarlaýan kärhanalarynyň haryt dolanyşygynyň we ilatyň sarp edýan harytlarynyň gorlarynyň möçberleri) görkezilýär.

Her ýyl

 

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça desgalaryň, esasy serişdeleriň işe girizilişi we esasy serişdelere düýpli maýa goýumlar hakynda esasy görkezijiler (ýyllyk)

 Statistiki ýygyndyda desgalaryň, esasy serişdeleriň işe girizilişi we esasy serişdelere düýpli maýa goýumlary boýunça maglumatlar Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halk hojalygynyň pudaklary, ykdysadyýetiň ýaýrawlary boýunça bölünip beýan edilýär.

Her ýyl

 

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça kuwwatlyklaryň işe girizilişi (ýyllyk)

 Statistiki ýygyndyda gurluşyklaryň, desgalaryň we kuwwatlyklaryň şu ýyldaky sanawy boýunça maglumatlar yzarlanylýar. Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň we desgalaryň işe girizilişi we olaryň ýerine ýetirilen möçberleri boýunça görkezijiler beýan edilýär.

Türkmenistanyň ulagy we aragatnaşygy

Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk kärhanalarynyň işini häsiýetlendirýän hasabat maglumatlary şu ýygyndyda ýerleşdirilýär. Ýygynda  geçiriji turba, demir ýol, awtomobil, howa, deňiz, derýa ýol ulaglaryň işi barada esasy ykdysady görkezijileriniň maglumatlary goşuldy.

Her ýyl

Türkmenistanda daşky gurşawyň goralyşy we tebigy baýlyklaryň peýdalanylyşy

  Hasabat ýygyndysynda daşky gurşawyň ýagdaýyny, öňa  edýän täsirini, tebigy baýlyklaryň barlygyny we olaryň peýdalanylyşyny häsiyetlendirýän, şeýle-de daşky gurşawy goramak boýunça geçirilýän çäreleriň amala aşyrylyşy barada maglumatlar getirilýär.

Her ýyl

Türkmenistanyň hojalyklarynyň statistiki sanawynyň görkeziijileri

 Statistika ýygyndyda bellige alnan hojalyk subýektleri boýunça maglumatlar saklanylýar – ýurduk taraplar, filiallar we wekillikler boýunça, şonuň ýaly-da Türkmenistanda ulanylýan esasy klassifikatorlaryň häsiýetnamasy hem saklanylýar.

Her ýyl

Türkmenistanda kiçi telekeçilik (1 bölüm)

 “Türkmenistanda kiçi telekeçilik” statistika ýygyndynyň birinji bölüminde döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kiçi kärhanalaryň ösüş meýilleri görkezilýär, bu ýerde eýeçiligiň görnüşleri, ykdysady işleriň görnüşleri, gender alamatlary we hojalyk işiniň netijeleri boýunça döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kiçi kärhanalaryň ösüşiniň düzümleýin üýtgemegi görkezilýär. Statistiki ýygyndynyň 1 bölüminde eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak barada sebitler, ykdysady pudaklar we institusional özgerişleriň ugurlary boýunça maglumatlar hem görkezilýär.

Her ýyl

Türkmenistanda kiçi telekeçilik (2 bölüm)

 “Türkmenistanda kiçi telekeçilik” statistiki ýygyndyda (II bölüm) Türkmenistanda hususy telekeçiligiň ösüş meýilleri görkezilendir. Maglumatlar sebitler, ykdysady işleriň görnüşleri boýunça we daşary ykdysady işleriň amala aşyrylyş şertlerine baglylykda getirilýär. Ýygyndynyň ikinji bölüminde hususy telekeçileriň iş bilen meşgullygy we hojalyk işleriniň netijeleri barada maglumat has doly görkezilendir.

Her ýyl

Türkmenistanda erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklarynda kärhanalaryň işi

 “Türkmenistanda erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklarynda kärhanalaryň işi” statistika ýygyndy ETYZ-ynyň çäkleýin we pudaklaýyn hukukly kärhanalarynyň ösüş meýilleri görkezilýär. Onda erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary, ykdysady işiň görnüşleri, gender aýratynlyklary we hojalyk işiniň netijeleri boýunça hasabat maglumatlary görkezildi.

Her ýyl

Türkmenistanda zähmet bazary we iş haky

 Bu hasabat ýygyndysynda ykdysadyýetiň pudaklarynda iş bilen meşgullanýanlaryň sanyny, olaryň ykdysadyýetiň bölekleri boýunça bölünişini, zähmet bazarynda islegleri we teklipleri, işçileriň hünär taýýarlygyny häsiýetlendirýän maglumatlar berilýär.

Her ýyl

Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesi

Ýygyndy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň esasy durmuş-ykdysady  görkezijilerini öz içine alýar. Ýygyndyda demografiýa boýunça, ilatyň iş bilen meşgullygy, pul girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberi we düzümi, pul girdejileriniň we çykdajylarynyň öý hojalyklaryň toparlary boýunça aratapawudy, ilatyň ýaşaýyş jaý şertleri, saglyk ýagdaýy we saglygy goraýyş hyzmatlary, ilatyň bilimi, medeniýet kärhanalarynyň ulgamynyň ösüşi we ş.m. barada hasabat maglumatlary berilýär. 
5 ýylda 1 gezek

Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy

Ýygyndyda nesil çalyşma hereketini häsiýetlendirýän demografiki görkezijiler, şol sanda ilatyň köpelişiniň gös-göni täsir edýän ilatyň ýaşaýşynyň käbir durmuş-ykdysady şertleri, mekdebe çenli terbiýeleme we bilim derejeleri, sagaldyş-öňüni alyş kömegi, kämillik ýaşa ýetmedikleriň özüni alyp baryşlary barada maglumatlar getirilýär.

5 ýylda 1 gezek

 

 
Türkmenistanyň aýallary we erkekleri

Ýygyndyda nesil çalyşma hereketini häsiýetlendirýän, şol sanda aýallaryň we erkekleriň sany, täze doglanlaryň, ölenleriň sany, nikada bolmak ýagdaýy boýunça ilatyň paýlanylyşy, ykdysadyýetiň  aýry pudaklarynda bilim derejesi boýunça işleýän ilatyň paýlanylyşy, zähmet şertleriniň ýagdaýy, bilim edaralaryň görnüşleri, şol sanda bilim berýän edaralaryň görnüşleri, şeýle hem hünärleriň toparlary boýunça okaýan aýallaryň we erkekleriň paýlanylyşy, aýallaryň we erkekleriň keselleýjiligi barada görkezijiler getirilýär.