Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

Hünär derejesini ýokarlandyrmak  

Seminarlar we kurslar

16.02.2015

Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda döwlet statistikasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipäni ýerine ýerirmekligiň çäklerinde sebitleýin statistika edaralarynyň işgärleriniň hünär bilimlerini artdyrmak, olary statistikanyň ösüşindäki täze meseleler we olaryň çözülişi hakynda habarly etmek maksady bilen, Türkmenstatyň sebitleýin statistika müdirlikleriniň işgärleri üçin statistikany ösdürmegiň derwaýys meseleleri boýunça toplumlaýyn okuwlar  başlandy.

Bu okuwlar 48 sagatlyk okuw maksatnamasy esasynda işgärleriň toparlary boýunça dört tapgyrda geçirilýär. Şoňa laýyklykda, hususan, şu meseleler öwrenilýär: Türkmenistanyň statistika ulgamyna global baha berişiň netijeleri we döwrebaplaşdyryş boýunça täze wezipeler; statistik seljerişiň derejeleri, usullary hem-de guralyşy; senagat önümleriniň täze klassifikasiýasy we onuň bilen baglylykda statistik hasaba alyşdaky üýtgeşmeler; oba hojalyk önümçiliginiň ykdysady netijeliligine häzirki maglumatlar binýady esasynda statistik taýdan baha bermegiň aýratynlyklary; önümçilik we sosial-medeni obýektleriň gurluşygy, işe girizilişi we potratçylyk işi hakyndaky statistik maglumatlary ýygnamagyň we işlemegiň amaly meseleleri; söwdanyň we ilata tölegli hyzmatlaryň statistikasynyň ösüşi; kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň seljerilişiniň statistik jähtleri; ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň seljermesinde pudaklaýyn statistika bölüm birlikleriniň işiniň özara baglanyşygy; işçi güýjüniň seçimleýin statistik gözegçiliginiň hilini mundan beýlägem ýokarlandyrmagyň meseleleri; öý hojalyklarynyň seçimleýin statistik gözegçiligini geçirmegiň iň möhüm usulyýet düzgünleri; daşky gurşawyň hem-de jemagat hojalygynyň statistikasyny ösdürmegiň meseleleri; Hojalyk subýektleriniň statistiki sanawynyň ýöredilişindäki we statistik klassifikatorlardaky täzelikler.

Häzirki wagtda, ýagny şu ýylyň 9–14-nji fewraly aralygynda, okuwyň sebitleýin statistika müdirlikleriniň merkezi edaralarynyň işgärleri üçin niýetlenen birinji tapgyry tamamlandy. Onuň nobatdaky 16-njy fewraldan 21-nji marta çenli aralykdaky tapgyrlarynda etrap (şäher) statistika bölümleriniň işgärleri üçin sapaklar geçiriler.


13.02.2015

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp, “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe statistika jemgyýetiň aýnasydyr” diýen tema boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň umumy we bölümleýin mejlislerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary, ykdysady ylymlar boýunça alymlyk derejesine dalaşgärler, Türkmenstatyň hem-de beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlar esasan ýurduň statistika ulgamynyň işiniň ylmy, usulyýet we amaly meselelerine bagyşlandy.  

Şol gün bu çäräniň çäklerinde statistika boýunça talyplaryň bilim bäsleşigi hem geçirildi.  Oňa ýurduň dürli ýokary okuw mekdeplerinden gelen talyp ýaşlar gatnaşdylar we statistika babatdaky bilimleri boýunça ýaryşdylar. Ýeňijiler bäsleşigiň dürli derejeli diplomlary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bu çäreler ýurduň sosial-ykdysady ösüşi hakyndaky habarlaryň möhüm çeşmesi hökmündäki resmi statistika jemgyýet tarapyndan gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygyny görkezdi.  


 HALKARA SEMINARLARA GATNAŞYLYŞY 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarylandyrmak maksady bilen okuw maslahatlary we gysga möhletli okuwlar halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylyp, ol ýurduň çäklerinden daşarda we onuň içinde halkara guramalary bilen bilelikde ýygy-ýygydan guralýar.

2014-nji ýylda ýurduň çäklerinden daşarda aşakda görkezilen çärelere gatnaşyldy.

2014-nji ýylyň dekabr aýynda Ilaty hasaba alyş müdirliginiň bir işgäri BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) tarapyndan guralyp, Rumyniýa Respublikasynyň Buharest şäherinde geçirilen, mekdebe gatnamaýan çagalaryň ýagdaýyna çözegçilik etmäge bagyşlanan okuw seminaryna gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan, Awstriýanyň Wena şäherinde 2014-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen “Senagat statistikasyny kämilleşdirmek we seljermeleri üçin senagatyň görkezijilerini ösdürmek” atly okuw maslahatyna Senagatyň statistikasy we seljerişi müdirliginiň işgäri gatnaşdy.

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Lýuksemburg şäherinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) guramagyndaky, “Çagalar üçin sosial adaltlylygyň has netijeli üpjün edilmegini gazanmak maksady bilen geçirilen transformasion gözegçiligi (TransMonEE). Çaga hukuklarynyň berjaý edilişiniň gözegçiligi, sosial adalatlylyk baradaky maglumatlar: mümkinçilikler we kynçylyklar” temasyndaky okuw maslahatyna Zähmetiň we iş hakynyň statistikasy müdirliginiň bir işgäri gatnaşdy.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň Statistika bölümi (UNIСE) tarapyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Statistika edaralarynda işgärleri dolandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak meselesine bagyşlanyp geçirilen işgärleri dolandyrmagy we okatmagy kämilleşdirmek, statistikanyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmagy ara alyp maslahatlaşmak boýunça okuw seminaryna Türkmenstatyň Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirliginiň başlygynyň orunbasary gatnaşdy.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) tarapyndan, Panama Respublikasynyň Panama şäherinde geçirilen Köp sanly görkezijiler boýunça klasterleýin synyň 5-nji tapgyry boýunça tejribe alyşmak we meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen, Köp sanly görkezijiler we klasterleýin syny meýilnamalaşdyrmak boýunça okuw maslahatyna Ilaty hasaba alyş müdirliginden iki wekil gatnaşdylar.

2014-nji ýylyň iýul we oktýabr aýlarynda Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi (TIKA) tarapyndan, “Statistika ulgamynda hyzmatdaşlyk taslamasynyň” çäklerindäki “Halkara Deňeşdirmeleri Maksatnamasy” boýunça, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri üçin geçirilen okuw maslahatyna Türkmenstatyň merkezi diwanynyň ady agzalan maksatnama boýunça deňeşdirme gözegçiligini amala aşyrmaklyga gatnaşýan pudaklaýyn müdirliklerinden we sebitleýin statistika müdirliginden ýolbaşçysylar gatnaşdylar. Bu çarä gatnaşyjylar onuň maksadyna laýyklykda nyrhlara gözegçiligi amala aşyrmak, harytlary görnüşleri boýunça deňeşdirmek üçin JIÖ-niň çykdajylaryny hasaplamak, maýa toplaýşynyň we JIÖ-niň beýleki düzüm  bölekleriniň ahyrky peýdalanyş usuly arkaly hasaplanylyşynyň usulyýetleri, JIÖ-ni hasaplamagyň maglumat çeşmeleri babatda özara tejribe alyşdylar.

2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýa Respublikasynyň Ulan-Bator şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň Statistika bölüminiň sebitleýin geňeşçisiniň we Mongoliýanyň Milli statistika edarasy tarapyndan Ýewrostat we Ýewropa Erkin söwda assosiasiýasy bilen bilelikde Mongoliýanyň bütindünýä bahalandyrmasynyň netijeleri bilen tanyşdyrmak boýunça geçirilen ýokary derejeli okuw maslahatyna Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirliginiň başlygy, Milli statistika ulgamlaryny ösdürmek üçin Bütindünýä bahalandyrmasynyň çäklerinde özüňe baha beriş taslamasynyň TürkmenStat boýunça utgaşdyryjysy gatnaşdy.

Şeýle hem, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýewropa Komissiýasynyň Statistika edarasy (EUROSTAT) tarapyndan Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäherinde milli statistika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda usullary kämilleşdirmek we halkara standartlaryna laýyklyklaşdyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň statistika edaralarynyň dolandyryjy wezipeli işgärleri üçin “Statistika ulagamlarynda hil derejesi: özgermelerden nädip baş çykarmaly?” ady bilen geçirilen ýokary derejeli okuw maslahatyna Maliýe statistikasy we seljerişi müdirliginiň başlygy we Milli hasaplar müdirliginiň baş hünärmeni gatnaşdylar.

BMG-niň ösüş maksatnamasy we Aziýa döwletleriniň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş maksatnamasy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) tarapyndan 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna Türkmenstatyň Durmuş statistikasy müdirliginiň başlygy gatnaşdy.

2014-nji ýylyň iýul-awgust aýlary aralygynda Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça Koreýa Agentligi (KOIСA) tarapyndan Günorta Koreýanyň Dedžon we Seongnam şäherlerinde geçirilen Koreýanyň statsistika ulgamy bilen tanyşdyrmak we oňa gatnaşýan milli statistika edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Statistika ulgamynda mümkinçilikleri pugtalandyrmak” atly gysga möhletleýin okuwyna Nyrhlaryň statistikasy we seljerişi müdirliginiň baş hünärmeni we Jemleýji ykdysady seljeriş we maglumatlar müdirliginiň esasy hünärmeni gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Nižnyý Nowgorod şäherinde 2014-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen statistikanyň döwrebaplaşdyrmagy boýunça çäreleri goldamak üçin zerur bolan standartlary ara alyp maslahatlaşmak hem-de iş tejribesinde bu standartlary ulanmak üçin degişli teklipleri bermek maksady bilen geçirilen “Resmi statistikany kämilleşdirmek” atly ýokary derejeli okuw maslahatyna Türkmenstatyň 2 sany ýolbaşçy düzüm birlikleriniň işgärleri gatnaşdy.

2014-nji ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hemde BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça Guramasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen tokaý harytlary barada statistiki maglumatlary ýygnamak we onuň usulyýeti babatynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, Halkara oba hojalyk okuw merkezinde tokaý harytlarynyň statistikasy ulgamynda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Oba hojalygynyň statistikasy we seljerişi müdirliginiň baş hünärmeni gatnaşdy.

Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Statistika edarasy tarapyndan 2014-nji ýylyň maý aýynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde Milli hasaplar barada nazaryýet we amaly taýdan tejribe alyşmak, şeýle hem milli hasaplar ulgamynyň esaslary hem-de başlangyç maglumatlaryň özara baglanyşygy we maglumatlaryň berlişi bilen tanyşmak maksady bilen geçirilen “Milli hasaplar – binýatlaýyn kurs” atly okuw sapagyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirliginiň başlygynyň orunbasary gatnaşdy.

2014-nji ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň Statistika bölümi tarapyndan Şwesariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Gündogar Ýewropa, Kawkaz, Merkezi Aziýa we günorta-gündogar ýurtlarynda 2008-nji ýyldaky Milli hasaplar ulgamyny ulanmak we durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda halkara tejribelerini öwrenmek maksady bilen geçirilen Milli hasaplar boýunça Ekspertler toparynyň mejlisine hem-de ýörite maslahatynaTürkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirliginiň başlygy gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 47-nji mejlisine 2014-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilaty hasaba alyş müdirliginiň başlygy gatnaşdy.

2014-nji ýylyň mart aýynda Ýewropa Komissiýasynyň Statistika edarasy (EUROSTAT) tarapyndan Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde milli statistika edaralarynda statistiki maglumatlary ýaýratmak bilen gündelik meşgullanýan işgärleriň tejribe endiklerini pugtalandyrmak we bu ugurda usullary öwrenmek maksady bilen “Statistiki maglumatlary ulanyjylar  üçin amatly görnüşde ýaýratmak” atly okuw maslahatyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Jemleýji ykdysady seljeriş we maglumatlar müdirliginiň başlygynyň orunbasary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilaty hasaba alyş müdirliginiň baş hünärmeni 2014-nji ýylyň mart aýynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde geçirilen STEPS-i öwrenmeklikde maglumatlary we hasabatlary seljermek boýunça okuw maslahatyna hem gatnaşdy. Bu okuw seminarynda göz öňünde tutulan ýokanç däl keselleriň töwekgelçiligi ýagdaýlary boýunça maglumatlary seljermek, neşir etmek we halk köpçüligine ýaýratmak maksady bilen taýýarlamak üçin hünärmenleriň ýurt derejesinde mümkinçiliklerini pugtalandyrmak maksady öz beýanyny tapdy.

2014-nji ýylyň mart aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasy tarapyndan Şwesariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde gender statistikasy boýunça özara tejribe alyşmak hem-de bu ugurda halkara statistiki işlerini, şeýle hem Gündogar Ýewropa, Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bar bolan gender deňliginiň görkezijilerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen iş mejlisine hem-de okuw maslahatyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Zähmetiň we iş hakynyň statistikasy müdirliginiň başlygy gatnaşdy.


 

Milli statistika edaralarynyň işgärleriniň okuw seminarlary, kurslary görnüşinde hünär derjesiniň ýokarlandyrylmagy, esasan, ýurduň çäklerinden daşarda hem, ýurduň içinde hem halkara guramalary bilen bilelikde geçirilýär.

1999-njy ýylda Moldawiýada (Kişinýow ş.) gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýet boýunça halkara seminar geçirildi, oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň hem statistika edaralaryndan gelen hünärmenler gatnaşdy. Seminaryň çäklerinde ykdyýetiň gözegçilik edip bolmaýan işleriniň gerimlerini kesgitlemek meseleleri öwrenildi. Bu seminaryň usulyýet maslahatlary TASIS-iň “Daşary söwdanyň statistikasy” (ÝeB, “Statistika-5”) taslamasynyň çäklerinde daşary söwdanyň statistikasynda söwda-ykdysady işler boýunça maglumatlar bilen doly gurşalyp alnyş synag edildi.

“Statistika-5” taslamasynyň “Kärhanalaryň statistikasy” diýen düzüm bölegi boýunça ÝeB-iň bilermenleri tarapyndan (esasy konsultantlar) 2003-nji ýylda milli statistika edaralarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary geçirildi. Seminaryň maksady sebitleýin statistika edaralarynyň işgärlerine kärhanalaryň statistikasynyň usulyýet esaslaryny öwretmekden: esasy düşünjeleri we ugurlary, şonuň ýaly-da seçimleýin gözegçilikleri geçirmek boýunça tejribäni geçirmekden ybarat. Seminar ýewropaly bilermeniň (М. Маriani) gatnaşmagynda geçirildi.

Bulardan başga-da, “Statistika-5” taslamasynyň çäklerinde şu seminarlar geçirildi:

2003-nji ýylyň dowamynda ТАСIS (Statistika-8) maksatnamasy boýunça sebitleýin we merkezi statistika edaralarynyň işgärleri üçin “Önüm öndürijileriň nyrhlaryna we sarp ediş nyrhlaryna gözegçilik ulgamynyň usulyýeti” diýen seminar geçirildi, onda aşakdaky meselelere seredildi:

Statistika–8 taslamasynyň “Oba hojalyk önüm öndürijileriniň sanawyny döretmek” düzüm bölegi boýunça “Oba hojalygynda seçip alyş” seminary geçirildi. Okuwy halkara bilermenleri Ş. Magi we P. Derek geçirdiler. Okuwa merkezi edaranyň we sebitleýin bölümleriň işgärleri gatnaşdylar, Oba hojalygyna gözegçiligiň dowamynda peýdalanylýan seçimiň usullaryna uly üns berildi.

Statistika-9 “Senagat kärhanalarynyň düzüm gözegçiligi” taslamasynyň çäklerinde 2007-nji ýylda ýewropa usulyýeti we kärhanalaryň düzüm statistikasynyň görkezijileri boýunça okuw seminary geçirildi, Daniýanyň statistikasynyň binýadynda kärhanalaryň statistikasynyň usulyýetiniň iş tejribesinde peýdalanylyşy öwrenildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri TASIS-iň “Statistika – 11” taslamasynyň “Neşir işiniň we statistiki maglumatlary ýaýratmagyň kämilleşdirilmegi” we “Resmi statistikada dolandyryş we hil” komponentleriniň çäklerinde 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda Germaniýada geçirilen okuw – tanyşdyrylyş saparyna gatnaşdylar.

2001-nji ýylda BMG-niň Ilat Gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutynyň ýanynda Ilat öwreniş meseleleri boýunça gözegçilik we taýýarlyk merkezi döredildi. Merkezde statistika edaralarynyň işgärleriniň, şonuň ýaly hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň (hususan, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Sosial üpjünçilik ministrligi) işgärleriniň demografiýa ulgamynda (stastistika, seljeriş we çaklaýyş), ilat ösüşiniň sosial-ykdysady jähtleri, gender statistikasy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak işleri amala aşyryldy. Okuwyň alnyp barlyşyny gowulandyrmak maksady bilen seminar başlanýança (garaşylýan) we tamamlanandan soňra (baha beriş tertibinde) gatnaşyjylara test geçirildi. Gatnaşyjylar öz pikirlerini açyk aýdyp biler ýaly test anonim geçirildi. Geçirilen okuw gatnaşyjylaryň ilat öwreniş we ösüş ulagamynda nazaryýet we amaly bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 

Leksiýa materiallary, amaly sapaklaryň ssenarisi, halkara tejribesini, milli we sebitleýin aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, “Türkmenistanda ilaty öwrenişi ösdürmegiň sosial-ykdysdy jähtleri” (nazaryýet, ony çözmegiň meseleleri we ýollary) tema boýunça tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň ýardam bermaginde şu aşakdaky seminarlar geçirildi:

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň tehniki kömek bermegi netijesinde Russiýanyň Statistika komitetiniň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda komitetiň işgärleriniň we sebitleýin bölümleriniň gatnaşmagynda 2010-njy ýylyň 5-9-njy iýulynda ilat ýazuwyny geçirmegiň usulyýet we guramaçyltk meseleleri boýunça seminar geçirildi.

Ilat ýazuwy geçirilende Geografiki maglumatlar ulgamy tehnologiýalaryny ulanmagyň tehniki meseleleri boýunça geçirilen okuwyň 1-nji tapgyryna 6 işgär gatnaşdy.

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň guramagynda Russiýanyň Ýokary ykdysadyýet mekdebinde 2010-njy ýylyň 20-26-njy sentýabrynda demografiýa meseleleri boýunça geçirilen okuw-seminara komitetiň Ilaty hasaba alyş müdirliginiň 2 sany işgäri gatnaşdy. 

2002-nji ýylda BMGÖM bilen bilelikde “Milli we sebitleýin derejelerde jemi içerki önümi hasaplamagyň usulyýeti” boýunça okuw seminary geçirildi. Oňa 123 adam, şol sanda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan (Ykdysadyýet we maliýe ministrligi, Merkezi bank weş.m.)10 sany işgär gatnaşdy.

“Türkmenmillihasabat” institutynyň hünärmenleri üçin gender statistikasy boýunça seminar (nazaryýet we iş tejribesi) – Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Zenanlar birleşmesi we BMG bilen bilelikde, 2005 ýyl.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar fondunyň maksatnamasynyň çäklerinde aşakdaky seminarlar geçirildi:

Ýurtda ykdysady statistikanyň hilini gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin resmi ykdysady statistikanyň maglumatlarynynyň ýygnalyşy we seljermesi boýunça BMG-niň Aziýa we Ýuwaş okean sebiti üçin Statistika institutynyň (UNSIAP) Hyzmatdaşlyk boýunça ýapon halkara agentligi bilen bilelikde guran okuw seminarlaryna gatnaşdylar. Okuwlar Tokioda, UNSIAP-niň Okuw merkezinde geçirildi. Kursa gatnaşyjylar şu ugurlardan bilim aldylar:

Hünärlerini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 7 sany hünärmeni Halkara Pul Gaznasy (HPG) tarapyndan Birleşen Wena instituty (JVI) bilen bilelikde guralan Makroykdysady dolandyryş we maliýe böleginiň meseleleri boýunça kurslarda okuw geçdiler. Bu kursuň maksady syýasatyň ösen ýurtlarynyň resmi edaralarynyň duçar bolýan dilemmalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, ykdysady we maliýe meseleleriniň giň toparynyň çözülişini seljermekden ybarat boldy. Kursuň barşynda şu meselelere seredildi:

1998-nji ýylyň martynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň döwlet baştutanlary, şonuň ýaly-da ÝeYT-niň we ESKATO-nyň sekretarlary Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýörite maksatnamany (SPECA) döretmek hakynda Daşkent jarnamasyna gol çekdiler.

Türkmenistan bu jarnama 1998-nji ýylyň sentýabrynda goşulyşdy. Maksatnama Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna tehniki ýardam bermelmegini üpjün etmäge niýetlendi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti SPECA ýurtlary üçin gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti kesgitlemegiň meseleleri boýunça Bişkekde (Gyrgyzystan), SPECA-nyň çäklerinde Statistika boýunça taslamanyň iş toparynyň Ženewada (Şweýsariýa) geçirilen seminarlaryň ençemesine gatnaşdy. 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we TIKA 2008-2010-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda we Türkiýede seminarlary geçirýärler.

Maksatnama laýyklykda, Türkiýäniň Döwlet statistika institutynyň hünärmenleri «Gysga möhlet üçin jemi içerki önümiň hasaplamalary» diýen tema boýunça seminar geçirdiler. Tärkiýäniň mysalynda JIÖ-niň oba hojalygy, senagat, ulag pudaklar boýunça çärýeklik hasaplamalaryna seredildi.

«Hereket edýän klassifikatorlary ulanmak boýunça okuw maksatnamasy, täze we köne klassifikatorlaryň deňeşdirmesi» atly seminarda Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän we iň räze klassifikasiýalary ulanýan Türkiýäniň Statistika institutynda peýdalanylýan halkara klassifikasiýalaryna gysgaça häsiýetnama berildi. Seminarlara pudaklaýyn müdirlikleriň hünärmenleri, şonuň ýaly-da sebitleýin statistika müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdy. 

Ondan başga-da, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri Türkiýäniň Statistika institutynya (Ankara şäheri) baryp gördüler we tärk hünärmenlerini şu ugurlardaki işleri bilen tanyş boldular: oba hojalyk statistikasy we öý hojalygynda işçi güýjüniň ölçenilişi; ilat ýazuwynyň usulyýeti we Türkiýede geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri; klassifikatorlaryň täze wersiýalarynyň ulanylyşy. 

Türkiýäniň Statistika baradaky döwlet guramasynyň “Türkiýede ilat ýazuwynyň usulyýeti we ilat ýazuwyny geçirmegiň tejribesi“ atly tema bagyşlap, 2008-nji ýylyň iýul aýynda Ankara şäherinde geçiren seminaryna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 5 sany işgäri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Milli hasaplar müdirliginiň hünärmenleriniň 3-si 2008-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-sinden 21-ne çenli Türkiýäniň Döwlet Statistika Institutynyň gurnamagynda “Çärýekleýin jemi içerki önümiň hasaplanyşy” atly geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.

2008-nji ýylyň iýul aýynda TIKA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkiýäniň (Ankara) Döwlet statistika institutynyň 2 sany wekili tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň pudaklaýyn müdirlikleriniň 20 sany işgäriniň gatnaşmagynda “Hereket edýän klassifikatorlary ulanmak boýunça täze we hereket edýän (bar bolan) klassifikatorlary deňeşdirmek boýunça okuw meýilnamasy” atly seminar geçirildi, onuň dowamynda halkara klassifikasiýalaryna gysgaça häsýetnama berildi hem-de 2008-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 5 sany işgäri Türkiýäniň (Ankara) Döwlet statistika institutynda şol mesele boýunça geçirilen okuw seminaryna gatnaşdylar.

2008-nji ýylyň dekabrynda Türkiýäniň statistika baradaky döwlet guramasynyň bilermenleri tarapyndan Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri üçin “Halkara klassifikatoryny girizmek” temasy boýunça 20 işgäriň gatnaşmagynda seminar geçirdiler, Rev1.1 wersiýasynyň ykdysady işleriň görnüşleriniň klassifikatorynyň milli wersiýasynyň ekspertizasyny amala aşyrdylar.

Umuman 2008-nji ýylda TIKA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysady işleriň görnüşleriniň klassifikatorynyň Rev1.1 wersiýasy, oňa usulyýet gollanmasy, şeýle hem Rev1 wersiýasyndan Rev1.1. wersiýasyna geçiş açarlary işlenip taýýarlandy. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ykdysady işleriň görnüşleriniň klassifikatorynyň Rev2 halkara wersiýasyna geçmek üçin basgançak hökmünde ykdysady işleriň görnüşleriniň klassifikatorynyň Rev1.1 wersiýasy hojalyk subýektleriň statistiki sanawyna (synag) girizildi. 

2008-nji ýyl boýunça jemi 6 okuw seminarlary geçirildi. Şolardan 4-isi Aşgabat şäherinde 2-isi bolsa Ankara şäherinde geçirildi. Aşgabat şäherinde “Oba hojalyk statistikasynyň häzirki ýagdaýy we garaşylýan netijeleriň kesgitlenmegi”, “Oba hojalygynda ekerançylyk önümleriniň statistikasy”, “Oba hojalyk gurluşynyň statistikasynyň ýagdaýy we hereket edýän statistiki görnüşleri kämillişdirmek boýunça edilmeli işleriň kesgitlenmegi”, “Suw önümleriniň statistikasy” temalar boýunça, Ankara şäherinde “Oba hojalyk kärhanalarynyň gurluşy hakyndaky soragnama”, “Oba hojalygynyň statistikasy ulgamy boýunça Türkiýäniň Statistika Edarasy tarapyndan alynyp barylýan işler” temalar boýunça okuw seminarlary geçirildi.

2009-njy ýyl boýunça jemi 6 okuw seminarlary geçirildi. Aşgabat şäherinde “Maldarçylyk önümleriniň statistikasy” we ”Ekerançylyk önümleriniň statistikasy", “Oba hojalyk kärhanalarynyň gurluşy hakynda soragnama”, “Maldarçylyk önümleriniň statistikasy” temalary boýunça, Ankara şäherinde “Ekerançylyk önümleriniň statistikasy” we “Oba hojalyk kärhanalarynyň gurluşynyň barlagnamasy” temalar boýunça okuw seminarlary geçirildi.

Statistikanyň halkara standartlaryny ulanmagyň dünýä tejribelerini öwrenmek maksady bilen, Türkiýe döwlet statistika edarasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda, iýun aýyndan başlap, 2010-njy ýylyň ahyryna çenli okuw seminarlarynyň on sanysy geçirilmeli. Olar “Halkara klassifikatorlar we ykdysady klassifikatorlar”, “Ýyllyk zähmet statistikasy”, “Syýahatçylyk statistikasy” diýen okuw temasy boýunça Aşgabat şäherinde geçirildi. Bu geçirilen seminarlara Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň pudaklaýyn müdirlikleriniň, sebitleýin statistika müdirlikleriniň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. “Maldarçylyk önümleriniň statistikasy” diýen tema boýunça Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Oba hojalygynyň statistikasy we seljeriş müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2010-njy ýylyň iýulynda Ankara şäherinde geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş okean ýurtlary boýunça durmuş-ykdysady komissiýasynyň guramagynda geçirilen 2010-njy ýylyň iýul aýynda Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk şäherinde ilat ýazuwy geçirilende maglumat–kommunikasion tehnologiýalary netijeli peýdalanmak atly okuw maslahatyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden işgärler gatnaşdylar. 

Hünär derejesiniň ýokary bolmagy ýokary hilli statistika ulgamyny gurmagyň esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran 11072-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda” işgärleriň hünär taýýarlygynyň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň bitewi hem-de düýpgöter täze mehanizmini döretmek we kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Anyk talaplary, öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryny nazara almak bilen, okuw we okuw-usuly materiallary işläp taýýarlamak we okuw işini guramak göz öňünde tutulýar. 

Statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriň we beýleki guramalaryň işgärleri üçin, şonuň ýaly-da şol hünärmenleriň demografiýa we jemgyýetiň sosial-ykdysady ösüşiniň beýleki ugurlary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň okuw merkezlerinde seminarlaryň geçirilmegi dowam etdirilýär. 

Seminarlar ähli pudaklaýyn müdirlikleriň işgärleriniň gatnaşmagynda her hepdäniň şenbe güni mazmun yzygiderliligi esasynda işlenip düzülen meýilnama esasynda geçirilýär.

Bu seminarlarda statistikanyň usulyýetiniň umumy meselelerinden başlap, pudaklaýyn statistikanyň we maglumat tehnologiýalarynyň hususy meselelerine çenli, dürli temalardan çykyşlar we ara alyp maslahatlaşmalar guralýar. Çykyşlary degişli müdirlikleriň işgärleri taýýarlaýar. Şonda ylaýta-da ýaş hünärmenleriň öz işine döredijilikli çemeleşmek ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin, olar bu işe giňden çekilýär.