Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

TürkmenStat | Statistikany ösdürmegiň maksatnamalary  

Ýyllyk Maksatnamalar

 Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti öz işinde Türkmenistanyň «Döwlet statistikasy hakynda» Kanunyna, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti barada düzgünnama, Milli statistikany ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy we onuň sebitlerini ösdürmek boýunça Milli maksatnamalaryna, şeýle hem Resmi statistikanyň esasy ýörelgelerine esaslanýar. Statistiki maglumatlardan peýdalanyjylaryň isleglerini hasaba almak bilen statistikleriň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan statistiki seljeriş, usulyýet, usul, statistiki, neşir işleriniň maksatnamalary işleriň jogapkär ýerine ýetirijileri we ýerine ýetirmegiň möhletlerini görkezmek bilen işlenip taýýarlanýar.

Statistiki seljeriş işleriniň maksatnamasy ýurduň ykdysadyýetiniň we sosial sferasynyň aýry-aýry pudaklarynyň ösüşi boýunça seljeriş materiallarynyň taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar. Taýýarlanan seljeriş materiallary Türkmenistanyň Hökümetine hem-de ýurduň beýleki gyzyklanýan ministrliklerine we pudak edaralaryna tabşyrylýar.

Usulyýet we usul işleriniň maksatnamalary statistiki hasaba alnyşyň halkara tejribesinde ulanylýan standartlaryny hasaba almak bilen tehniki-ykdysady we sosial maglumatlaryň klassifikatorlarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň, kämilleşdirilmeginiň we ornaşdyrylmagynyň esasynda statistikanyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça işleriň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Statistiki işleriniň maksatnamasy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ähli derejelerinde geçirilýän statistiki gözegçilikleri, ýurt we onuň sebitleri, ykdysadyýetiň pudaklary, ykdysady işleriň görnüşleri, gender alamaty we beýlekiler boýunça statistiki hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin maglumatlary ýygnamagyň we taýýarlamagyň möhletlerini öz içine alýar.

Neşir işleriniň maksatnamasy neşir edilýän ýyllyk we döwürleýin ýygyndylaryň, kitapçalaryň sanawyny öz içine alýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň esasy neşiri «Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşiri» bolup, onda ýurduň we onuň sebitleriniň ösüşi barada birnäçe ýylyň maglumatlary getirilýär. Maglumatlar statistikanyň ähli pudaklary boýunça berilýär. Mundan başga-da, ýyllyk pudaklaýyn ýygyndylar we «Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy» atly aýlyk ýygyndysy çap edilýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2016-njy ýyl üçin maksatnamasy