Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

TürkmenStat | Türkmenistanyň statistika ulgamynyň mümkinçilikleriniň ösüşi we onuň häzirki zaman ýagdaýy  

Döwlet garaşsyzlygyna çenli Türkmenistanyň statistikasy

XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Zakaspiý oblasty döredildi. 1899-njy ýylda Zakaspiý oblasty Türküstan ülkesiniň düzümine goşuldy.

Zakaspiý oblastynda statistikany dolandyran we onuň bilen meşgullanan Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Merkezi statistika komitetiniň garamagyndaky Oblast statistika komiteti bolupdy. Bu komitet uýezdleriň aşaky administrasiýasy, pristawlar we arçynlar arkaly dürli statistiki maglumatlary ýygnady, olar 1915-nji ýyla çenli «Zakaspiý oblastynyň habarlarynda» neşir edildi. Habarlarda berilýän maglumatlar üns bermäge mynasyp we şol wagtky Türküstany ösdürmegiň aýratyn meselelerini öwrenmek üçin gyzyklanma döredýär.

Zakaspiý oblasty Sowetleriň Bäşinji Türküstan gurultaýynyň 1918-nji ýylyň 1-nji maýyndaky karary bilen Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň düzümine girizildi. Oblasta 19 wolosty bilen Poltoraskiý, Tejen, Mary uýezdleri girýärdi. 1921-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň ady Türkmen oblasty diýlip üýtgedilýär.

Oktýabryň ýeňişinden soň ýaş Sowet respublikasyna önümçiligi, önümleriň paýlanyşyny berk hasaba almak we gözegçilik etmek zerur boldy, muny döwlet statistikasynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmezden ýerine ýetirmek mümkin däldi.

1918-nji ýylyň 25-nji iýulynda RSFSR-iň Halk Komissarlar Soweti tarapyndan «Döwlet statistikasy hakynda düzgünnama» kabul edildi, onda bitewi umumydöwlet organy — Merkezi statistika uprawleniýesi (MSU) resmileşdirildi. Bu sene statistika edaralarynyň esaslandyrylan senesi bolup durýar. Tutuş Türküstan respublikasynyň, hususanam Türkmenistanyň çäklerinde statistika edaralaryny guramak üçin 1920-nji ýylyň aprel aýynyň 27-sine Türküstan Sowetiniň Merkezi Ýerine Ýetiriji Komiteti tarapyndan çap edilen «Türküstan respublikasynyň ýerli statistika edaralary hakynda düzgünnama» esas boldy. 1920-nji ýylyň 12-nji iýunynda Zakaspiý Rewolýusion Komiteti Zakaspiý oblast statistika býurosyny guramak barada buýruk çykardy.

Her bir uýezdde uýezd statistika býurosy döredildi, wolostlarda bolsa statistika işlerini wolost statistikaçylary ýöretdiler — bu Türkmen oblast statistika býurosynyň garamagyndaky aşaky statistika edaralary bolupdy. Statistika edaralarynyň işlerine meýletin habarçylar giňden kömek berdiler.

Özüniň ilkinji işläp başlan döwründe, örän kyn şertlerde, ýokary hünär derejeli işgärleriň ýetmezçilik etmegi işgär sanynyň azlyk edýän mahalynda, statistika edaralary ýazuwlaryň we gözegçilikleriň birnäçesini geçirmek bilen, Türküstanyň halk hojalygyny ykdysady taýdan öwrenmek boýunça uly işleri amala aşyrdylar.

Oblast statistika býurosy 1917-nji ýylyň ýazuwynyň materiallaryny işläp taýýarlady, 1920-nji we 1923-nji ýyllarda ilat ýazuwyny, senagat kärhanalarynyň, söwda edaralarynyň, bilim edaralarynyň, şäherlerdäki we şäherçelerdäki ýaşaýyş jaýlarynyň ýazuwyny, oba hojalyk ýazuwyny geçirdi.

Ýygnanan we işlenip taýýarlanan statistiki materiallary Türkmen oblast býurosy ilkinji gezek 1924-nji ýylda «Türkmen oblastynyň 1920-1924-nji ýyllardaky statistiki sprawoçniginde» neşir etdi.

1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda SSSR MÝÝK-nyň II sessiýasy öň TürkMÝÝK-nyň Adatdan daşary III sessiýasynda, Ählihorezm 5-nji we Ählibuhara 5-nji gurultaýlarynda Orta Aziýany milli alamat boýunça bölmek hakynda kabul edilen kararyny makullady we Türkmenistan SSR-ini we Özbegistan SSR-ini döretmek barada taryhy karar çykardy.

1925-nji ýylyň fewral aýynda geçen birinji Ählitürkmen uçreditel gurultaýy Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasyny döretmek barada we Türkmenistan SSR-niň SSSR-iň düzümine meýletin girmegi barada Jarnama kabul etdi.

Türkmenistan SSR-niň döredilmegi bilen oblast statistika býurosy ýapyldy, onuň ornuna Merkezi statistika uprawleniýesi (TSSR MSU-sy) döredildi. Şol wagt okrugyň statistika býurolary (uýezdleriň ýerine okruglar döredilipdi) we raýon statistika býurolary (ýapylan wolostlaryň ýerine) onuň ýerli edaralary bolup durýardy.

TSSR MSU-sy respublikada ähli statistika işleriniň geçirilmegine ýolbaşçylygy amala aşyrdy, hasaba almak we hasabat işlerini guramak bilen meşgullandy, hökümete we meýilnamalaşdyryş edaralaryna halk hojalygynyň ödürilmegine ýolbaşçylyk etmek üçin we ony maýilnamalaşdyrmak üçin zerur bolan statistiki materiallary taýýarlaýardy.

Eýýäm 1925-nji ýylda TSSR MSU-sy milli-çäk bölünişigi boýunça respublikanyň düzümine giren Daşoguz, Çärjew, Kerki okruglary boýunça statistiki-ykdysady gözegçiligi, 10 göterimli oba hojalyk ýazuwyny geçirdi. Şol ýyldan senzli senagatyň ýyllyk gözegçilikleri başlandy. Şol wagtyň statistiki işlerinde 1926-njy ýylyň 17 dekabryndaky ýagdaýa görä geçirilen Bütinsoýuz ilat ýazuwy möhüm orny eýeledi. Ilat ýazuwynyň netijesinde ilkinji gezek respublikanyň ilatynyň sanynyň, onuň jyns, ýaş, milli düzüminiň doly häsiýetnamasy kesgitlenildi.

Soňraky ýyllarda-da uly işler edildi: oba hojalyk kärhanalarynyň we olardaky işçileriň we gullukçylaryň sanynyň bir wagtlyk hasaba alnyşy (1926 ý.), senzli senagatyň hünärmenlik düzüminiň seçimleýin gözegçiligi, gurluşygyň gymmatynyň ekspedision gözegçiligi, kollektiwleşdirişiň we senetçilik senagatynyň ýagdaýynyň sowalnama gözegçiligi, mekdep ýazuwy (1927 ý.), oba hojalyk kollektiwleriniň uçdantutma ekspedision gözegçiligi we söwda edaralarynyň uçdantutma gözegçiligi (1928 ý.), maldarçylyk hojalyklarynyň (1929 ý.) we beýleki gözegçilikleriň ençemesi geçirildi.

Türkmen obasynda synplara bölünmekligi öwrenmek maksady bilen 1927-nji we 1929-njy ýyllarda respublikanyň çäklerinde daýhan hojalyklarynyň 3 göteriminiň dinamiki seçimleýin ýazuwy geçirildi. Bu ýazuwyň materiallaryny işläp taýýarlamagyň netijeleri № 2 (17) statistiki ýygyndyda we 1930-njy ýylda neşir edilen statistiki ýygyndyda çap edildi.

1925-nji ýyldan başlap, TSSR MSU-sy Aşgabat şäheriniň senagatynda işçileriň býujetleriniň gözegçiligini geçirip başlady, 1926-1929-njy ýyllarda bolsa daýhan hojalyklarynyň ekspedision gözegçiligini geçirdi. 1929-njy ýyldan başlap, ilatyň býujetleriniň gözegçiligi has giňişleýin guraldy.

1928-nji ýylda geçirilen 10 göterimli oba hojalyk ýazuwy zähmeti örän köp talap etdi we öz ähmiýeti boýunça örän möhüm boldy. Ýazuwyň işlenip taýýarlanan materiallary we amala aşyrylan toparlaraýyşlar işçi güýjüni hakyna tutmak, ýeriň we beýleki önümçilik serişdeleriniň kärendesi, hojalyklaryň ykdysady kuwwaty we ençeme beýleki meseleleri öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Respublikanyň MSU-synyň statistiki materiallary yzygiderli neşir edilýärdi: 1925-1929-njy ýyllarda 15 sany statistiki ýygyndy, 1930-njy ýylda «Türkmenistan SSR-i sanlarda» atly statistiki sprawoçnik neşir edildi.

1930-njy ýylda halk hojalygynyň meýilnamalaşdyryşy üçin hasaba alyşyň we statistikanyň ähmiýetiniň ýokarlanmagy netijesinde, SSSR MÝÝK-nyň we HKS-iň 1930-njy ýylyň 23-nji ýanwaryndaky karary bilen TSSR MSU-sy ýapyldy we onuň ornuna TSSR Gosplanynyň düzüminde ykdysady-statistika bölümçesi döredildi. 1931-nji ýylda bu sektor TSSR Gosplanynyň halk hojalygyny hasaba alyş bölümçesine, soňra SSSR Gosplanynyň HHHAMU-nyň tabynlygyna geçirmek bilen, Halk hojalygyny hasaba alyş uprawleniýesine (HHHAU) üýtgedildi.

1932-nji ýylda respublikada halk hojalygyny hasaba alyşyň etrap we şäher inspekturalarynyň ulgamy döredildi, 1939-njy ýylyň ahyrynda bolsa, respublikada oblastlaryň döredilmegi bilen baglylykda, halk hojalygyny hasaba alyşyň oblast uprawleniýeleri döredildi.

30-njy ýyllarda statistika edaralary gündelik statistika meselelerini çözmekligi amala aşyrmak bilen birlikde, iri bir gezeklik işleriň birnäçesini geçirdi: saglygy goraýyş edaralarynyň ýazuwy (1930 ý.), mallaryň ýyllyk ýazuwy (1932—1936 ýý.), senagatda enjamlaryň ýazuwy we fizioterapewtik we rentgen edaralarynyň ýazuwy (1934 ý.), umumy söwda ýazuwy (1935 ý.).

TSSR HKS-iň tabşyrmagy boýunça 1933-nji ýylda halk hojalygyny hasaba alyş uprawleniýesiniň edarasynyň tagallalary arkaly, respublikanyň ähli hojalyklaryny doly gurşap almak bilen, kolhozlarda ilkinji gezek gysgaça ýyllyk kampaniýa geçirildi. Materiallary işläp taýýarlamak HHHAU-da geçirildi. Soňraky 1934-nji we 1935-nji ýyllarda bu iş TSSR HHHAU-nyň geňeş bermegi bilen TSSR Ýer işleri boýunça halk komissarlygynyň edarasy tarapyndan geçirildi. Şol ýyllardaky materiallar «Türkmenistan SSR-inde kolhoz gurluşygy» atly statistiki ýygyndyda neşir edildi.

1939-njy ýylda ilat ýazuwy boýunça uly iş amala aşyryldy. Şol döwrüň statistiki materiallary ähli pudaklar boýunça «Türkmenistanda sosialistik gurluşyk» atly statistiki ýygyndyda jemlendi (1937 ý.), emma bu ýygyndy çykarylmady we maket görnüşinde saklanyp galdy.

1939-njy ýylda TSSR-iň Halk hojalygyny hasaba alyş uprawleniýesi tarapyndan iki dilde, ýagny türkmen we rus dillerinde «Türkmenistan SSR-ine 15 ýyl» atly statistiki ýygyndy çykaryldy. I934-I941-nji ýyllar aralygyndaky döwürde uprawleniýe «Türkmenistan SSR-niň halk hojalyk meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň esasy görkezijileri» atly statistiki materialy yzygiderli neşir etdi.

1941-nji ýylda SSSR HKS-y we BKP (b) MK tarapyndan 1941-nji ýylyň 21-nji martynda tassyklanan SSSR HKS-nyň ýanyndaky Döwlet plan komissiýasy hakyndaky düzgünnama laýyklykda, HHHAU TSSR-iň Statistika uprawleniýesi diýlip, gaýtadan atlandyryldy we SSSR Gosplanynyň ulgamyna degişli boldy.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy statistiki işleriň maksatnamasyna, statistiki materiallara gözegçilik etmegiň we işläp taýýarlamagyň usullaryna düýpli üýtgeşmeleriň girizilmegini, hasabatyň has çalt ýerine ýetirilmegini talap etdi. Statistika edaralary senagat önümleriniň möhüm görnüşleriniň öndürilişi boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada gije-gündizlik we on günlük hasabatlaryň jemlenilmegini we degişli edaralara berilmegini üpjün etdiler. Maddy üpjünçiligiň statistikasy boýunça işler ýerine ýetirildi, ol maglumatlar halk hpjalygyny metal, ýangyç, nebit önümleri we enjamlaryň möhüm görnüşleri bilen üpjün ediş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini, bar bolan maddy serişdeleri häsiýetlendirýärdi.

Oba hojalygynyň statistikasyna uly üns berildi. Şu pudak boýunça ýazky ekişe taýýarlyk barada, ekiş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň ýygnalyşy, maldarçylygyň ýagdaýy barada bäş günlük jemleýji hasabat düzülýärdi. Eýýäm 1941-nji ýylda ekin meýdanlaryny we oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny hasaba almaklyk, traktorlary hasaba almaklyk, üzüm we tut nahallarynyň ýazuwy geçirilýärdi.

Gündelik hasabat boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, unuň, ýarmanyň, iýmlik dänäniň sarp edilişi, kartoşkanyň, gök önümleriň, miwe önümleriniň gelip düşüşi, harçlanyşy we galyndylary barada oblast söwda bölümleriniň hasabat maglumatlaryny ýygnamak we işläp taýýarlamak amala aşyrylýardy.

1942-nji ýylyň tomus kampaniýasynda nemes-faşist goşunlarynyň Wolganyň kenaryna çykmagy bilen baglylykda respublikada demir ýol ulagynyň we Krasnowodsk portunyň işine uly agram düşdi, Kawkaz we günorta frontlary üpjün etmek üçin olaryň geçiriş ukybyny artyrmak boýunça işler geçirildi. Bu şertlerde ulagyň statistikasy uly üýtgetmelere sezewar boldy. Hereket edýän düzümiň toplumynyň, ýük ýüklenen wagonlaryň ýazuwy we bir wagtlyk hasaba almagyň beýleki görnüşleri geçirildi, demir ýol ulagynda gatnawlaryň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada gije-gündüzlik, bäş günlük, on günlük we aýlyk hasabat girizildi.

Şol ýylyň agyr şertşerinde TSSR Statistika uprawleniýe we onuň ýerlerdäki edaralary uly bir wagtlyk statistiki işleriň birnäçesini geçirdiler — ýylyň başyna mallaryňlary, kolhoz fermalary, awtomobilleriň möhüm ätiýaçlyk şaýlary, däne ýitgileri hasaba alyndy. Kolhoz maldarçylygynyň ýagdaýyny öwrenmeklik, süýt sagylyşynyň, däne döwülişiniň hasaba alnyşynyň dolulygy boýunça gözegçilik işleri amala aşyryldy, maldarçylyk boýunça kolhozlaryň aýlyk hasabaty girirzildi.

1943-nji we Watançylyk urşynyň soňky ýyllarynda resbuplikada senagat we oba hojlayk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işleriniň gowulandyrmak boýunça giňişleýin çäreler durmuşa geçirildi. Şolaryň ählisi statistika edaralarynyň işleriniň häsiýetine täsirini ýetirdi. Düýpli gurluşygynyň statistikasynda senagatyň möhüm pudaklarynda täze kuwwatlyklarynyň işe girirzilmeginiň häsiýetnamasyna aýratyn üns berildi. Ilatyň azyk senagat harytlary bilen bellenen ölçegli kada boýunça üpjün edilmegine geçilmegi bilen baglylykda söwdanyň statistikasynyň guralyşy köp derejede üýtgedi. Zähmetiň ststistikasynda düýpli üýtgeşmler bolup geçdi—döwlet statistika edralary tarapyndan senagatda, gurluşykda işleýänleriň we gullukçylaryň sany barada maglumatlar yzygiderli we çalt ýygnaldy, zähmet resurslarynyň şu we beýleki görkezijileri boýunça bir wagtlyk hasaba alyş işleri birnäçe gezek geçirildi. BKP (b) MK-nyň we SSSR HKS-iň 1943-nji ýylyň 13-nji aprelindäki «Kolhozçylara mal edinmekde kömek bermek hakynda» kararyna laýyklykda hojalyk kitaplarynyň maglumatlary boýunça kolhozçylarda näçe malyň bardygy hakynda oba sowetleriniň çärýekleýin hasabaty girizildi. 1944-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky ýagdaýa görä gara we reňkli metal bölekleriniň barlygy hakynda Bütinsoýuz ýazuwy geçirildi.

Watançylyk urşunyň ilkinji ýyllarynda TSSR Statistika uprawleniýe TSSR Gosplanynyň düzümine girýärdi. SSSR HKS-iň 1943-nji ýylyň 15-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda 1943-nji ýylda ol SSSR Gosplanynyň ygtyýarly edilen apparaty bilen birleşdirildi (SSSR-iň TSSR boýunça Upolsoýuzgosplany).

Şol wagtlar uprawleniýäniň merkezi edarasynyň düzümine statistikanyň bölekleri: senagatyň, ulagyň we aragatnaşygyň, oba hojalygynyň, düýpli gurluşygyň, zähmetiň we ilatyň, saglygy goraýyşyň we medeniýetiň, haryt dolanyşygynyň statistikasy, şäher hojalygynyň topary, üpjünçiligiň we sarp ediş kadalarynyň topary, meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini barlaýan bölüm, hasyllylygy kesgitlemek bölümi girýärdi.

Oblast statistika uprawleniýeleri, döwlet statistikasynyň şäher we raýon inspekturalary respublikanyň statistika edralarynyň aşaky zwenolary bolup durýardylar.

Şeýle düzüm guralyşy bilen statistiki işler Beýik Watançylyk urşunyň ahyryna çenli we urşdan soňky ilkinji ýyllarda dowam etdi.

Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanmagy netijesinde ýurtda urşuň netijesinde bozulan halk hojalygyny çalt dikeltmek boýunça, ykdysadyýeti mundan beýläk ösdürmek boýunça işler giň gerime eýe boldy.

Bu döwürde stastistiki işleriň möçberiň giňemegi, statistika edaralarynyň işleriniň kämilleşmegi hem bolup geçdi. Döwlet dolandyryşynyň meýilnamalaýyn ýolbaşçylyk etmegiň isleglerini we halk hojalygynda geçirilýän işleriň gidişi we netijeleri barada ylmy taýdan esaslandyrylan anyk maglaumatlar bilen meýilnama boýunça üpjün etmekde olaryň ähmiýeti artýar. Bu ýagdaýlar tutuş ýurt boýunça-da, respublikada-da statistika edaralarynyň guramaçylyk düzüminiň üýtgedip gurulmagynyň zerurlygyny ýüze çykardy. SSSR Ministrler Sowetiniň 1948-nji ýylyň 18-nji iýulyndaky Kararyna laýyklykda, SSSR 1948-nji ýylda Gosplanyň ygtyýarly edasy ýatyryldy we TSSR Statistika uprawleniýesi özüniň welaýat stastistika uprawleniýeleri, döwlet statistikasynyň etrap we şäher inspekturalary bilen SSSR MSU-nyň tabynlygyndaky, özbaşdak edara bölünip çykaryldy. Oňa respublikada stastistika we hasaba alnyşa ýolbaşçylyk etmeklik ýüklenildi.

Bu uprawleniýäniň düzüminde jemleýji sektor, statistikanyň sektory-senagatyň, oba hojalygynyň, düýpli gurluşygyň we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň, ulagyň we aragatnaşygyň, maddy üpjünçiligiň, haryt dolanyşygynyň, ilatyň, medeniýetiň we saglygy goraýşyň, zähmetiň we iş hakynyň, işçileriň we gulluklçylaryň býujetleriniň, kolhozçylaryň býujetleriniň statistikasy.

1957-nji ýylda sowet stastistikasynyň ösüşin täze döwür başlandy bardy. Senagaty we gurluşygy dolandyrmaklygyň guralaşynyň üýtgedilmegi bilen baglylykda döwlet stastistikasynyň öňünde täze we adatdan daşary möhüm wezipeler ýüze çykdy. Olaryň ýerine ýetirilmegi statistika edaralarynyň düýpgöter gaýtadan guralmagyny talap etdi. Halk hojalygynyň şu pudaklary boýunça hasabat statistika edaralarynda merlezleşdirildi. Şol wagtdan ilkinji hasaba alyşyň bir nusga getirilen formalaryny işläp taýýarlamak we neşir etmek başlandy. Statistika edaralarynda hasabaty işläp taýýarlamagyň mehanizmleşdirilişini düýpli gowulandyrmak boýunça işler giň gerime eýe boldy.

1958-nji ýylda statistika edaralarynda oba hojalygynyň (kolhozlaryň, sowhozlaryň, RTS-leriň we MTS-leriň) ähli hasabaty jemlenilýär.

1957-nji ýylda statistika uprawleniýesiniň ýanynda maşyn-hasaplaýyş stansiýasy döredildi. Onuň düzüminde senagat, oba hojalygy, düýpli gurluşyk boýunça statistiki materiallary taýýarlamak we goýbermek boýunça bölümler guraldy.

Şol ýyllarda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça gündelik statistiki hasabaty ýygnamak we işläp taýýarlamakdan başga TSSR Statistika uprawleniýe we onuň statistika edaralary metal kesýän we agaç işläp bejerýän stanoklaryň hem-de demir presleýji enjamlaryň Bütinsoýuz ýazuwy (1945 ý.), sarp edijilerde we üpjün edijilerde bar bolan kagyz önümleriniň ýazuwy (1946 ý.), güýçlendiriji, nasos-gysyjy, guýujy, gurluşyk, owradyjy we göteriji enjamlaryň ýazuwy (1947 ý.), söwda ýazuwy (1949 ý.) senagat enjamlarynyň ýazuwy (1951 ý.), Bütinsoýuz ilat ýazuwyny (1959 ý.) ýaly uly işleri geçirdiler. Uly arakesmeden soň 1957-nji ýylda TSSR Statistika uprawleniýe tarapyndan «Türkmenistan SSR-niň halk hojalygy» atly urşdan soňky ilkinji statistiki ýygyndy neşir edildi.

1960-njy ýylda TSSR Statistika uprawleniýe TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Merkezi statistika uprawleniýesi diýlip üýtgedildi. Onuň düzümine statistikanyň şu bölümleri girýärdi: senagatyň, ulagyň we aragatnaşygyň, oba hojalygynyň, düýpli gurluşygyň we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň, maddy üpjünçiligiň, söwdanyň, zähmetiň we iş hakynyň, ilatyň, medeniýetiň we saglygy goraýşyň, işçileriň býujetleriniň, gulluklçylaryň we kolhozçylaryň býujetleriniň statistikasy, hasaba alyş, hasabat we jemleýji işleriň bölümi.

Has soňra TSSR MSU-da dürli düzüm üýtgeşmeleri bolup geçdi: 1959-njy ýyldan 1962-nji ýyl aralygynda uprawleniýede esasy serişdeleri gaýtadan bahalandyrmak boýunça bölüm hereket etdi, 1960-njy ýylda Hasaba alyş we hasabat bölümi, 1961-nji ýylda Kolhozlarda buhgalter hasaba alyşy bölümi döredildi, 1963-nji ýylda aşakdakylar döredildi: Halk hojalygyk balanslary bölümi, Täze tehnikanyň statistikasy bölümi we Maliýanyň statistikasy bölümi, 1966-njy ýylda iki bölüme bölünen. Nyrh we nyrh emele geliş bölümi. Şol ýyl Ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy we ilata durmuş hyzmatlary bölümi aýratyn bölünip çykaryldy. 1960-njy ýyldan başlap apparatyň düzümini üýtgedip guramak diňe bir TSSR MSU-da däl-de, eýsem oblast statistika uprawleniýelerinde hem amala aşyryldy. Munuň özi oblastlar ýatyrylanda we etraplar ulaldylanda hem-de olar täzeden döredilende statistiki hasabatlaryň statistikanyň käbir pudaklarynda işleriniň möçberleriniň köpelmegi zerarly respublikanyň administratiw bölünişigindäki üýtgeşmeler bilen, statistiki hasabatlaryň statistika edaralarynda merkezleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolupdy. Olardan başga-da, Bütinsoýuz ilat ýazuwy (1959, 1970, 1979 ýyllar), miwe, ir-iýmiş nahallarynyň we üzüm nahallarynyň Bütinsoýuz ýazuwy, halk hojalygynda esasy serişdeleri gaýtadan bahalandyrmak ýaly uly işler geçirilen döwründe merkezi edarada we käbir aşaky statistika edaralarynda ýörite düzüm bölümleri döredildi.

Altmyşynjy ýyllaryň başynda TSSR MSU-nyň maşyn-hasaplaýyş stansiýasynyň düzüminde zähmet we iş haky, medeniýet saglygy goraýyş, söwda, maddy üpjünçilik boýunça statistiki materiallary taýýarlamak we goýbermek boýunça bölümler döredildi.

1960-njy ýylda TSSR MSU-nyň ýanynda Hasaba almagy mehanizmleşdirmek we hasaplaýyş işleri bölümi döredildi, ol 1963-nji ýylda TSSR MSU-nyň Hasaplaýyş işleri uprawleniýesine öwrüldi. Şol ýyldan başlap, SSSR MSU-nyň Işgärleri taýýarlaýyş uprawleniýesiniň garamagyndaky Okuw kombinaty gös-göni TSSR MSU-nyň garamagyna geçirildi.

Hasabatyň merkezleşdirilmegi we ýolbaşçylyk edýän, meýilnamalaşdyryş we hojalyk edaralarynyň statistiki maglumatlara bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin işleriň möçberiniň artmagy diňe bir merkezi edarada däl-de, eýsem onuň aşaky statistiki edaralarynda hem hasaba alyş-hasaplaýyş işleriniň mehanizmleşdirilmegini ösdürmek zerurlygyny ýüze çykardy. Oblast statistika uprawleniýelerinde, döwlet statistikasynyň etrap we şäher inspekturalarynyň köpüsinde maşyn-hasaplaýyş stansiýalary döredildi, olar 1971-nji ýyldan başlap ýerli statistika edaralary bilen birleşdirildi, munuň netijesinde döwlet statistikasynyň hojalyk hasaplaşygyndaky etrap we şäher maglumat-hasaplaýyş stansiýalary (EMHS, ŞMHS), oblastlarda bolsa Oblast statistika uprawleniýeleriniň hasaplaýyş merlezleri döredildi. Bu edaralar statistiki materiallaryň mehanizmleşdirilen usulda işlenmegini üpjün etdiler, şonuň ýaly-da kolhozlar, sowhozlar, merkezleşdirilen buhgalteriýalar we beýleki guramalar üçin hasaba alyş-hasaplaýyş işleriniň uly möçberini ýerine ýetirdiler.

70-nji ýyllarda olar şol döwrüň häzirki zaman tehnikasy: perforatorlar, tabulýatorlar, buhgalter maşynlary we düwmeli maşynlaryň iň täze nusgalary bilen enjamlaşdyryldy. Bularyň toplumy yzygiderli artdy we täzeleri bilen üsti doldyryldy. TSSR MSU-nyň maşyn-hasaplaýyş stansiýasy EHM bilen enjamlaşdyryldy we Respublikan hasaplaýyş merkezine (RHM) öwrüldi. EHM-leriň ilkinji «Minsk-22» neslinden soň onuň täze «Minsk-32» ES-1022 nesilleri ulanyşa girizildi.

Hasaplaýyş merkezleriniň we stansiýalarynyň tehniki taýdan üpjünçiliginiň ýokarlanmagy, statistiki we beýleki materiallary mehanizmleşdirilen usulda işleýiş maksatnamalarynyň özleşdirilmegi olaryň ýerine ýetirýän işleriniň ep-esli artmagyna täsirini ýetirdi. 1987-nji ýylda tutuş respublika boýunça döwlet statistikasy ulgamy tarapyndan 823 sargytça, şol sanda TSSR Döwlet statistikasynyň DHM—i tarapyndan 41 sargytça hyzmat edildi.

Hasaba alyşy we hasabaty mehanizmleşdirmek boýunça işleriň giň gerim almagy netijesinde respublikada 1975-nji ýylda Döwlet statistikasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy (DSAU) döredildi we onuň ilkinji nobatdakysy, 1981-nji ýylda bolsa ikinji nobatdakysy işe girizildi.

TSSR MSU-sy, onuň statistiki edaralary TSSR Ministrler Sowetiniň 1960-njy ýylyň 31-nji martyndaky karary bilen tassyklanan düzgünnama laýyklykda, respublikada hasaba alyş we hasabat işlerine merkezleşdirilen ýolbaşçylygy amala aşyrmak dowam etdirildi, işler respublikanyň ýolbaşçy edaralarynyň merkezleşdirilen meýilnamalaryna we tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirildi, respublikany sosial-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar ýygnaldy we işlenip taýýarlanyldy, bir wagtlyk hasaba alyş, ýazuw we gözegçilik işleri amala aşyryldy. Statistika edaralarynyň, aýratyn-da merkezi edaranyň işinde statistiki maglumatlary seljermek boýunça ykdysady işler uly orny eýeleýärdi. Ýolbaşçy edaralara halk hojalyk pudaklarynyň ýagdaýy we ösüşi barada dürli meseleler boýunça, sosial meseleler boýunça ykdysady ýygyndylar yzygiderli berilýärdi. TSSR MSU öň meşgullanylmadyk hasaplamalaryň birnäçesini — oba hojalygynyň jemi önüminiň we natural balanslarynyň, ilatyň pul girdejileriniň we çykdajylarynyň balanslarynyň, jemgyýetçilik iýmitiniň we milli girdejiniň, pudagara balansynyň we beýlekileriň hasaplamalaryny amala aşyrmaga başlady. Yzygiderli çykarylýan, soňra bolsa ýyllyk neşir hökmünde neşir edilýän statistiki ýygyndylar täzelendi we yzygiderli neşir edildi. Neşir edilen statistiki ýygyndylaryň birnäçesi ýubileý senelerine bagyşlandy. Olardan başga-da, TSSR MSU-nyň pudaklaýyn bölümleri tarapyndan statistikanyň dürli pudaklary boýunça statistiki ýygyndylaryň birnäçesi neşir edildi.

Merkezi edaranyň we onuň ýerli statistiki edaralarynyň işinde halk hojalygynda hasaba alyşy we hasabaty ýola goýmak boýunça, hasabat maglumatlarynyň anyklygyny üpjün etmek boýunça işler möhüm orny eýeledi. Statistika edaralary üçin bu işleri güýçlendirmekde SSKP MK-nyň we SSSR Ministrler Sowetiniň 1961-nji ýylyň 19-njy maýyndaky «Döwleti aldamak faktlarynyň öňüni almak boýunça we meýilnamalarynyň we borçnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlaryň anyklygyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça çäreler hakynda» karary, şonuň ýaly-da şu mesele boýunça partiýanyň we Sowet hökümetiniň soňky görkezmeleri esasy resminamalar boldy.

50-60-njy ýyllarda merlezi edarada we ýerlerdäki statistika edaralarynda ýaş işgärleriň we hünärmenleriniň nesli emele geldi, olar şol wagt we soňky döwürde öňde duran wezipeleri çözmekde esasy agram düşen kollektiwleriň özeni boldy.

Köp işgärleriň uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekden edermenlik bilen çeken zähmetleri, halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmekde gazanylan üstünliklerde olaryň goşantlary hökümet sylaglary, hormat hatlary bilen bellenildi.

Uruşdan soňky ýyllarda SSSR-iň ordenleri we medallary bilen 50 adam sylagalndy, 10 sany işgäre «Türkmenistan SSR-niň at gazanan ykdysatçysy» diýen hormatly at berildi, 10 adam Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglandy. Döwlet statistika edaralarynda birkemsiz işländigi üçin we gazanylan üstünlikler üçin 8 sany işgär SSSR MSU-nyň Hormat kitabyna, 32 sanysy bolsa TSSR MSU-nyň Hormat kitabyna girizildi.

Hasaba alyşyň we statistikanyň ähmiýetiniň artmagy, statistika edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän wezipeleriň ep-esli giňemegi bilen baglylykda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň 1973-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky karary bilen täze «TSSR-iň Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Merkezi statistika uprawleniýesi hakynda we Türkmenistan SSR-niň oblastlaryndaky, şäherlerindäki we etraplaryndaky döwlet statistika edaralary hakynda düzgünnama» tassyklanyldy. Öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça respublikanyň statistika edaralarynyň hukuklary we borçlary şu düzgünnama bilen laýyklaşdyryldy we giňeldildi.

1978-nji ýyldan TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Merkezi statistika uprawleniýesi Türkmenistan SSR-niň Merkezi statistika uprawleniýesine özgerdildi (TSSR MSU-sy).

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumy 1987-nji ýylyň 21-nji awgustynda «Türkmenistan SSR MSU-ny Türkmenistan SSR-niň statistika boýunça soýuz-respublikan komitetine öwürmek hakynda» perman kabul etdi. TSSR Döwlet statistika komitetiniň täze guramaçylyk düzümi tassyklanyldy. Merkezi apparatda 5 sany pudaklaýyn müdirlik — ilatyň statistikasy, sosial statistika, senagatyň statistikasy, agrosenagat toplumynyň statistikasy, düýpli gurluşygyň statistikasy müdirlikleri we 9 sany bölüm — statistikanyň guralyşyny kämilleşdirmek, jemleýji statistika, halk hojalygynyň balanslarynyň, ylmy-tehniki ösüşiň, zähmetiň, maddy resurslarynyň, söwdanyň we hyzmatlaryň, ulagyň we aragatnaşygyň, maliýäniň we nyrhlaryň statistikasy bölümleri döredildi. «Türkmenmaşyninform» birleşigi ýapyldy. Respublikan hasaplaýyş merlezi TSSR Döwlet statistika komitetiniň Baş hasaplaýyş merkezine öwrüldi, oňa bitewi tehniki syýasaty amala aşyrmak, döwlet statistikasynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy (DSAU) we buhgalter hasaba alyşynyň toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrylyşy (BHATM) boýunça işleri geçirmek wezipesi ýüklendi.Öňki oblast statistika uprawleniýeleri oblmaşinformlar we oblast hasaplaýyş merkezleri bilen goşulyp, hojalyk hasaplaşygyndaky oblast statistika uprawleniýeleri diýlip atlandyryldy, EMHS-ler, ŞMHS-ler, döwlet statistikasynyň etrap, şäher inspekturalary etrap (şäher) statistika bölümleri hökmünde oblast statistika uprawleniýesiniň gös-göni tabynlygyna geçirildi we olaryň önümçilik birligi boldy.

1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny almagy bilen ýurduň statistika edaralarynyň öňünde milli ykdysadyýeti emele getirmek we pugtalandyrmak boýunça hem-de täze türkmen jemgyýetini kemala getirmek boýunça ägirt uly özgertmelerden gelip çykýan düýpgöter täze wezipeler örboýuna galdy.