Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Halkara hyzmatdaşlyk  

 

Resmi däl terjime

 

Resmi statistikanyň esasy ýörelgeleri *

Ýörelge 1. Resmi statistika demokratik jemgyýetiň maglumatlar ulgamynyň çalşyryp bolmajak bölegi bolup, dolandyryş edaralaryna, ykdysady subýektlere we jemgyýetçilige ykdysady, demografik, sosial we ekologik ýaýrawlaryndaky ýagdaý barada maglumatlary berýär. Şu maksat bilen, amaly peýdalylygyň talaplaryny kanagatlandyrýan resmi statistik maglumatlar adalatlylyk esasynda raýatlaryň hemmelere elýeterli maglumatlara bolan hukugynyň ornaşdyrylmagynyň bähbitleri üçin resmi statistika edaralary tarapyndan ýygnalmalydyr we ýaýradylmalydyr.

 

Ýörelge 2. Resmi statistika bolan ynamy saklamak üçin statistika edaralarynyň, ylmy ýörelgeleri we hünärmenlik edebiniň kadalaryny goşmak bilen, berk hünärlik çemeleşmelerine esaslanyp, statistik maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň we ýaýratmagyň usullary we düzgünleri baradaky çözgütleri kabul etmekleri zerurdyr.

 

Ýörelge 3. Maglumatlaryň dogry düşünilmegine ýardam etmegiň bähbitleri üçin statistika edaralary statistik maglumatlaryň çeşmeleri, staistik usullary we düzgünleri babatyndaky maglumatlary ylmy standartlaryna laýyklykda bermelidirler.

 

Ýörelge 4. Statistika edaralarynyň statistik maglumatlarynyň ýalňyş düşünilmegi ýa-da nädogry peýdalanylmagy hakynda teswirleme bermäge hukuklary bardyr.

 

Ýörelge 5. Statistik maksatlary üçin maglumatlar çeşmeleriň ähli görnüşlerinden, ýagny statistik gözegçiliklerinden ýa-da administratiw binýatlardan alnyp bilner. Statistika edaralary çeşmäni hil, öz wagtyndalyk, çykdajylar we respondente düşýän iş ýüki nukdaý nazaryny göz öňünde tutup saýlamalydyrlar.

 

Ýörelge 6. Statistik taýdan işläp taýýarlamak üçin statistika edaralary tarapyndan ýygnalan hususy maglumatlar, olaryň fiziki ýa-da ýuridiki şahslara degişlidigine garamazdan, berk ýaşyrynlyk häsiýetine eýe bolmalydyrlar we diňe statistik maksatlar üçin peýdalanmalydyrlar.

 

Ýörelge 7. Statistika ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýan kanunlar, kadalar we çäreler aç-açan bolmalydyrlar.

 

Ýörelge 8. Statistika ulgamynyň işiniň yzygiderliligini we netijeliligini üpjün etmek üçin ýurduň içindäki statistika edaralarynyň arasyndaky utgaşdyrmak işiniň uly wajyp ähmiýeti bardyr.

 

Ýörelge 9. Halkara konsepsiýalarynyň, klassifikasiýalarynyň we usullarynyň her bir ýurduň statistika edaralary tarapyndan peydalanylmagy, ähli resmi derejelerde statistik ulgamlaryň işiniň ylalaşykly we netijeli bolmagyny üpjün etmäge ýardam edýär.

 

Ýörelge 10. Statistik ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ähli ýurtlarda resmi statistikanyň ulgamyny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

 

______________________________________

* Birleşen Milletler Guramasy.  A/RES/68/261, Baş Assambleýa, altmyş sekizinji sessiýa, gün tertibiniň 9 punkty.

BMG Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda kabul eden rezolýusiýasy [baş komitetlere geçirmezden (A/68/L.36 и Add.1)]