Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

TürkmenStat  

"Statistika hakynda" Türkmenistanyň kanuny

Şu Kanun statistikanyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, statistika babatynda bitewi döwlet syýasatynyň ýöredilmegine, döwletiň we jemgyýetiň doly, dogry, ylmy taýdan esaslandyrylan statistik habarlara bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilýär, statistika işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) statistika işi - statistik maglumatlary ýygnamak, işlemek, seljermek, goramak we saklamak, statistik habarlary emele getirmek we ýaýratmak, statistik gözegçilikleri, ýazuwlary geçirmek, statistik usulyýeti işläp düzmek, şeýle hem dürli çeşmelerden alnan maglumatlary umumylaşdyrmak bilen baglanyşykly iş;

2) statistik gözegçilik - öwrenilýän hadysa hakynda maglumatlaryň ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýet we işlenip düzülen maksatnama esasynda amala aşyrylyp, guramaçylykly ýygnalmagy;

3) ilkinji statistik maglumatlar - statistik gözegçiligiň obýekti hakynda uçdantutma we seçimleýin statistik gözegçilikleriň degişli formalary boýunça berlen dogry, doly, deňeşdirip bolýan maglumatlar;

4) statistik görkeziji - öwrenilýän obýektiň we (ýa-da) hadysanyň häsiýetlerine mukdar taýdan baha berilmegi;

5) statistik forma - ilkinji statistik maglumatlary bellenilen tertipde almaga we ony bellige almaga niýetlenilen kagyz ýa-da elektron göterijidäki resminama (hasabatlylygyň formasy, sowalnama we beýleki resminamalar);

6) statistik klassifikator - statistik gözegçiligiň obýektiniň kesgitli alamatyny aňladýan ululyklaryň ulgamlaşdyrylan sanawyny, şeýle hem şol obýektiň koduny özünde jemleýän resminama;

7) seçimleýin statistik gözegçilik - gözegçiligiň tutuş köplügine däl-de, onuň kabul edilen usulyýet boýunça emele getirilen diňe bir böleginiň gözegçilik edilýän usuly;

8) milli ýazuw - Türkmenistanyň fiziki şahslarynyň, ýuridik şahslarynyň (şol sanda olaryň şahamçalarynyň, wekillikleriniň we beýleki aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň, (mundan beýläk - aýrybaşgalanan  düzüm birlikleri) we öý hojalyklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy  bolmadyk adamlaryň, daşary ýurt ýuridik şahslarynyň (aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) we halkara guramalarynyň wagtyň belli bir pursatyndaky ýagdaýyna görä geçirilýän umumydöwlet statistik gözegçiligi;

9) statistik bellige alyş sanawy - statistik gözegçiligiň obýektleriniň birlikleriniň olar barada döwlet statistik gözegçiliklerini guramak üçin zerur bolan maglumatlary görkezilýän sanawy;

10) respondentler - döwlet statistika edaralaryna we oňa ygtyýarlylygy bolan edaralara bellenilýän tertipde ilkinji statistik maglumatlary berýän Türkmenistanyň fiziki şahslary, ýuridik şahslary (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) we öý hojalyklary, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, daşary ýurt ýuridik şahslary (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) we halkara guramalary;

11) statistik habary peýdalanyjylar - statistik habary peýdalanýan Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri), daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, daşary ýurt ýuridik şahslary (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) we halkara guramalary;

12) statistik usulyýet - statistika işinde peýdalanylýan umumy düzgünleriň, ýörelgeleriň, ýörite tärleriň we usullaryň köplügi;

13) statistik amalyýet resminamalary  - statistik gözegçiligi geçirmek we maglumatlary bellige almak boýunça gözükdirmeler, hasabatlylygyň formalary, sowalnamalar, ýazuw kagyzlary we ilkinji maglumatlaryň beýleki göterijileri;

14) resmi statistik habar - döwlet statistika edaralary tarapyndan döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistik hasabatlylygy hem-de administratiw maglumatlaryň esasynda döredilýän statistik habar;  

15) jemleýji statistik habar - ykdysady, demografik, sosial we ekologik ýagdaý barada ilkinji statistik maglumatlaryň işlenilmegi  we umumylaşdyrylmagy arkaly alnan agregirlenen maglumatlar;

16) administratiw maglumatlar - öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde statistik maglumatlaryň ýygnalmagyny amala aşyrýan döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki edaralar tarapyndan döredilýän maglumatlar;

17) maglumatlaryň ýaşyrynlygy - maglumatlaryň diňe statistik maksatlar üçin peýdalanylmagy.

 

2-nji madda. Statistika ulgamy

1. Türkmenistanyň habarlar ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde statistika ulgamy döwlet statistika edaralary we oňa ygtyýarlyk berlen edaralar tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzülen bitewi usulyýet esasynda we statistik habarlary peýdalanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenilen ilkinji statistik maglumatlary ýygnamagyň, olary işlemegiň, umumylaşdyrmagyň, seljermegiň, ýaýratmagyň we saklamagyň umumydöwlet ulgamy bolup durýar.

2. Türkmenistanyň statistika ulgamy döwlet statistikasyndan we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasyndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň statistika hakyndaky kanunçylygy   

1. Türkmenistanyň statistika hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan, Türkmenistanyň statistikanyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary  ulanylýar.

 

4-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry  

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryna (aýrybaşgalanan düzüm birliklerine), şol sanda öz işini Türkmenistanyň çäginden daşarda amala aşyrýan şahslara, Türkmenistanyň öý hojalyklaryna, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda statistik hasaba alnyşa degişli Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara, daşary ýurt ýuridik şahslaryna (aýrybaşgalanan düzüm birliklerine) we halkara guramalaryna degişlidir.

 

5-nji madda. Statistika babatyndaky döwlet syýasaty       

Statistika babatyndaky döwlet syýasaty onuň esasy ýörelgeleri esasynda gurulýar we maglumatlary ýygnamagyň, işlemegiň, seljermegiň, toplamagyň hem-de statistik habary ýaýratmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan bitewi ulgamynyň döredilmegine we işlemegine, statistikanyň halkara standartlaryna laýyklykda ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

 

6-njy madda. Statistikanyň  esasy ýörelgeleri

Türkmenistanda statistikanyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardan ybarat:

1) ähmiýetlilik, obýektiwlik;

2)  elýeterlilik;

3) garaşsyzlyk we hünärjeňlik;

4) hasabat bermeklik we aýdyňlyk;

5) resmi statistikanyň öz wagtlylygy we hili;

6) ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygy;

7) halkara hyzmatdaşlyk.

 

7-nji madda. Statistikanyň maliýeleşdirilişi

1. Döwlet statistikasynyň maliýeleşdirilişi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem býujetden daşary we beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Döwlet statistika edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujetden daşary we beýleki çeşmelerden alynýan maliýe serişdeleri maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça peýdalanylýar.

3. Döwlet statistika edaralarynyň býujet we býujetden daşary hasaplary bolýar.

4. Sebitleýin maksatnamalara laýyklykda amala aşyrylýan statistika işi ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

5.  Tassyklanan döwlet maksatnamalaryndan we statistika edaralarynyň meýilnamalaryndan daşary geçirilýän döwlet statistik gözegçilikleri sargytçynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

6. Hojalyk işinden alnan serişdeler, salgytlar tölenenden soňra, döwlet statistika edaralary tarapyndan statistika işini kämilleşdirmek we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak maksatlary üçin peýdalanylýar.

7. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasynyň maliýeleşdirilmegi ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

2-nji bap. Statistika babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek

 

 8-nji madda. Statistika babatynda döwlet  tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar

Statistika babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) statistika babatynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň (mundan beýläk – Pudagara geňeş) düzümini tassyklaýar;

3) milli ýazuwlaryň geçirilmegi hakynda çözgütleri kabul edýär, olary geçirmegiň görnüşini, tertibini we möhletlerini kesgitleýär;

4) statistika babatynda halkara hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny tassyklaýar;

5) döwlet statistikasy babatynda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ygtyýarlylygy  

1. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti:

1) statistika babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) statistika babatynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär;

3) statistikanyň halkara standartlaryna laýyklykda ylmy taýdan esaslandyrylan bitewi statistik usulyýeti işläp düzýär we tassyklaýar;

4) statistik klassifikasiýalaryň ulgamyny işläp düzýär, ornaşdyrýar we kämilleşdirýär;

5) respondentler tarapyndan ilkinji statistik maglumatlary bermegiň tertibini işläp düzýär we tassyklaýar;

6) döwlet statistik hasabatlylygyň formalaryny işläp düzýär we tassyklaýar;

7) pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistik hasabatlylygynyň degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ylalaşmaga berilýän formalaryna seredýär;

8) statistiki işleriniň sanawyna laýyklykda döwlet statistik gözegçilikleri geçirýär;

9) milli ýazuwlaryň maksatnamalaryny işläp düzýär we olaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrýar;

10) milli hasaplar ulgamynyň talaplaryna laýyklykda statistik görkezijileri döretmegi amala aşyrýar;

11) Usulyýet geňeşini döredýär;

12) Hojalygy ýörediji subýektleriň statistik bellige alyş sanawyny we beýleki statistik bellige alyş sanawlaryny ýöredýär;

13) döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna we beýleki peýdalanyjylara resmi statistik habarlary berýär;

14) statistik maglumatlary ýygnamagyň, işlemegiň, statistik habarlary ýaýratmagyň täze tehnologiýalarynyň döredilmegini we kämilleşdirilmegini amala aşyrýar;

15) döwlet statistikasynyň sebitleýin edaralarynyň (mundan beýläk-sebitleýin statistika edaralary) statistika işini utgaşdyrýar;

16) statistik maglumatlaryň seljermesini amala aşyrýar;

17) milli hasaplary düzýär we balans hasaplamalaryny amala aşyrýar;

18) statistikanyň kämilleşdirilmegini amala aşyrýar;

19) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň ygtyýarlylygyna degişli başga wezipeleri amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti statistik gözegçiligiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin statistik amalyýet resminamalaryny işläp düzýär we tassyklaýar.

3. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti halkara guramalary we beýleki döwletleriň milli statistika gulluklary bilen statistika babatyndaky hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Ol halkara guramalarynda statistika işiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda statistika babatynda halkara hukuk goragyny üpjün edýär.

 

3-nji bap. Döwlet statistika edaralarynyň ulgamy. Döwlet statistika edaralarynyň hukuklary we borçlary

 

11-nji madda. Döwlet statistika edaralarynyň ulgamy

     1. Döwlet statistika edaralarynyň ulgamyna şu aşakdakylar girýär:

1) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti;

2) sebitleýin statistika edaralary.

2. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň statistik hasaba alyş merkeziniň wezipesini amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

3. Sebitleýin statistika edaralary welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň statistika müdirlikleri bolup durýarlar.

Welaýatlaryň statistika müdirlikleriniň düzümine etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň statistika bölümleri girýär.

4. Sebitleýin statistika edaralary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine tabyndyr hem-de statistika işini Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylýan  düzgünnama laýyklykda amala aşyrýarlar.

5. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti sebitleýin statistika edaralarynyň hukuklaryny we borçlaryny belleýär.

6. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz tabynlygyndaky kärhanalary döretmäge haklydyr.

7. Döwlet statistika edaralarynyň işine bikanun gatyşylmagyna ýol berilmeýär.

 

12-nji madda. Pudagara geňeş

1. Statistika işini utgaşdyrmak, statistik usulyýetiň pudagara meselelerini düzgünleşdirmek we döwlet statistikasyny guramak, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin döwlet statistika edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we beýleki edaralaryň wekillerinden ybarat düzümde Pudagara geňeş döredilýär. Ol maslahatçy gurama bolup durýar.

2. Pudagara geňeş hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Pudagara geňeşiň işiniň guramaçylyk we habar üpjünçiligi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylýar.   

 

13-nji madda. Döwlet statistika edaralarynyň hukuklary

1. Döwlet statistika edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) respondentlerden bellenilen tertipde muzdsyz esasda statistik maglumatlary almaga;

2) döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasynyň meseleleri boýunça zerur habarlary soramaga we almaga;

3) statistik maglumatlary işlemegiň tehnologik işini awtomatlaşdyrmak üçin programma önümlerini işläp düzmäge we (ýa-da) satyn almaga;

4) statistik usulyýet we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatyndaky gazanylanlary nazara almak bilen işgärleri gaýtadan taýýarlamagy amala aşyrmaga;

5) halkara guramalary we beýleki döwletleriň milli statistika gulluklary bilen statistika babatyndaky hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga, hyzmatdaşlygyň çäklerinde olar bilen degişli statistik habarlary alyşmaga, ylmy işläp düzmelere gatnaşmaga, bilelikdäki iş hakynda olar bilen şertnamalary baglaşmaga;

6) şu Kanunyň ýüze çykarylan bozulmalaryny aradan aýyrmak boýunça respondentlere hökman ýerine ýetirmek üçin görkezmeleri bermäge;

7) statistik hasabatlylygynyň berilmegini togtatmaga we olary ýatyrmaga;

8) respondentler tarapyndan berilýän statistik hasabatlylygyň maglumatlarynyň dogrulygyny barlamaga;

9) ýuridik şahslaryň (aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) ýolbaşçylarynyň statistik hasaba alnyşyň we statistik hasabatlylygyň ýagdaýy hakyndaky habarlaryny diňlemäge;

10) ýuridik şahslaryň (aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) wekillerini olaryň ýolbaşçylary bilen ylalaşmak arkaly  statistik hasaba alnyşyň we statistik hasabatlylygyň ýagdaýynyň barlaglaryny geçirmäge çekmäge;

11) Hasabatlylygyň nädogry maglumatlary ýüze çykarylan mahalynda döwlet statistik hasabatlylygyna bellenen tertipde düzedişler girizmäge;

12) resmi statistik habary peýdalanmak boýunça düşündirişleri bermäge;

13) şertnama esasynda statistika işlerini ýerine ýetirmäge we statistika hyzmatlary etmäge;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, statistik habarlary tölegli esasda ýaýratmaga we başga habar beriş hyzmatlaryny etmäge;

15) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, sebitleýin statistika edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde statistik materiallary we statistik amalyýet resminamalaryny neşir etmäge we çap edip köpeltmäge;

16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklara.

2. Döwlet statistik gözegçilikleri geçirilýän mahalynda döwlet statistika edaralary kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň (mundan beýläk-kärhana) ýolbaşçylary bilen ylalaşyp, zerur bolan halatynda şol işlere olaryň aýry-aýry işgärlerini çekmäge haklydyr.

3. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet statistik gözegçiliklerine çekilmegi şertnama esasynda amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Döwlet statistika edaralarynyň borçlary   

Döwlet statistika edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdakylara borçludyr:

1) statistik maglumatlaryň doly möçberde we bellenen möhletlerde ýygnalmagynyň, işlenilmeginiň we seljerilmeginiň ýerine ýetirilmegini guramaga;

2) statistikanyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda statistik usulyýeti kämilleşdirmäge;

3)  döwlet statistik gözegçilikleriň guralmagyna we geçirilmegine usulyýet taýdan ýolbaşçylygy amala aşyrmaga;

4) maglumatlaryň statistik binýatlaryny döretmäge;

5) peýdalanyjylary bellenilen tertipde jemleýji statistik habarlar bilen üpjün etmäge;

6) degişli peýdalanyjylar üçin statistik habarlara elýeterliligi üpjün etmäge;

7) statistika edaralarynyň hünärmenleriniň hünärini we bilim derejesini ýokarlandyrmaga;

8) statistik maglumatlary döretmegiň usulyýetiniň peýdalanylmagy barada zerur düşündirişleri bermäge we döwlet statistikasyndaky üýtgetmeler barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zerur habarlary bermäge;

9) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy hakynda dogry we hakyky statistik habarlar bilen üpjün etmäge;

10) respondentleri döwlet statistik hasabatlylygynyň zerur formalary we olary doldurmak boýunça gözükdirmeler bilen bellenilen tertipde üpjün etmäge;

11) statistik görkezijileriň ulgamyny, olaryň metamaglumatlaryny, statistik gözegçilikleri geçirmegiň usulyýetini  halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmäge;

12) statistik maglumatlaryň toplanmagyny, saklanylmagyny we goralmagyny üpjün etmäge;

13) döwlet we täjirçilik syrlarynyň goralmagyny, ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge;

14) öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

 

4-nji bap. Statistika işiniň amala aşyrylmagy

 

15-nji madda. Döwlet statistikiniň amala aşyrylmagy   

1. Döwlet statistika işi Türkmenistanyň döwlet statistika edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Döwlet statistika edaralary döwlet statistikasyny statistik usulyýete laýyklykda döwlet statistik gözegçilikleriniň formalary boýunça alyp barýarlar.

 

16-ny madda. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikiniň amala aşyrylmagy   

1. Türkmenistanda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistika işi ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

2. Pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň statistik hasabatlylygynyň formalary we olary doldurmak boýunça görkezmeler ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşmak arkaly işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

 

17-nji madda. Statistik  gözegçilikler

1. Statistik gözegçilikler statistik gözegçiligiň maksatnamasyna laýyklykda geçirilýär.

2. Statistik gözegçiligiň maksatnamasynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) statistik barlagyň maksady we wezipeleri;

2) gözegçiligiň obýekti we birligi;

3) gözegçiligiň pursaty ýa-da döwri;

4) statistik gözegçiligi geçirmegiň görnüşi, guramaçylyk formasy we usuly;

5) gözegçiligiň birlikleri boýunça jogap alynmaly beýleki meseleler ýa-da alamatlar.

3. Statistik gözegçilikler şu  aşakdakylara bölünýär:

1) köplügiň birlikleriniň gurşalyp alnyşy boýunça - köplügiň birlikleriniň hemmesini durşuna gurşap alýan uçdantutma hem-de öwrenilýän köplügiň diňe bir bölegini gurşap alýan seçimleýin;

2) geçiriliş wagty boýunça – üznüksiz (gündelik), bir wagtlyk we döwürleýin;

3) guralyş usuly boýunça – ýörite guralýan statistik gözegçilik we hasabatlylyk;

4) maglumatlaryň çeşmeleri boýunça – gös-göni gözegçilik, resminamalaýyn gözegçilik we sowal soraşma.

4. Döwlet statistik gözegçilikleriniň sanawy we meýilnamalary her ýyl Türkmenistanyň  Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan düzülýär we tassyklanylýar.

5. Sosial-ykdysady, demografik, ekologik we beýleki ugurlar boýunça bir wagtlyk uçdantutma döwlet statistik gözegçilikleri Türkmenistanyň Prezidentiniň karary boýunça döwlet statistika edaralary tarapyndan geçirilýär.

 

6. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistik gözegçilikleri degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň işläp düzen maksatnamalary boýunça geçirilýär.

Şeýle gözegçilikleriň sanawy we meýlnamalary Türkmenistanyň  Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşylýar hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

7. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sebitleýin statistik gözegçilikleri ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi boýunça degişli sebitleýin edaralar tarapyndan geçirilýär.

Sebitleýin statistik gözegçilikleriň sanawy we meýilnamalary olaryň geçirilmegi hakynda çözgüt kabul eden degişli edara tarapyndan Türkmenistanyň  Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşmak arkaly işlenip düzülýär.

8. Türkmenistanda geçirilýän statistik gözegçilikleriň umumy ýolbaşçylygy we usulyýet üpjünçiligi Türkmenistanyň  Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Döwlet statistik gözegçilikleriniň geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde fiziki we ýuridik şahslar (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) çekilip bilner.

 

18-nji madda. Statistik gözegçiligiň obýekti

1. Statistik gözegçiligiň obýekti gözegçilik bilen gurşalyp alynýan hadysalaryň we (ýa-da) predmetleriň köplüginden ybarat bolup durýar.

2. Köplügiň aýry-aýry birlikleri statistik gözegçiligiň obýekti bolup bilerler.

Gözegçiligiň birligi köplügiň zerur maglumatlar ýygnalýan elementidir.

 Köplügiň birligi bolup, Türkmenistanyň fiziki şahslary, ýuridik şahslary (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) we öý hojalyklary, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, daşary ýurt ýuridik şahslary (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) we halkara guramalary çykyş edip bilerler.

 

19-njy madda.  Milli  ýazuwlar

1. Milli ýazuwlar Türkmenistanyň  Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda geçirilýär.

2. Milli ýazuwlar geçirilen mahalynda döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, onuň döreden ýörite iş toparynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň üstüne  ýüklenip bilner.

3. Milli ýazuwlaryň barşynda alnan maglumatlar ilkinji statistik maglumatlara degişlidir we olar respondentlere emläk we (ýa-da) ahlak taýdan zelel ýetirmek, olaryň hukuklaryny çäklendirmek maksatlary üçin peýdalanylmaly däldir. 

4. Milli ýazuw geçirilen mahalynda ilkinji statistik maglumatlar respondentler tarapyndan hökmany tertipde muzdsuz esasda berilýär.

 

20-nji madda.  Statistik usulyýet

1. Statistik habaryň döredilmegi statistik usulyýet esasynda amala aşyrylýar.

2. Resmi statistik habarlar döredilende statistik usulyýetiň ulanylmagy hökmanydyr.

3. Döwlet statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary döretmek boýunça statistik usulyýet Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

4. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistik gözegçilikleri we degişli statistik habary emele getirmek boýunça statistik usulyýet Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşylyp, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenilip düzülýär we tassyklanylýar.

5. Statistik usulyýet ylmy usullar, çemeleşmeler esasynda işlenip düzülýär we elýeterli bolmalydyr.

6. Statistik usulyýetiň döredilmegine döwlet edaralarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem beýleki şahslaryň gatyşmagyna ýol berilmeýär.

 

21-nji madda. Hojalygy ýörediji subýektleriň statistik bellige alyş sanawy

1. Hojalygy ýörediji subýektleriň statistik bellige alyş sanawy, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar baradaky, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler  baradaky zerur habarlary özünde saklaýan maglumatlar binýady bolup durýar.

2. Hojalygy ýörediji subýektleriň statistik bellige alyş sanawy hojalygy ýörediji subýektleriň statistik hasaba alnyşyny üpjün etmek we olar baradaky habarlar binýadyny emele getirmek maksatlary bilen döredilýär.

3. Hojalygy ýörediji subýektleriň statistik bellige alyş sanawy Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawynyň, Türkmenistanyň salgyt gullugy edaralarynyň maglumatlarynyň we başga çeşmeleriň maglumatlarynyň esasynda Türkmenistanyň  Statistika baradaky döwlet komitetiniň edaralary tarapyndan ýöredilýär.

 

5-nji bap. Statistik maglumatlaryň berlişi, statistik habarlaryň ýaýradylyşy we peýdalanylyşy

 

22-nji madda. Statistik  maglumatlaryň berlişi

1. Statistik maglumatlar döwlet statistika edaralaryna we ony almaga ygtyýarly edaralara ilkinji statistik maglumatlar görnüşinde berilýär.

2. Respondentler ilkinji statistik maglumatlary döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistika gözegçilikleriniň formalary boýunça berýärler.

Döwlet statistik gözegçilikleri geçirilen mahalynda zerur maglumatlar olar tarapyndan muzdsyz esasda berilýär, öý hojalyklarynyň ykdysady we sosial ýagdaýyna döwlet statistik gözegçilikleri muňa degişli däldir.

3. Statistik gözegçilikler geçirilende ilkinji statistik maglumatlaryň respondentler tarapyndan döwlet statistika edaralaryna we pudaklaýyn dolandyryş  edaralaryna berilmegi hökmanydyr hem-de muzdsuz esasda amala aşyrylýar.

4. Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistik gözegçilikleriniň maglumatlary döwlet statistika edaralaryna muzdsuz esasda berilýär.

5. Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler hem-de ýuridik şahslar (aýrybaşgalanan düzüm birlikleri) statistik hasabatlary döwlet statistika edaralaryna we oňa ygtyýarly beýleki edaralara olaryň berilmegine we dogrulygyna jogapkär adamlaryň  gol çekmekleri bilen bellenilen möhletlerde bermäge borçludyrlar.

6. Statistik maglumatlar respondentler tarapyndan kagyz göterijilerde, elektron göterijilerde, şeýle hem telefon boýunça we  Internet arkaly berlip bilner. Statistik maglumatlary bermegiň formasy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Döwlet statistika edaralary tarapyndan alynýan we goralyp saklanylýan statistik maglumatlar Türkmenistanyň aýratyn eýeçiligi bolup durýar.

 

23-nji madda. Statistik habaryň ýaýradylmagy we peýdalanylmagy   

1. Döwlet statistika edaralary jemleýji statistik habarlary döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna hem-de beýleki peýdalanyjylara, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda başga döwletleriň milli statistika gulluklaryna we halkara guramalaryna berýär.

2. Döwlet statistika edaralary we oňa ygtyýarly edaralar tarapyndan ýaýradylýan statistik habar resmi habar bolup durýar.

3. Statistik habar kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerde, şol sanda çap etmek,  Internetde ýerleşdirmek arkaly döwlet dilinde we beýleki dillerde ýaýradylyp bilner.

4. Ilkinji statistik maglumatlar ýaşyryndyr we olar jemleýji statistik habarlary emele getirmek üçin peýdalanylýar.

5. Statistik habarlar döwlet dolandyryşynyň, ylmy barlaglaryň, peýdalanyjylary habarly etmegiň maksatlary üçin, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň başga maksatlary üçin peýdalanylýar.

 

24-nji madda. Ýaşyrynlygyň kepillendirilmeginiň hem-de statistik maglumatlary berýänşahslaryň hukuklarynyň goralmagynyň  üpjün edilmegi

 1. Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere hem-de ýuridik şahslara (aýrybaşgalanan düzüm birliklerine) döwlet statistika edaralaryna berlen ähli ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygy kepillendirilýär.

2. Ilkinji statistik maglumatlar döwlet statistika edaralary tarapyndan diňe statistik maksatlar üçin peýdalanylýar. Ilkinji statistik maglumatlar ýygnalanda, işlenilende, seljerilende we saklanylanda ýaşyrynlyk olar tarapyndan üpjün edilýär.

3. Döwlet statistika gözegçiliklerini geçirmäge çekilen şahslar alnan   maglumatlary diňe statistik maksatlar üçin peýdalanmaga hem-de olaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Aýry-aýry ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň hem-de ýuridik şahslaryň (aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) işi hakyndaky statistik maglumatlar diňe olaryň razylygy bilen ýaýradylyp bilner.

5. Statistik maglumatlar diňe agregirlenen görnüşde ýaýradylýar. 

6. Döwlet syrlary we gizlinligi bolan statistik habar Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde berilýär.

 

25-nji madda. Döwlet statistika edaralarynyň aragatnaşyk    hyzmatlaryndan    peýdalanmak  boýunça artykmaçlykly hukugy

Döwlet statistika edaralary Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmakda artykmaçlykly hukuga eýedir.

 

6-njy bap.  Respondentleriň hukuklary we borçlary

 

26-njy madda. Respondentleriň hukuklary

1. Respondentler şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) döwlet statistik gözegçiliginiň formalaryny kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerde we olary doldurmak boýunça gözükdirmelerini, şeýle hem ilkinji statistik maglumatlaryň elektron görnüşde berilmegi üçin programma üpjünçiligini bellenilen tertipde almaga;

2)  ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň  statistik gözegçilikleriniň formalaryny we olary doldurmak boýunça gözükdirmeleri bellenilen tertipde almaga;

3) zerur bolan halatlarynda döwlet statistika edaralaryndan ozal berlen ilkinji statistik maglumatlary bellenilen tertipde almaga;

4) döwlet statistika edaralary tarapyndan edilýän hyzmatlardan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde peýdalanmaga;

5) zerur bolan halatlarda döwlet statistika edaralary tarapyndan geçirilýän çärelere (seminarlara, konferensiýalara we beýlekilere) gatnaşmaga;

6) döwlet statistika edaralaryndan özleri tarapyndan berilýän ilkinji statistik maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegini talap etmäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga hukuklardan peýdalanmaga.

2. Tabynlygynda düzüm birlikleri bolan respondent-ýuridik şahslar olardan statistik hasabatlylygy almaga we dogrulygyny barlamaga haklydyrlar.

3. Respondentler döwlet statistika edaralarynda bolan statistik habarlardan bellenilen tertipde peýdalanmaga haklydyrlar.

 

27-nji madda. Respondentleriň borçlary

1. Respondentler şulara borçludyrlar:

1) bellenilen möhletlerde döwlet statistika edaralaryna we oňa ygtyýarly edaralara statistik hasabatlylygy bermäge;

2) statistik gözegçilikler geçirilýän mahalynda döwlet statistika edaralaryna dogry ilkinji statistik maglumatlary, olary bermegiň tertibine we statistik usulyýete laýyklykda bermäge;

3) döwlet statistika edaralarynyň soramagy boýunça olaryň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin ýygnalýan zerur maglumatlary bermäge;

4) statistik hasaba alnyşyň we hasabatlylygyň ýeke-täk formalaryny  ýöretmäge;

5) döwlet statistik gözegçilikleriniň geçirilişine gatnaşmaga;

6) statistik hasabatlylygynyň doldurylyşynyň, statistik maglumatlary bermegiň tertibini berjaý etmäge;

7) statistik hasabatlylygyň maglumatlarynyň dogrulygynyň barlaglary geçirilende döwlet statistika edaralaryna ýardam etmäge;

8) döwlet statistika edaralarynyň şu Kanunda göz öňünde tutulan talaplaryny ýerine ýetirmäge;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary amal etmäge.

2. Respondentler berilýän statistik maglumatlaryň dogrulygyny, dolulygyny we olaryň öz wagtynda berilmegini berjaý etmäge borçludyrlar.

 

7-nji bap. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik. Jedelleriň çözülişi.

 

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň talaplaryny bozan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

29-njy madda. Jedelleriň çözülişi

Statistika işi amala aşyrylýan mahalynda ýüze çykýan jedeller  Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

8-nji bap.  Jemleýji düzgünler

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

3. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

 1998-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen Döwlet statistikasy hakynda Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň  Mejlisiniň  Maglumatlary, 1998 ý., № 3, 48-nji madda);

2000-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň  Kanunyny (Türkmenistanyň  Mejlisiniň  Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 20-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaTürkmenistanyň Kanunynyň XXVII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň  Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).

 

                  Türkmenistanyň                                                  Gurbanguly

                        Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 


Aşgabat şäheri

2012-nji ýylyň 31-nji marty