Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Halkara hyzmatdaşlyk  

Halkara hyzmatdaşlyk

DÜNÝÄ STATISTIKASYNDAKY MÖHÜM WAKA

2015-nji ýylyň 3–6-njy marty aralygynda Nýu Ýork şäherinde BMG-niň Statistika komissiýasynyň 46-njy maslahaty bolup geçdi.

Onda resmi statistikanyň özgertmeler maksatnamasy, ilerlemäniň has giňişleýin görkezijileri, öý hojalyklarynyň statistik gözegçilikleri, milli hasaplar, halkara söwdanyň we ykdysady globallaşmanyň statistikasy, ekologik-ykdysady hasaba alyş, halkara deňeşdirmeler maksatnamasy, oba hojalyk statistikasy, resmi statistikanyň esas goýujy ýörelgeleri hem-de statistikanyň ösüşi baradaky beýleki meselelere seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.

Şonuň ýaly-da gender statistikasy, ilatyň tebigy hereketiniň we raýatlyk ýagdaýynyň namalar ýazgylarynyň statistikasy, kärhanalaryň bellige alyş sanawlary, hyzmatlar statistikasy, daşky gurşawyň statistikasy, ynsan mümkinçilikleriniň ösüş statistikasy, halkara statistik klassifikasiýalar, maglumatlary we metamaglumatlary ýaýratmagyň hem-de olary alyşmagyň bitewi açyk standartlary, statistik we geogiňişlik habarlarynyň goşulyşmasy hakyndaky we beýleki habarlar maglumat üçin diňlenildi. Hususan-da, 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Bütindünýä statistika gününiň bellenip geçilmegine taýýarlyk görlüşi hakyndaky meselä seredildi.

Maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda olaryň ýurt üçin möhüm ähmiýeti bolan birnäçesi boýunça Türkmenistandan gatnaşýan wekiller tarapyndan çykyşlar edildi. Şonda 2015-nji ýyldan soňky döwürde durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilişine baha bermek üçin görkezijiler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, öý hojalyk statistikasynyň ösdürilmegi, oba hojalyk statistikasyna sebitleýin aýratynlyklary nazara alýan görkezijileriň girizilmegi barada aýdyldy.

BMG-niň Statistika komissiýasynyň 46-njy maslahatynda seredilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri hem-de olar boýunça kabul edilen çözgütler Türkmenistanyň statistika ulgamynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam eder.


Oba hojalyk we oba statistikasyny ösdürmegiň global strategiýasy boýunça masslahat

Budapeşt şäherinde (Wengriýa) 2015-nji ýylyň 4–5-nji fewralynda GDA sebitinde oba hojalyk we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň Global strategiýasyny durmuşa geçiriş taslamasynyň badalga maslahaty bolup geçdi, oňa Türkmenstatdan Oba hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirliginiň başlygy gatnaşdy. 

Maslahata Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň milli statistika gulluklarynyň, GDA-nyň Statistika komitetiniň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO), ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Oba hojalyk statistikasy gullugynyň  wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda FAO-nyň Baş edarasynyň utgaşdyryjysynyň Global meýilnama we ony global we sebitleýin derejelerde dormuşa geçirmek hakynda, şonuň ýaly-da  ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Oba hojalyk statistikasy gullugynyň ýolbaşçysynyň oba hojalyk statistikasynyň netijeli ulgamyny gurmak hakynda çykyşlary diňlenildi. 

Ondan başga-da, ara alyp maslahatlaşmalar mahalynda GDA-nyň Statistika komitetiniň, Ermenistan Respublikasynyň Milli statistika gullugynyň wekilleri çykyş etdiler.

Pikir alyşmalaryň jemlerii boýunça maslahata gatnaşyjylar seredilen meseleleriň taslamany amala aşyrmakda möhüm orny eýeleýändigini bellediler.

GDA sebitinde oba hojalyk we oba statistikasyny kämilleşdirmegiň global strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işiň esasy netijeleriniň biri hökmünde YIGDK-nyň Rev. 1 nusgasyndan Rev. 2 nusgasyna geçiş açarlarynyň işlenip düzülmegine, şonuň ýaly-da GDA sebitinde oba hojalyk we oba statistikasynyň esasy görkezijilerini, möwsümleýin düzedişleri ulanmak arkaly oba hojalyk önümlerini öndürijileriň nyrhlarynyň indeksler ulgamyny emele getirmek, kiçi telekeçilik subýektleriniň, daýhan hojalyklarynyň we şahsy kömekçi hojalyklaryň oba hojalyk işine seçimleýin statistik gözegçiligi guramak, MHU–2008 esasynda önüm goýberişiň gymmatynyň, aralyk sarp edişiň we oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň indeksini hasaplamak boýunça usulyýet maslahatlarynyň taýýarlanmagyna ähmiýet berilýär.

GDA ýurtlarynyň oba hojalyk we oba statistikasynyň görkezijiler ulgamyny ylalaşmak,  ýurtlar üçin oba hojalyk we oba statistikasynyň görkezijileri boýunça maglumatlar binýadyny emele getirmek boýunça hem wezipeler goýulýar. 


Halkara deňeşdirmeler maksatnamasy

Bütindünýä bankynyň ýardam bermeginde Halkara deňeşdirmeleriň maksatnamasynyň (HDM) indiki tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň guramaçylyk potensialyny berkitmek boýunça taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky  döwlet komiteti (Türkmenstat) bilen Türkiýäniň statistika edarasynyň arasynda HDM boýunça iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu taslamanyň esasy maksady satyn alyjylyk ukybynyň deňeçirligini (SAUD) almak bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenstatda satyn alyjylyk ukybynyň deňeçirligini we ilatyň jan başyna düşýän JIÖ-ini almak üçin maglumatlary we hasaplamalary taýýarlamak boýunça pudaklaýyn statistika müdirlikleriniň hünärmenlerinden ybarat iş topary döredildi.

Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde sarp ediş harytlarynyň we maýa goýum wekil-harytlarynyň  iki taraplaýyn sanawlaryny, hünärleriň, gurluşyk materiallaryň sanawlaryny ylalaşmak boýunça işler geçirildi. Häzirki wagta çenli ylalaşylan sanawlar boýunça sarp ediş we maýa goýum harytlarynyň gözegçiligi geçirildi. Gurluşyk materiallarynyň gymmatyny, işçileriň iş haklaryny we  gurluşyk maşynlaryň gymmatyny kesgitlemek we takyklamak üçin gurluşyk guramalarynda seçimleýin  gözegçilikler geçirildi.

Bazar däl hyzmatlaryň gymmatyny kesgitlemek üçin, 2015-nji ýylda degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda gözegçilikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da 2011–2012-nji ýyllar üçin Halkara deňeşdirmeleriň maksatnamasyna laýyk gelýän klassifikasiýa boýunça JIÖ-niň düzümi taýýarlanyldy. Häzirki wagtda HDM-iň klassifikasiýasyna laýyklykda 2013-nji ýyl boýunça JIÖ-niň çykdajylary boýunça hasaplamalar alnyp barylýar we 2014-nji ýylyň maglumatlary boýunça JIÖ-niň hasaplamasy üçin maglumatlary toplamaga taýýarlyk işleri başlandy. Türkiýe bilen deňeşdirmek üçin, binýatlaýyn döwür diýip Bütindünýä banky tarapyndan 2014-nji ýyl saýlanyp alyndy.

Şonda milli ykdysadyýetiň, hususan-da, ilkinji zerur bolan sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlaryň birnäçesiniň düzgünleşdirilýän arzan nyrhlary we tarifleri bilen, şonuň ýaly-da mugt sosial transfertler bilen baglanyşykly  aýratynlyklaryny nazara almak aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Bu işleriň baş maksady global halkara deňeşdirmeleriň 2017-nji ýyldaky indiki tapgyryna gatnaşmaga taýýarlyk görmekden ybaratdyr.


Türkmenistanyň Döwlet statistika ulgamynyň özüne baha bermek taslamasy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (Türkmenstat) BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermegi bilen özüne baha bermek işini amala aşyrýar. Bu işiň esasy maksady Milli Statistika ulgamynyň BMG-niň resmi statistikasynyň düýpli ýörelgeleri we Ýewropa statistikasynyň kadalarynyň Kodeksi bilen laýyk gelmekligine baha bermekdir.

2014-nji  ýylyň mart aýynda TürkmenStatda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnalan tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Bu maslahatyň netijesinde TürkmenStatyň özüne baha bermek işini amala aşyrmak üçin halkara standartlaryna laýyk gelýän, ýurdumyz üçin amatly diýip hasaplanýan “Adaptirlenen global bahalandyrma” atly usulyýeti saýlap almak kararyna gelindi.

Döwlet statistika ulgamynyň özüne baha bermek işi Türkmenstat bilen hyzmatdaşlyk arkaly halkara maslahatçysy Riçard Roberts tarapyndan, hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň statistika boýunça sebitleýin geňeşçisi Gabriel Gameziň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär.

Ýewrostat, ESKATO, BMG-ňiň Ýewropa Ykdysady Komisiýasy, Ýewropa Erkin söwda assosiasiýasy tarapyndan Mongoliýanyň Milli statistika edarasynyň gatnaşmagynda 2014-nji ýylyň 1–3-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirilen Milli statistika ulgamlaryny ösdürmek üçin global bahalandyrma boýunça ýokary derejeli seminara TürkmenStatyň wekili gatnaşdy.

Ýokary derejeli seminar global bahalandyrmanyň resmi statistikanyň ösüşine hem-de netijede statistik önümçiligiň peýdalanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga edýän täsiri boýunça Aziýa ýurtlary bilen oňyn tejribeleri alyşmak maksady bilen geçirildi.

Bu seminar gyzyklanýan milli we halkara taraplar üçin Mongoliýanyň global bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça tanyşdyryş çykyşlarynyň, şeýle hem Mongoliýanyň statistika ulgamynyň 90 ýyllyk baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde geçirildi.

Döwlet statistika ulgamynda özüne baha bermek işleriniň çäklerinde   2014-nji ýylyň dekabr aýynda nobatdaky iş sapary döwründe halkara bilermenler tarapyndan statistika ulgamyny ösdürmek üçin özüne baha bermek boýunça deslapky hasabatyna  bellikler we maslahatlar berildi.

2015-nji ýylyň mart aýynyň başyna daşary ýurt bilermenleriň jemleýji iş sapary göz öňüne tutulýar.  Özüne baha beriş boýunça teklip edilen maslahatlar Türkmenistanyň döwlet statistika ulgamyny ösdürmekligiň 2017-2021-nji  ýyllar üçin strategiýasy işlenip düzülende esas bolup hyzmat eder.


ILATLAŞMA MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR

Aşgabatda 2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy tarapyndan guralan “1,8 milliartyň güýji: ýetginjekler, ýaşlar we geljegiň özgerdilmegi” atly maslahat bolup geçdi, oňa Türkmenstatdan ilatlaşma statistikasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň 2014-nji ýyldaky ilatlaşma ýagdaýy hakyndaky global dokladyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.  

Maslahatda ýaşlar üçin maýa goýulmagynyň meseleleri Türkmenistanyň mysalynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahaty UNFPA-nyň ýurt boýunça direktory Karl Kulessa we  UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekili B. Garabaýewa açdy, olar  BMG-niň Türkmenistanyň hökümeti bilen ýaşlary terbiýelemek babatdaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylar ýaşlara maýa goýulmagynyň ähmiýeti hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň çykyşyny diňlediler.

Aýallaryň önelge saglygy we ýaşlara maýa goýluşy hakyndaky gürrüňi “Suhanwerlik ussatlygy” bäsdeşliginiň ýeňijileri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary dowam etdirdiler.

UNFPA-nyň ýurt boýunça direktory Karl Kulessa öz jemleýji sözünde bu guramanyň Türkmenistanyň hökümeti we ýurduň beýleki döwlet edaralary bilen  ýaşlary terbiýelemek babatdaky hyzmatdaşlygynda gazanylan ilerlemäni belledi  hem-de şunuň ýaly möhüm çärä gatnaşandyklary üçin gelenlere minnetdarlyk bildirdi.

Aşgabatda 2014-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ilatlaşma babatda 2014-nji ýyldaky taslamalaryň ýerine ýetirilişine we 2015-nji ýyl üçin meýilnamalara  synyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanyp, UNFPA-nyň wekilhanasy tarapyndan guralan maslahat boldy, oňa-da Türkmenstatdan ilatlaşma statistikasynyň jogapkär işgärleri gatnaşdy.

Maslahaty BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Jasinta Barrinz açdy we ol BMG-niň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini, şonuň ýaly-da bilelikdäki taslamalarda ösüş babatda öňde goýlan maksatlara hem-de wezipelere ýetmekdäki ilerlemäni belläp geçdi.

Maslahata gatnaşyjylara UNFPA-nyň ýurt boýunça direktory Karl Kulessa gutlag sözi bilen ýüzlendi.

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekili B. Garabaýewa bu guramanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň taryhyna syn berdi, Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen täze hyzmatdaşlygyň geljegi barada jikme-jik durup geçdi.

Taslamalaryň utgaşdyryjylary 2014-nji ýyl üçin meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine öz guramalarynyň adyndan syn berdiler we gazanylan netijelere baha berdiler.

Soňra işçi toparlarda üç sany tematik ugurda, ýagny önelde saglygy, ilatlaşma we gender deňligi, ýaşlar we bilim ugurlarynda 2015-nji ýyl üçin meýilnamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolup geçdi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde UNFPA-nyň işgärleri tarapyndan önelge saglygy, bilim we ýaşlar, dender deňhukuklylygy, ilatlaşma we ösüş boýunça 2015-nji ýyl üçin meýilnamalaryň taslamalary berildi.

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýerine ýetiriji wekili B. Garabaýewa öz jemleýji sözünde UNFPA-nyň Türkmenistanyň hökümeti we ýurduň beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygynda gazanylan ilerlemäni belläp geçdi.


Çagalaryň hukugy baradaky Konwensiýa – 25 ýyl

Türkmenstatyň işgärleri 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň Çagalaryň hukugy baradaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlap geçiren tegelek stoluna gatnaşdy.

Mundan 25 ýyl öň halkara bileleşigi çagalaryň öňünde zeminiň körpe ýaşaýjylarynyň ömrüni goramaga hem-de ösmäge, okap bilim almaga hem öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, öz pikirini erkin beýän etmäge we ululara ýetirmäge hem-de öz mümkinçiliklerini durmuşa dolulygyna amal etmäge bolan hukuklarynyň pugta berjaý edilmegini gazanmak ugrunda golunda baryny aýamajakdygyny äht edipdi.


WBÖý hojalyklarynyň iri bir wagtlaýyn geçirilen seçimleýin gözegçiligi – 1998-nji ýylda Bütindünýä bankynyň (BB) we 2003-nji ýylda Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) tehniki taýdan goldaw bermegi bilen geçirilen ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň statistikasyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.  Bu gözegçilikler öý hojalyklarynyň gözegçilikleriniň maksatnamalaryny (maglumatlary ýygnamak we işlemek), öý hojalyklarynyň seçiminiň usulyýetini kämilleşdirmäge, ýaşaýyş derejesine gözegçilik etmäge we maglumatlar binýadyny döretmäge ýardam etdi. 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Bütindünýä Bankynyň tehniki kömek bermegi bilen “Statistikada Potensialy Ýokarlandyrmak” taslamasynyň (2009-2011 ýý.) çäklerinde göz öňünde tutulýan çäreler ýerine ýetirilýär. Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistiki potensialyny üç ugur boýunça ýokarlandyrmakdan ybarat: Statistiki Master-Plany işläp taýýarlamak, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gözegçiligini geçirmek we gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işiň gözegçiligini geçirmek.  

Master-planyň işlenip düzülmegi bilen, döwlet statistiki ulgamyny modernizirlemek we milli statistiki ulgamynyň hiliniň kämilleşdirimegi amala aşyrylar. Döwlet statistikasyny kämilleşdirmek, halkara standartlary bilen deňeşdirilip bolýan binýatlaýyn statistikanyň täzelenmegini, halkara statistiki usulyýetlerin girizilmegini, maglumatlary ýygnamak üçin maglumatlar tehnologiýalaryndan peýdalanmagy we statistiki maglumatlary ýygnalmagyny we ýaýradylmagyny we milli statistiki ulgamynyň guralyşynyň düzüminiň kämilleşdirilmegini öz içine alýar. 

Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň nobatdaky gözegçiliginiň geçirilmegi ilatyň ýaýaýyş derejesiniň esasy indikatorlarynyň üýtgeýişiniň meýillerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berer we sowalnamany işläp taýýarlamak, öý hojalyklaryny seçip almak, maglumatlary işläp taýýarlamak we seljermek boýunça potensialy artdyrmaga mümkinçilik berer. 

Gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýetiniň gözegçiligini geçirmeklik, gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti bahalandyrmagynyň usulyny we usulyýet çemeleşmelerini kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň milli hasaplarynyň ähli elementlerinde gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işi doly we hilli görkezmäge itergi berer. Taslama Türkmenistanyň statistiki tejribesine gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti ölçemegiň Gollanmasynyň esasy düzgünlerini girizmäge we gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işi halkara klassifikasýasyna geçmäge mümkinçilik döreder. 

ADBMHU-ny Türkmenistanyň statistikasyna ornaşdyrmakda halkara guramalarynyň: Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG), Halkara walýuta gaznasynyň (HWG) Türk, hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (TIKA) ekspertleri uly kömek berdi. 

OECDTürkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti 1995-nji ýyldan bäri HWG-nyň missiýalary bilen berk hyzmatdaşlyk edýär we milli hasaplamalaryň görkezijileri hasaplananda halkara standartlaryny ornaşdyrmak boýunça ähli missiýalaryň görkezmelerini ýerine ýetirmekde uly üstünlikler gazandy. Meselem, holding peýdasyny hasaplamak HWG-nyň eksperti tarapyndan düzülen maksatnama boýunça geçirilýär; salgytlary we iýmitlere ýeňillikleri deňeşdirilýän nyrhlarda hasaplamak HWG-nyň eksperti (Lisbet Riwas) tarapyndan maslahat berlen usulyýet boýunça geçirilýär; ykdysadyýetiň maliýe böleginde söwda boýunça jemi goşulan gymmat HWG-nyň ekspertiniň görkezmesi boýunça deňeşdirilýän nyrhlarda gaýtadan hasaplanyldy; guramaçylykly däl, gizlin we  hasaba alynmadyk işleri hasaba almak gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti ölçermek boýunça Gollanma laýyklykda (OECD, IMF, 2002) alnyp barylýar.   

TIKA2008-nji ýylda TIKA-nyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine Statistika institutynyň ekspertleri (Türkiýe) geldiler. Türkmenistanyň milli hasaplaryny kämilleşdirmek boýunça belli bir işler geçirildi. 

Bu tapgyrda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti HWG-nyň sebitleýin konsultanty (Dewi Manraj) bilen berk hyzmatdaşlyk edýär. Ekspertiň maslahat bermegi boýunça “Çärýekleýin milli hasaplar boýunça gollanma” (HWG, Waşington, 2001 ý.) hasaplamalar üçin maýanyň, çärýekleýin jemi içerki önümiň sarp edilişini bahalandyrmak üçin maglumat taýýarlanylýar. 

Milli statistikany gowulandyrmak ulgamynda we onuň halkara standartlaryna geçmeginde BMG-nyň, hususan BMG IG, ÝUNISEF, BMGÖM gulluklary işjeň kömek berýärler. 

Milli statistikanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we ony halkara standartlaryna geçirmegiň çäklerinde BMG-niň gulluklary, hususan-da BMG-niň Ilat gaznasy, UNICEF gulluklary işeňňir kömek berýärler.

UNFPA2010-njy ýylda BMG-niň Ilat gaznasynyň «Milli ýazuwy geçirmekde ýardam bermek we soňra Müňýyllygyň Ösüş Maksatlary we 2010-njy ýyl üçin milli maksatnamalar  boýunça hasabat  bermek maksady bilen maglumatlary seljermek we dolandyrmak» maksatnamasynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2010-njy ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnama gol çekildi, onuň çäklerinde Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2012-nji ýyldaky uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçrmek boýunça Utgaşdyryjy komitetiň iş duşuşyklary, ilat ýazuwyny geçirmegiň usulyýet we guramaçylyk meseleleri boýunça halkara ekspertleriniň gatnaşmagynda seminarlar geçirildi, ilat ýazuwyny guramak we geçirmek boýunça tejribe gazanmak, GMU-tehnologiýasy boýunça programma üpjünçiligini öwrenmek maksady bilen ýerlerde okuw-tanyşdyryş işleri guraldy.

2015-nji ýylyň ýanwar aýynda TKM3R31A taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen  BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2015-nji ýyl üçin Ýyllyk iş meýilnama gol çekildi. Bu meýilnamanyň esasy bölümleriniň biri demografik çaklamalary ilat ýazuwynyň maglumatlaryny peýdalanmak bilen Milli meýilnamalaryň bölegi hökmünde ösdürmek ýoly arkaly taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyňky ýaly, sebitleýin statistika edaralarynyň  hem işgärleriniň potensialyny halkara ekspertleriniň gatnaşmagynda demografik maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljermegiň we bermegiň we demografik çaklamlary taýýarlamagyň häzirki zaman we öňdebaryjy usullary boýunça 3 günlük usulyýet seminaryny geçirmek arkaly ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, seljerme geçirmäge we çaklamalary taýýarlamaga ukyply hünärmenleriň sanyny köpeltmek maksady bilen seminara gatnaşmaga Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň we  Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň işgärleri çekiler.

UNICEF2014-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) wekilhanasynyň  2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda Köp görkezijili klasterleýin syn (KGKS-5) geçirmek boýunça özara düşünişmek hakynda (Memorandum) mazmundaky ylalaşyk notasy alyndy.

Şeýle kysymly gözegçilikleriň başlangyjy UNISEF-iň hemaýat bermeginde Türkmenistanda – köp görkezijili indikatorlaýyn synyň «KGIS-3» (2006-njy ýyl) geçirilmegi bilen düýbi tutuldy. Synyň geçirilmegi köp derejede 2000-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň ähli agzalary tarapyndan kabul edilen  Müňýyllygyň deklarasiýasy we çagalaryň ýagdaýy boýunça 2002-nji ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Ýörite sessiýasynda BMG-niň agzasy bolan 189 döwlet tarapyndan kabul edilen “Çagalaryň durmuşy üçin ýaramly dünýä” halkara ylalaşygy bilen döredilen Meýilnama boýunça öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň barşynda monitoringiň talaplary bilen öňe sürüldi we Türkmenistanda çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy barada gymmatly maglumatlary almaga mümkinçiliik berdi.

Täze gözegçiligiň maksady (KGKS-5) – Türkmenistanda çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy hakynda täze we ygtybarly maglumatlary almakdan ybarat. Bu gözegçiligi geçirmäge taýýarlyk görmek işlerine 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda başlandy.

Şeýlelikde, Köp görkezijili klasterleýin syny (KGKS-5) geçirmäge çekilen ministrliklerde we edaralarda häzirki wagtda Utgaşdyryjy geňeşler döredildi hem-de degişli uçastokdaky işler üçin jogapkär adamlaryň topary kesgitlenildi.

Türkmenistanda Köp görkezijili klasterleýin syn (KGKS-5) geçirmek boýunça işleri utgaşdyrmak meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we ylalaşyldy, oňa laýyklykda 2015-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda UNISEF-iň Wekilhanasynda KGKS-5 boýunça Türkmenistan üçin uýgunlaşdyrylan sowalnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin wideo-şekilli mejlis geçirildi.

UNDP“Türkmenmillihasabat” BMGÖM bilen bilelikde 1997-2000-nji ýyllarda Adam ösüşi barada milli hasabaty taýýarlamaga (türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi), 2003-nji ýylda “Müňýyllygyň jarnamasy BMG: Türkmenistanyň ösüşi ” milli ýygyndyny taýýarlamaga gatnaşdy. 

1997-nji ýylyň iýun aýynda BMGÖM bilen bilelikde “Türkmenistanda ýaşaýyş şertleriniň we sosial ösüşiň gözegçiligi” geçirildi. Seçimleýin gözegçiligiň netijeleri boýunça ýaşaýyş şertleri,  kommunal hyzmatlar bilen, uzak peýdalanylýan harytlar bilen üpjünçilik, ilatyň girdejileriniň we çykdajylarynyň derejeleri kesgitlenildi, iş bilen meşgullyk, saglygy goraýyş, migrasiýa meseleleri görkezildi.

BMGÖM-iň goldaw bermegi bilen geçirilen işçi güýçleriniň (1999 ý.), iş bilen meşgullyk we zähmet bazarynyň (2001 ý.) ýörite seçimleýin  gözegçiligi zähmet statistikasyny, zähmet resurslarynyň balanslarynyň hasaplamalaryny gowulandyrmaga, Türkmenistanyň Hökümetine ilatyň iş bilen meşgullygyny ýokarlandyrmak boýunça görkezmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Geçirilen gözegçilikler ýurduň zähmet mümkinçiliklerini, tutuş ýurt boýunça, sebitler boýunça, ykdysadyýetiň pudaklary we bölekleri boýunça ilatyň iş bilen meşgullygyny emele getirmegiň umumy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Oba ilatynyň ykdysady işine, ýaşlaryň ýykgyn edýän ugurlaryna we işe ýerleşdirmegiň mümkinçilkerine jikme-jik gözegçilik edildi. 

“Bazar ykdysadyýeti şertlerinde iş bilen meşgullygyň we zähmet hakyna tölegiň seljerişi we olary düzgünleşdirmegiň ýollary” BMGÖM-iň tehniki taýdan goldaw bermegi bilen amala aşyryldy (2003 ý.). Gözegçiligiň netijesinde aýlyk we sagatlaýyn zähmet hakyna töleg barada, 180 hünär topary boýunça işgärleriň işlän wagtlary barada maglumat alyndy.

2002-nji ýylda BMGÖM-iň taslamasynyň çäklerinde mellek ýerleri bolan öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi geçirildi. Mellek ýerleri bolan öý hojalyklarynyň 0,5%-i bilen sorag-jogap alyşyldy. Gözegçiligiň netijeleri oba hojalygynyň meseleleri boýunça gündelik stastistikanyň maglumatlaryny takyklamaga mümkinçilik berdi. 

BMGÖM bilen bilelikde 2001-2003-nji ýylda döwlet eýeçiligine degişli däl (hususy) bölegiň ösüşiniň ýörite gözegçiligi geçirildi.

2000-nji ýylda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň ösüşiniň toplumlaýyn seçimleýin gözegçiligi” geçirildi. Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylaryň seljerişi geçirildi:

Bulardan başga-da, hususy kärhanalşary ösdürmegiň mümkinçilkleri kesgitlenildi we olara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi boýunça  çäreler işlenip taýýarlanyldy.  

Gözegçiligiň netijeleri gysgaça görnüşde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine we şu maglumata gyzyklanma bildirýän beýleki ulanyjylara iberildi. Şonuň ýaly hem, gözegçiligiň gysgaça netijeleri “Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy” ýygyndyda çap edildi (2000 ý.). 

2001-nji ýylda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmegiň şertleriniň gözegçiligi” geçirildi. Gözegçilik hususy telekeçilikde hojalyk işleriniň şertlerini öwrenmeklige gönükdirildi. 

Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylar geçirildi:

Gözegçiligiň netijeleri gysgaça görnüşde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna iberildi. Gözegçiligiň maglumatlary  “Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy” ýygyndyda çap edildi (2002 ý.).

2002-nji ýylda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanda döwlet eýeçilgine degişli däl bölekdäki kärhanalaryň maýa goýum işjeňliginiň faktorlaryna gözegçilik” geçirildi. Döwlet eýeçilgine degişli däl bölekdäki kärhanalaryň maýa goýum işjeňliginiň faktorlarynyň doly gurşalyp alynmagyny üpjün etmek, şonuň ýaly hem gowy hilli maglumat almak üçin bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalarynyň uçdantutma gözegçiligi we Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň seçimleýin gözegçiligi geçirildi.  Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylar geçirildi: 

2000-2004-nji ýyllarda BMGÖM-iň ýardam bermegi bilen “Türkmenistanda eýeçiligiň ähşli görnüşlerindäki kärhanalara we hususy telekeçilere salgyt salnyşynyň meselelerine gözegçilik” geçirildi. Gözegçilikde eýeçiligiň görnüşleri boýunça, sebitler we ykdysadyýetiň pudaklary boýunça salgyt salnyşynyň hereket edýän shemasynda hojalyk subýektleriniň gazanan ykdysady netijelerine gözegçilik edildi. Hojalyk subýektleriniň ykdysady ösüşi bilen býujetiň salgyt girdejileri bilen üstüniň doldurylyşynyň arabaglanyşygynyň derejesi kesgitlenildi. Hususy telekeçileriň girdejilerine salgyt salnyşynyň meselerine gözegçilik edildi. Nyrh emele geliş meselesi we olaryň salgyt tölenişine ýetirýän täsiriniň derejesi öwrenildi. Ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli däl (hususy), şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli böleklerinde nyrh emele gelişiniň peýdalanylýan shemasynyň seljeriş geçirildi. 

Gözegçiligiň netijeleri boýunça döwlet eýeçiligine degişli däl kiçi kärhanalar boýunça statistiki hasabatyň formasyna we bu kärhanalaryň işleriniň esasy görkezijilerini goşmaça hasaplamagyň usulyýetine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Gözegçiligiň netijeleri gysgaça görnüşde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna iberildi. Gözegçiligiň netijeleri Salgytlar hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanuny taýýarlanylanda peýdalanyldy. 

UNDAF2004-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Hökümeti we BMG tarapyndan Türkmenistan üçin ösüşe ýardam etmek boýunça BMG-nyň bäş ýyllyk (2005-2009 ý.ý.) Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi (ÝUNDAF). ÝUNDAF-yň maksatnamasy halka we Türkmenistanyň Hökümertine milli ösüş maksatlaryna ýetmäge BMG-nyň ýardam etmegine gönükdirilen. Ol hyzmatdaşlygyň özara baglanyşykly üç sany ulgamynda: ykdysady we sosial syýasaty we meýilnamalary işläp taýýarlamak, esasy sosial hyzmatlary daşky gurşawda jemlenýär, onda BMG Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin toplanan tejribeden, tehniki ekspertizadan, maliýe serişdelerinden peýdalanyp biler. 

Bu maksatnamanyň çäklerinde milli statistika edaralary tarapyndan BMG-nyň goldaw bermegi bilen aşakdaky taslamalar amala aşyryldy:

-  “Döwlet maliýe statistikasyny kämilleşdirmek üçin maslahat hyzmatlaryny bermek” (2005-2006 ýý.) taslamasy BMGÖM bilen bilelikde geçirildi. Taslamanyň maksady kärhanalaryň maliýesiniň stastistikasynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekden, maglumatlary we hasabatlary ýygnamak ulgamyny  gowulandyrmakdan, şeýle hem halkara standartlaryny döwlet maliýe statistikasyna ornaşdyrmak boýunça işlerden ybarat;

- “Statistiki mümkinçilkeleri ösdürmek” taslamasy BMGÖM bilen bilelikde geçirildi (2004-2006 ýý.),  onuň maksady: gündelik dolandyryşda zerur bolan yktybarly maglumaty öndürmek üçin, ykdysady we sosial ösüşiň netijeliligine gözegçilik üçin (maglumtlar binýadyny döretmek we ş.m.) milli statistiki ulgamyny gowulandyrmakda goldaw bermek;      

- “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň resmi däl böleginde gözegçilik” taslamasy BMGÖM ýardam bermegi bilen geçirildi (2005 ý.). Resmi däl bölegiň möçberlerini bahalandyrmagyň we ölçermegiň usulyýet meselelerini çözmek üçin öý hojalyklarynyň döwlet eýeçiligine degişli däl bölegiň kärhanalarynyň, hususy telekeçileriň ýöriteleşdirilen gatyşyk gözegçiligi geçirildi. Bu gözegçiligi geçirmegiň usuly ýörelgeleri zähmet boýunça statistikaçylaryň      15-nji Halkara konferensiýasynda (1993ý.) milli hasaplar ulgamynyň üstüni doldurýan öý hojalyklarynyň kiçi bölegi hökmünde resmi däl bölek boýunça maglumatlaryň klassifikasiýalary we ony ýygnamagyň usullary barada kabul edilen kararlara esaslanýar. Gözegçiligiň netijeleri boýunça aşakdakylar amala aşyryldy:

- “Türkmenistanda harytlar we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary” taslama 2005-nji ýylda BMGÖM bilen bilelikde amala aşyryldy. Taslama resmi däl bölegi, döwlet eýeçiligine degişli däl bölekde söwda nyrhynyň üstesini hasaba almak bilen haryt dolanyşygynyň möçberleriniň bahalandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Taslama aşakdaky netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi:

- “Türkmenistanda magumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň elýeterliligini bahalandyrmak” taslamasy (2005-2006 ýý.) BMGÖM bilen bilelikde geçirildi we ilata  hyzmatlaryň şu görnüşleriniň  elýeterliligini  kesgitlemek üçin  iberildi;

-   “Hususy bölek bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda maglumatlar hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugurlary” taslama  (2005-2006ýý.) BMGÖM-nyň ýardam bermegi bilen geçirildi. Taslamanyň maksady adam mümkinçiliklerini ösdürmek maksatlary bilen maglumatlar hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemekden ybarat. Taslama aşakdaky maksatlara ýetmäge mümkinçilik berdi:

- “Ilat öwrenişiň, nesil saglygynyň we gender meseleleriniň arabaglanyşygy barada düşünjäni ýokarlandyrmak” taslamasy BMG IG-nyň goldaw bermegi bilen amala aşyryldy (2005-2009ýý.). Maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň, seljermegiň milli mümkinçilikleriniň hasabatlaryň, aýratyn-da sosial-ykdysady görkezijileriň, ilat öwrenişiň we ösüşiň  seljerişiniň we düzülişiniň halkara standartlaryna laýyklygynyň üpjün edilmeginden ybarat;

- BMG IG-nyň “Ilat öwreniş nesil saglygy barada maglumatlary ýygnamak, seljermek we ýaýratmak üçin halkara standartlaryny girizmek” taslamasy 2005-2009-njy ýyllarda amala aşyryldy. Taslamanyň netijesi – nesil saglygy, ilat öwreniş we ösüş boýunça esasy görkezijileri hasaplamagyň esasy ugurlaryny we usulyýetini halkara standartlaryna laýyklykda işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak;

- “Türkmenistanda ilatyň iş bilen meşgullygynyň we girdejileriniň gender jähtleri” taslama Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiliginiň mysalynda BMG IG bilen bilelikde 2005-nji ýylda ilatyň iş bilen meşgullygy we girdejileri ulgamynda emele gelen ýagdaýy seljermek üçin we gender tapawutlaryny ýüze çykarmak üçin geçirildi. Gözegçiligiň alnan netijeleri  ýurduň ähli sebitlerinde ilat öwreniş ulgamynda gender we beýleki meseleler boýunça ilatyň (öý hojalyklarynyň agzalarynyň) pikiriniň seçimleýin sosiologik gözegçiligini geçirmek zerurçylygyny ýüze çykardy;

- “Reproduktiw saglyk, gender meseleleriniň, ilat we ösüşiň arabaglanyşygy meselelerinden ilatyň habardarlygy” taslama BMG IG bilen bilelikde geçirildi (2006 ý.).  Bu gözegçiligiň maksady Türkmenistanyň ilatynyň reproduktiw saglyk, gender meseleleriniň, ilat we ösüşiň arabaglanyşygy meselelerinden  habardarlygyna gözegçilik etmekden ybarat;