Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Halkara hyzmatdaşlyk  

Müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça maglumatlar binýady

Türkmenstat tarapyndan Müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça milli hasabatyň taýýarlanmagyna gatnaşmak boýunça işler dowam etdirilýär 

2013-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gös-göni utgaşdyrmagynda Müňýyllygyň ösüş maksatlary (MÖM) boýunça milli hasabaty taýýarlamak barada ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 13 sanysynyň wekillerinden ybarat pudagara topar döredildi. 

2013-nji ýylyň ikinji ýarymynda pudagara toparyň döwlet we pudaklaýyn hasabatlarda görkezijileriň bardygyna hem-de olaryň usulyýetiniň halkara standartlaryna laýyk gelşine seretmek boýunça mejlisi bolup geçdi. MÖM boýunça ilerlemeleriň gözegçiligi üçin ýyllar boýunça ösüşini bermek bilen görkezijiler taýýarlandy, şol görkezijiler halkara ekspertizasyndan geçdi (BMG-niň Ösüş maksatnamasy).

2014-nji ýylyň fewral aýynda halkara ekspertiniň pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň jemleri boýunça taýýarlan “MÖM boýunça Türkmenistanyň hasabatyna goşmak üçin maglumatlara baha bermek” (Ynsan ösüşi hakyndaky hasabat boýunça maglumatlara goşmaça syn bermek bilen) diýen hasabaty berildi. 


Türkmenstatyň halkara hyzmatdaşlygyndaky wakalar 

2014-nji ýylyň 10–11-nji noýabrynda “Çagalar üçin has netijeli sosial adalatlylygy üpjün etmek maksady bilen geçirilýän geçiş monitoringi. Çaganyň hukuk monitoringi, sosial adalatlylyk hakynda maglumatlar: potensial we meseleler” diýen tema bagyşlanyp, Lýuksemburg şäherinde geçirilen seminara Türkmenstatyň wekili gatnaşdy. Bu seminaryň maksady statistikanyň milli býurosy bilen hyzmatdaşlygy berkitmekden, çagalaryň abadançylygynyň möhüm görkezijileri hakyndaky milli maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak, Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň çagalaryň abadan ýaşaýşy hakyndaky görkezijileriň ýokary hilli, ygtybarly, deňeşdirerlik we peýdalanyjylar üçin TransMonEE (TM) maglumatlar binýadynyň üsti bilen elýeterli bolmagy  babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

TransMonEE (TM) boýunça tanyşdyryş çäreleri, köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmalar we halkara ekspertler we hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi.

2014-nji ýylyň 23-nji oktýabryndan 29-njy oktýabry aralygynda Panamada Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyň bäşinji tapgyryny (KGKB–5) meýilnamalaşdyrmak boýunça seminar geçirildi we onuň işine Türkmenstatyň wekilleri hem gatnaşdy.

Bu seminaryň maksady KGKS-i maliýeleşdirmek, guramak, dolandyrmak we utgaşdyrmak boýunça amaly endikleri berkitmekden, KGKB-niň kömegi bilen çagalaryň we aýal-gyzlaryň ýagdaýy boýunça maglumatlary ýygnamak üçin görkezijilere we maslahat berilýän gözegçilik usulyýetine düşünmegi gowulandyrmakdan,  KGKB–5 boýunça milli gözegçiligi geçirmek üçin iş meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmekden ybarat boldy.

Seminaryň barşynda tanyşdyryş çäreleri, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalar we halkara ekspertler hem-de KGKB-ni geçirmek boýunça eksprtler we hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi.

Seminaryň ahyrynda Türkmenistanda KGKS–5 gözegçiligini geçirmegiň meýilnama-çyzgydynyň we býujetiniň taslamasy düzüldi, ýolbaşçylyk ediji we tehniki komitet üçin tehniki ýumuşlar taýýarlandy.

2014-nji ýylyň 13–15-nji oktýabrynda Türkmenstatyň hünärmenleri  “Halkara deňeşdirmeler maksatnamasynyň (HDM) geljekki tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak” taslamasynyň çäklerinde bilelikde işleşmek üçin Türkiýäniň Statistika institutynda (Ankara şäheri) boldular. Bu taslamanyň başlanan wagtyndan bäri Türkmenstatyň hünärmenleri ony tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ençeme çäreleri amala aşyrdylar. 

 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Ýewrostat, ESKATO, BMG-ňiň Ýewropa Ykdysady Komisiýasy, Ýewropa Erkin söwda assosiasiýasy tarapyndan Mongoliýanyň Milli statistika edarasynyň gatnaşmagynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirilen Milli statistika ulgamlaryny ösdürmek üçin global bahalandyrma boýunça ýokary derejeli seminara TürkmenStatyň wekili gatnaşdy.

Ýokary derejeli seminar global bahalandyrmanyň resmi statistikanyň ösüşine hem-de netijede statistik önümçiligiň peýdalanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga edýän täsiri boýunça Aziýa ýurtlary bilen oňyn tejribeleri alyşmak maksady bilen geçirildi.

Bu seminar gyzyklanýan milli we halkara taraplar üçin Mongoliýanyň global bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça tanyşdyryş çykyşlarynyň, şeýle hem Mongoliýanyň statistika ulgamynyň 90 ýyllyk baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde geçirildi.

Müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça maglumatlar binýady

2000-nji ýylyň sentýabrynda togsanynjy ýyllarda halkara konferensiýalarynda we bütindünýä sammitlerinde kabul edilen esasy ösüş maksatlary ýurtlaryň wekilleri we döwletleriň baştutanlary tarapyndan Müňýyllygyň Jarnamasyna girizildi (BMG-nyň Müňýyllygyň bosagasynda ösüş ulgamynda Maksatlar). Olar 8 maksat, 18 wezipe we 40-dan gowrak görkeziji degişli.

2003-nji ýylda Türkmenistanda BMGÖM—iň goldamagy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, SGweDSM, Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde «Müňýyllygyň bosagasynda ösüş ulgamyndaky maksatlar: Türkmenistanyň hasabaty» seljeriş syny taýýarlanyldy.

1990-2015-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin Müňýyllygyň Jarnamasynda bellenen ösüş ulgamynda maksatlar Dünýä Jemgyýetçiligini jebisleşdirmekden we talaba laýyk ýaşaýyş üçin mümkinçilikleri saýlap almagyň dürli şertlerinde adamlaryň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmekden ybarat.

BMG-nyň müňýyllygyň maksatlarynyň Jarnamasynda bellenen köp wezipeler Türkmenistanda häzirki wagta çenli eýýäm çözüldi. Meselem, dünýä geriminde II maksadyň çäklerinde «2015-nji ýyla bütin dünýäde çagalaryň, oglanjyklaryň hem, gyzjagazlaryň hem doly möçberde başlangyç mekdep bilimini almaga mümkinçiliklerini üpjün etmek» 3 wezipäni çözmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda bu wezipe eýýäm üstünlikli çözüldi, şol sebäpli bilimiň täze «Ilata ähli derejelerde gowy hilli bilimiň elýeterliligini giňeltmek we bilim ulgamynda dünýa standartlaryna ýetmek» 2 wezipede bellenen bilimiň hil taýdan has ýokary basgançagy göz öňünde tutýar.

BMG-nyň müňýyllygyň Jarnamasynyň maksatlary boýunça wezipeleriň tutuş sanawyna gaýtadan seresildi we 18 wezipäniň ýerine maksatlaryň düzüminde Türkmenistan boýunça 2015-nji ýyla çenli hil taýdan täze goýlan 13 wezipäni çözmek göz öňünde tutulýar.

Jarnamada bellenen ösüş ulgamynda maksatlar, maksatlaryň düzümindäki wezipeler

 
№№ maksat lar t.b.Müňýyllygyň Jarnamasy boýunça maksatlaryň mazmuny1990—2015 ýý. üçin wezipeler
kabul edilen Müňýyllygyň Jarnamasy boýunçaTürkmenistanyň şertlerini göz öňünde tutmak bilen nutkda
I maksat Aşa garyplygy we açlygy ýok etmek 1 wezipe. 1990—2015 ýyllarda bir günde girdejisi 1 amerikan dollaryndan az bolan ilatyň paýyny iki esse azaltmak 1 wezipe. 2000—2015 ýyllarda ortaça aýlyk girdejisi 50% -den az bolan ilatyň paýyny üç esse azaltmak
    2 wezipe. 1990—2015 ýyllarda açlykdan ejir çekýän ilatyň paýyny iki esse azaltmak  
II maksat Ählumumy başlangyç bilimi üpjün etmek 3 wezipe. 2015 ýyla bütin dünýäde ähli çagalaryň, oglanjyklaryň hem, gyzjagazlaryň hem doly möçberde başlangyç mekdep bilimini almaklaryny üpjün etmek 2 wezipe. Ilata ähli derejelerde gowy hilli bilimiň elýeterliligini giňeltmek we bilim ulgamynda dünýä standartlaryna ýetmek
III maksat Erkekleriň we aýallaryň arasynda deňligi we aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçiliklerininiň giňeldilmegini üpjün etmek 4 wezipe. Mümkin boldugyça 2005 ýyla başlangyç, orta, bilim gurşawynda, 2015 ýyldan gijä galman bolsa bilimiň ähli derejelerinde jynslaryň arasynda deňsizligi ýok etmek 3 wezipe. 2015 ýyla bilimiň ähli derejelerinde, aýratyn-da üçünji basgançakda gender deňsizligini ýok etmek
      4 wezipe. 2015 ýyla girdejilerde we zähmet bazarynda gender deňsizligini azaltmak
IY maksat Çaga ölümçiligini kemeltmek 5 wezipe. 1990—2015 ýyllarda bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda ölümçiligini üçden iki esse azaltmak 5 wezipe. 2000—2015 ýyllarda bäbek ölümçiligini 2,1 esse azaltmak.
Y maksat Eneligiň goralylygyny gowulandyrmak 6 wezipe. 1990—2015 ýyllarda ene ölümçiliginiň koeffisiýentini dörtden üç esse azaltmak 6 wezipe. 2000—2015 ýyllarda ene ölümçiligini iki esse azaltmak
YI maksat AIW/AIDS-e, gyzzyrma we beýleki kesellere garşy göreş 7 wezipe. 2015 ýyla AIW/AIDS-iň ýaýramagyny togtatmak we keselleýjiligi azaltmak meýilleriniň başlangyjyny ýola goýmak 7 wezipe. Ýurtda AIW/AIDS bilen keselleýjiligiň öňüni almak
    8 wezipe. 2015 ýyllarda gyzzyrmanyň we beýleki esasy keselleriň ýaýramagyny togtatmak we keselleýjiligi azaltmak meýilleriniň başlangyjyny ýola goýmak 8 wezipe. 2000—2015 ýyllarda inçekesel bilen keselleýjiligi üçden bir esse azaltmak
YII maksat Ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek 9 wezipe. Durnukly ösüş ýörelgelerini ýurduň strategiýalaryna we maksatnamalaryna goşmak we tebigy baýlykalryň azalmagyny togtatmak 9 wezipe. Tebigy baýlyklaryň azalmagyny togtatmak
    10 wezipe. 2015 ýyla arassa agyz suwy elýeterli bolmadyk ilatyň paýyny iki esse azaltmak 10 wezipe. Arassa agyz suwy hemişe elýeterli bolmadyk ilatyň paýyny azaltmak
    11 wezipe. 2020 ýyla iň azyndan harabalykda ýaşaýanlaryň 100 million sanysynyň ýaşaýşyny düýpli gowulandyrmak 11 wezipe. 2020-nji ýyla ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini düýpli gowulandyrmak
YIII maksat Ösüş maksatlary bilen global hyzmatdaşlygy emele getirmek 12 wezipe. Açyk, düzgünleşdirilýän, öňünden belli bolan we jyndy deňsizlik bolmadyk söwda we maliýe ulgamyny döretmegi dowam etdirmek 12 wezipe. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak
    13 wezipe. Az ösen ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak 13 wezipe. Terrorçylygyň ýüze çykmagyna we terrorçylykly hereketleriň taýýarlanylmagyna garşy göreşi dowam etdirmek
    14 wezipe. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň we kiçi adaly ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak (kiçi adaly ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça haraketleriň Maksatnamasyny we Baş Assambleýanyň ýigrimi ikinji ýörite sessiýasynyň çözgütlerini amala aşyrmak arkaly)  
    15 wezipe. Ösüp barýan ýurtlaryň bergililik meselesini milli we halkara çäreleriň kömegi bilen bergililik derejesi uzak möhletletli kabul ederlikli bolar ýaly toplumlaýyn çözmek  
    16 wezipe. Ösüp barýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda ýaş adamlara mynasyp iş tapmaga mümkinçilik berýän startegiýalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak  
    17 wezipe. Ösüp barýan ýurtlarda farmasewtik kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda gymmat bolmadyk esasy derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek  

Müňýyllygyň ösüş Maksatlarynyň (MÖM) görkezijileri boýunça maglumatlar binýady DevInfo 5.0 (adam ösüşine gözegçilik üçin niýetlenen maglumatlar binýadyny dolandyryş ulgamy) programmadan peýdalanmak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Bu programma MÖM maksatnamasyny we hereketleriň beýleki milli meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hasabatlary düzmek üçin BMG maslahat berilýär.

«TurkmenInfo» («Devinfo») statistiki binýada 69 sany görkeziji, şol sanda MÖM—iň 30-dan gowrak görkezijisi girýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti esasy maglumat çeşmesi bolup durýar. Aýratyn görkezijiler boýunça maglumatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan berildi.

Ulanyjynyň oňaýly interfeýsi maglumatlar binýadyndan gerekli görkezijileri çalt saýlap almaga, soňra tablisalary, grafikleri we kartalary düzmäge we prezentasiýa döretmäge mümkinçilik berýär.

DevInfo ulgamynda iş boýunça jikme-jik maglumat Sprawka menýusynda (Mazmuny bölekde) bolýar.

DevInfo screen