Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Halkara hyzmatdaşlyk | Müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça maglumatlar binýady  

Genstat Region maglumatlar binýady

Türkmenistnda amala aşyrylýan ykdysady, sosial maksatnamalaryň we taslamalaryň köpüsini işläp taýýarlamak üçin ilat barada giňişleýin anyk maglumat almak zerurçylygy ýüze çykdy (jynsy, ýaşy boýunça ilatyň sany wedüzümi, iş bilen meşgullyk we beýleki maglumatlar). IV Bütindünýä Pekin Konferensiýasynyň Aýallaryň Ýagdaýy (1995ý.) boýunça hereketleriň Platformasynyň Pekin Jarnamasyny durmuşa geçirmegiň milli meýilnamasyna laýyklykda, milli statistikanyň, şeýle hem halkara tejribeleri boýunça hasaplamalaryň halkara tejribesinde kabul edilen hasaba alyş we statistika ulgamyna laýyklygyny üpjün etmek maksatlary bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda gender tapawutlarynyň görkezijilerini özünde jemleýän döwlet statistiki hasabatyny özgertmek dowam etdirilýär.


Genstat Region maglumatlar binýady СУБД MS Access 2002 taslamalaşdyryldy we 1995-nji ýyldan başlap sebitler boýunça (etraplar we şäherler boýunça 2000-nji ýyldan başlap) gender jähtlerinde statistiki görkezijileri özünde jemleýär:

Döwlet we administratiw hasabatyň 41 sany statistiki formalaryndan gender boýunça dürli döwürleýin 1537 görkeziji işlenilýär.

Genstat Regionda her bir görkeziji üçin çägi we wagtyň döwrüni erkin saýlap almak göz öňünde tutulýar.

Görkezijini saýlap almak degişli bölümiň ady boýunça sag düwme bilen syçana basylanda ýüze çykýan ýörite kontekst menýusynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Wagtyň döwrüni saýlap almak. 1995—2007 ýyllar aralygyndaky döwür ýatlatmazdan bellenilen. Işiň dowamynda maglumatlar binýady bilen görkezilen döwrüň başlangyç we ahyrky ýyllaryny üýtgetmek bolýar, şeýle hem ýyllary aýratynlykda girizip bolýar (munuň üçin 3 sany goşmaça meýdan göz öňünde tutulýar).

Çägi saýlap almak üçin çägiň her bir adyndan çepde syçanyň çep düwmesini basmak arkaly «flažok» bellemeli. Her bir welaýat bilen işlemek oňaýly bolar ýaly ýörite düwmeler göz öňünde tutulýar + (ähli etraplary we şol welaýatyň şäherlerini saýlap almagy işjeňleşdirýär — (bu welaýatyň

etraplaryny we şäherlerini saýlap alynmagyny ýatyrýar).