Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň ykdysady-geografik häsiýetnamasy | Çap edilen işler  

Çalt seljeriş statistiki ýygyndylary

Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy

 Statistiki ýygyndy Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijileri öz içine alýar. Maglumatlar esasan tutuş ýurt boýunça, aýry-aýry bölümlerde sebitler hem-de esasy ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça getirilýär

Her aýda

Türkmenistanyň daşary söwdasy

 Türkmenistanyň daşary söwdasynda esasy hyzmatdaş bolan ýurtlar; harytlaryň esasy görnüşleri boýunça eksport we import; DYI HN-synyň harytlyk düzümi boýunça eksport we import

Her aýda

Türkmenistanyň bölek satuw haryt dolanyşygy

Türkmenistanda ilatyň sarp edýän harytlary bazarynyň ösüşiniň esasy görkezijileri (bölek satuw haryt dolanyşygynyň, iýmit taýýarlaýan kärhanalarynyň haryt dolanyşygynyň we ilatyň sarp edýan harytlarynyň gorlarynyň möçberleri) görkezilýär

Her aýda

Daşary ýurt kärhanalarynyň gatnaşmagynda desgalaryň gurluşygynyň gidişi hakynda

Statistiki ýygyndyda Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen baglaşylan şertnamalar boýunça daşary ýurt firmalarynyň gatnaşmagynda desgalaryň gurluşygynyň barşy hakyndaky maglumatlar beýan edilýär. Görkezijiler gurluşygy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýurtlar, firmalar boýunça, halk hojalygynyň pudaklary boýunça berilýär

Çärýeklik

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça kuwwatlyklaryň, durmuşmedeni maksatly desgalaryň işe girizilişi we potratçylyk işleriň ýerine ýetirileni

Statistiki ýygyndyda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň potratçylyk şertnamalary boýunça potratçylyk işleriniň ýerine ýetirilişi hakyndaky, kuwwatlyklaryň, önümçilik we sosial-medeni maksatly binalaryň işe girizilişi hakyndaky maglumatlar beýan edilýär. Gurluşyk-gurnaw işleri, jaýlaryň we desgalaryň düýpli we gündelik abatlanymagy boýunça gymmat görkezijileri, işgärleriň sany we iş haky baradaky görkezijiler, kärhanalaryň işiniň maliýe görkezijileri getirilýär, şäherlerde, şäherçelerde raýatlaryň serişdeleriniň we banklaryň karzlarynyň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hakyndaky maglumatlar beýan edilýär

Çärýeklik

Türkmenistan boýunça nyrhlaryň we tarifleriň ösüş depgini barada

“Türkmenistanda nyrhlaryň we tarifleriň ösüşi” atly ýygyndy aýma-aý goýberilýär. Onda Türkmenistanyň sebitleri boýunça azyklyk we azyk däl harytlaryň hem-de ilata edilen hyzmatlaryň esasy toparlary boýunça sarp ediş nyrhlarynyň we tarifleriniň indeksleri görkezilýär

Aýlyk

Ilatyň sarp edýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň bölek satuw söwdasynda ortaça bazar nyrhlary

“Aşgabat şäheri we Türkmenistan boýunça bölek satuw söwdasynda  ilatyň sarp edýän harytlarynyň ortaça bazar nyrhlary” atly ýygyndy  çärýekleýin goýberilýär.Ol azyk harytlarnyyň, azyk däl harytlaryň nyrhlaryny we hyzmatlaryň käbir görnüşleriniň tariflerini öz içine alýar

Bölek satuw söwdasynda awtomobil serişdeleriniň ortaça bazar nyrhlary

“Bölek satuw söwdasynda awtoulag serişdeleriniň ortaça bazar nyrhlary” atly ýygyndy çärýekleýin göýberilýär.Ol awtoulaglaryň goýberilen ýyllaryna we kysymlaryna görä nyrhlaryny öz içine alýar

Çärýeklik