Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

TürkmenStat  

Türkmenistanyň statistika ulgamynyň mümkinçilikleriniň ösüşi we onuň häzirki zaman ýagdaýy

Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllarynda milli statistika ulgamy düzüm özgertmelerini başdan geçirdi.

 Döwlet statistikasynyň ylmy-usulyýet we seljeriş binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 1997-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ylmy-barlag ykdysadyýet institutyny we TYA-nyň Ykdysadyýet institutyny birleşdirmek arkaly täze gurama – Milli döwlet statistikasy we çaklaýyş instituty (Türkmenstatçaklaýyş) döredildi.

 Türkmen jemgyýetini ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet statistikasynyň öňünde durýan toplumlaýyn wezipeleri hasaba almak bilen, 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli döwlet statistikasy we çaklaýyş instituty Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar institutyna (“Türkmenmillihasabat” institutyna) öwrüldi.

 Statistika ulgamynda hasaba alnyşyň we statistikanyň halkara standartlaryna geçilmegi, sosial-ykdysady hadysalary statistiki taýdan barlag etmegiň formalarynyň we usullarynyň kämilleşdirilmegi ýaly üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe “Türkmenmillihasabat” instituty döwlet statistikasy ýaýrawynda pudagara utgaşdyryşy we wezipeleýin düzgünleşdirişi amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy bolup durýardy.

 2007-nji ýylyň oktýabrynda “Türkmenmillihasabat” institutynyň binýadynda, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty bilen bir hatarda, has anyk wezipeleri bolan täze Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti döredildi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň guramaçylyk düzümi merkezi edaradan hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Statistika müdirliklerinden ybarat. Welaýatlaryň Statistika müdirlikleriniň düzümine etrap (şäher) statistika bölümleri-de girýär.  Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynda pudaklaýyn statistika müdirlikleri hereket edip, olar esasan statistiki gözegçilikleri utgaşdyrmak, usulyýet we programma üpjünçiligi, maglumatlary jemlemek we seljermek we neşir işleri bilen meşgullanýarlar.

 2012-nji ýylda Türkmenstat tarapyndan “Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” boýunça bellenen işler durmuşa geçirilip tamamlandy.

 Şonuň netijesinde esasan statistikanyň usulyýetini halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça işleriň toplumy amala aşyryldy. Usulyýet we usuly işleriň 48 sanysy işlenip düzüldi we kämilleşdirildi. Netijede olaryň 86 sanysyny öz içine alýan bitewi toplumy emele getirildi. Şonda seçimleýin statistiki gözegçilikleri geçirmegiň usulyýet binýady pugtalandyryldy. Olar boýunça 10 sany usulyýet we usuly iş işlenip düzüldi we iş tejribesine ornaşdyryldy.

 Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň dowamynda hereket edýän döwlet statistiki hasabat formalarynyň birnäçesine, olardaky görkezijileriň düzümine gaýtadan seredildi. Şonda ozaly bilen olarda maglumatlaryň gaýtalanmagynyň aradan aýrylmagyndan we respondentlere düşýän iş agramynyň azaldylmagyndan ugur alyndy.

 Olaryň ençemesi täzeden işlenip düzüldi ýa-da mazmun taýdan kämilleşdirildi. Täze girizilen formalar, esasan, senagatyň, maýa goýumlarynyň, oba hojalygynyň, telekeçiligiň, ulagyň we aragatnaşygyň, zähmetiň we iş hakynyň, ylmyň statistikasyna degişlidir. Döwlet statistik hasabat formalarynyň 20 sanysy görkezijileriniň ähmiýetiniň ýokdygy we olaryň beýleki hasabat formalarynda gaýtalanýandygy sebäpli ýatyryldy, 6 sanysy pudaklaýyn statistiki hasabat formalaryna geçirildi. Netijede 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna hereket edýän döwlet statistik hasabat formalarynyň 227 sanysyndan ybarat toplumy emele geldi. Döwürleýinligi boýunça olardan 102 sanysy ýyllyk, 10 sanysy ýarym ýyllyk, 56 sanysy çärýeklik we aýlyk, 3 sanysy hem hepdelik we gündelik hasabatlardyr. 

 Statistikanyň usulyýetini we guralyşyny kämilleşdirmegiň netijesinde uçdantutma we seçimleýin statistiki gözegçilikleriň utgaşykly geçirilmegi ýola goýuldy. Hususan-da, öý hojalyklarynyň girdejileriniň we çykdajylarynyň seçimleýin gözegçiligi bilen bir hatarda, 2011-nji ýyldan başlap, işçi güýjüniň seçimleýin statistik gözegçiligi çärýekleýin esasda ýola goýuldy. Ondan   başga-da, Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda statistikanyň dürli pudaklary boýunça bir wagtlaýyn seçimleýin statistik gözegçilikler geçirildi. Olara, hususan, ýerleşdiriş ugurlary boýunça harytlaryň söwdasynyň seçimleýin gözegçiligi, gözegçilik edilmeýän ykdysadyýete baha bermek boýunça öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi, syýahatçylyk hyzmatlarynyň seçimleýin gözegçiligi, oba hojalyk işi bilen meşgullanýan öý hojalyklarynyň seçimleýin gözegçiligi, hususy eýeçilikdäki ýük awtomobilleriniň ulanylyşynyň seçimleýin gözegçiligi, maglumat tehnologiýalarynyň elýeterliligine we olardan peýdalanylyşyny bahalandyrmak boýunça seçimleýin gözegçiligi degişlidir. Bu gözegçilikleriň netijesinde alnan maglumatlar döwlet statistik hasabat formalary arkaly hem-de administratiw çeşmelerden alynýan maglumatlardan peýdalanylyp geçirilýän jemleýji statistiki hasaplamalaryň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýarlar.

 Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler aýry-aýry ugurlar boýunça aşakdaky ýaly ýerine ýetirildi.

Döwlet statistikasynyň umumy usulyýet esaslary boýunça milli statistika ulgamy tarapyndan maksady ykdysady we sosial ösüşi meýilnamalaşdyrmak we oňa netijeli gözegçilik etmek üçin döwrebap, ygtybarly we tükel maglumatlaryň taýýarlanmagyna, şonuň ýaly-da olaryň halkara derejesinde deňeşdirerlik bolmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen, 300-e golaý esasy görkezijilerden we olaryň metamaglumatlaryndan ybarat sosial-ykdysady görkezijiler ulgamy halkara standartlaryny hasaba almak bilen işlenip düzüldi hem-de onuň birinji we üsti ýetirilen ikinji neşirleri çap edildi. Bu görkezijiler ulgamyny ornaşdyrmagyň garaşylýan esasy netijesi statistiki önümleriň, sosial-ykdysady maglumatlary seljermegiň we ýaýratmagyň kämilleşdirilmeginden, seljeriş işini we sosial ykdysady maglumatlaryň ýaýradylyşynyň has-da gowulandyrylmagyndan, şonuň ýaly-da milli statistikanyň mümkinçiliklerini halkara standartlaryna laýyk getirmekden ybarat bolup durýar. Şonda bu iş degişli döwlet statistik hasabat formalarynyň hem-de statistik hasaplamalaryň usullarynyň kämilleşdirilmegi bilen utgaşykly alnyp baryldy.

 Umumy usulyýet häsiýetli çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň döwlet statistika ulgamyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy işlenip düzüldi. Onda kesgitlenen orta möhletlik çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 12429 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” döwlet statistika ulgamyna degişli bölümine girizildi.

 Bu Maksatnama laýyklykda “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasy işlenip düzüdi. Ol kanun 2012-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Täze kanun statistika baradaky kanunçylygyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara alýar. Onda esasy statistika kanunçylygyny işläp düzmek boýunça Ýewrostatyň maslahatlary, resmi statistikanyň BMG-niň Statistika komissiýasy tarapyndan tassyklanan esasy ýörelgeleri hem-de milli statistikanyň soňky ýyllardaky ösüşinde toplanan tejribäniň netijeleri beýanyny tapýar.

 Makroykdysady görkezijiler boýunça milli hasaplar ulgamyna, jemi içerki önümiň halkara deňeşdirmelerine, innowasiýalar statistikasyna, maliýe statistikasyna, sarp ediş nyrhlarynyň statistikasyna, daşary ykdysady işleriň statistikasyna degişli çäreler amala aşyryldy. Hususan-da, jemi içerki önümi deňeşdirme nyrhlarda kesgitlemegiň usulyýeti kämilleşdirildi, gözegçilik edilmeýän ykdysadyýete baha bermek boýunça öý hojalyklarynda gözegçiligi geçirmegiň usuly düzgünleri işlenip düzüldi we statistikanyň iş tejribesine ornaşdyryldy, “Harajatlar–önüm goýberiş” tablisalaryny düzmegiň usulyýet esaslary goýuldy, jemi içerki önümiň halkara deňeşdirmeleri maksatnamasyna gatnaşmak boýunça taýýarlyk işleri geçirildi, innowasiýa işi boýunça görkezijiler ulgamy, ýyllyk döwlet statistik hasabat formasy işlenip düzüldi we ornaşdyryldy. Döwlet maliýesiniň statistikasy boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen hyzmatdaşlykda döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny täze býujet klassifikasyýasy esasynda hasaba almagyň meseleleri işlendi. Nyrhlaryň statistikasy boýunça “Söwda kärhanalarynda we hyzmatlar ýaýrawynda harytlaryň we hyzmatlaryň bölek satuw bazar nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça usulyýet düzgünnamasy” kämilleşdirilen görnüşde işlenip düzüldi. Daşary ykdysady aragatnaşyklaryň statistikasy boýunça daşary söwda degişli maglumatlary işlemek üçin “Eurotrace”  programmasynyň täze nusgasy ornaşdyryldy. Syýahatçylyk statistikasynyň usulyýet binýady pugtalandyryldy, bu ugur boýunça seçimleýin statistiki gözegçilik geçirildi. Şonuň ýaly-da esasy haryt-wekilleriň seçimleýin gözegçiligi esasynda eksport we import nyrhlarynyň indeksini hasaplamagyň usulyýeti düzülip, iş tejribesine ornaşdyryldy. 

 Ykdysadyýetiň hakyky bölegi boýunça senagatyň, oba hojalygynyň we gurluşygyň statistikasy ösdürildi.  Senagatyň statistikasy boýunça senagat önümlerini öndürijileriň nyrhlaryny hasaplamak boýunça we ýangyç energetika balansyny düzmek boýunça usulyýet işleri taýýarlandy, ýangyç energetika balansynyň synaglaýyn hasaplamasy amala aşyryldy.  Oba hojalyk statistikasy boýunça oba hojalyk önümlerini öndürijileriň nyrhlaryna gözegçiligiň we nyrhlaryň indeksini hasaplamagyň usulyýeti kämilleşdirildi, oba hojalyk işi bilen meşgullanýan öý hojalyklaryň işine seçimleýin statistiki gözegçiligi geçirmek boýunça usuly görkezmeler işlenip düzüldi we birwagtlaýyn seçimleýin gözegçilik geçirildi. Gurluşygyň statistikasy boýunça gurluşykda öndürijileriň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça usulyýet görkezmeleri işlenip düzüldi, statistikanyň iş tejribesine ornaşdyryldy we onuň esasynda her aýda öndürijileriň nyrhlarynyň indeksleriniň hasaplanmagy ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da statistikanyň bu pudaklary boýunça birnäçe statistik hasabat formalary kämilleşdirildi.

 Hyzmatlar ýaýrawy boýunça ulagyň we aragatnaşygyň statistikasyny ösdürmegiň çäklerinde awtomobil ulagynda statistiki gözegçilikleriň kämilleşdirilen usulyýeti, hususy eýeçilikdäki ýük awtomobilleriniň ulanylyşynyň seçimleýin gözegçiliginiň usuly işlenip düzüldi we ornaşdyryldy. Hususy eýeçilikdäki ýük awtomobilleriniň ulanylyşynyň seçimleýin gözegçiligi geçirildi. Şonuň ýaly-da  maglumat tehnologiýalarynyň elýeterliligini we olardan peýdalanylyşyna baha bermek boýunça statistiki gözegçiligi geçirmegiň usulyýeti işlenip düzüldi hem-de onuň esasynda birwagtlaýyn seçimleýin gözegçilik geçirildi.

 Içerki söwdanyň statistikasy boýunça harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň statistikasy Ykdysady işiň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň ornaşdyrylmagyny nazara almak bilen kämilleşdirildi. Türkmenistanda ýerleşdiriş ugurlary boýunça harytlaryň söwdasynyň seçimleýin gözegçiligini geçirmegiň usulyýeti işlenip düzüldi we onuň esasynda birwagtlaýyn seçimleýin statistik gözegçilik geçirildi.

 Sosial statistika boýunça ilat statistikasy, zähmetiň we iş hakynyň statistikasy, bilimiň, saglygy goraýyşyň, medeniýetiň, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamynyň statistikasy, öý hojalyklarynyň we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň statistikasy boýunça usulyýet işleriniň we statistik gözegçilikleriň kämilleşdirilmegi amala aşyryldy.

 Sosial-ykdysady klassifikasiýalar boýunça statistik klassifikatorlaryň         3 sanysy işlenip düzüldi, 5 sanysyna gaýtadan seredildi. Hususan-da, Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatory statistik işe ornaşdyryldy. Şeýlelikde, statistik hasaba alnyşda ulanylýan klassifikatorlaryň sany 20-ä ýetdi.

 Statistiki bellige alyş sanawlary boýunça Hojalyk subýektleriniň (ýuridiki şahslaryň we hususy telekeçileriň) statistiki sanawynyň bitewi binýady döredildi. Hojalyk subýektleriniň statistiki hasaba alnyş kartoçkasy we işleýän hususy telekeçileriň hasaba alnyş kartoçkasy kämilleşdirildi we 2012-nji ýylyň hasabatyndan herekete girizildi. 

 Maglumat tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça täze girizilen hasabat formalarynyň kompýuter programma üpjünçilikleri işlenip taýýarlandy, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bütin ulgamynda maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy. Komitetiň merkezi edarasy bilen sebitleýin statistika müdirlikleri optiki süýümli aragatnaşyk liniýasy bilen birikdirildi.

 Statistiki neşirleriň hiliniň halkara standartlaryna laýyklykda gowulandyrylmagy boýunça Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşiriniň täzelenen türkmen, rus, iňlis dillerindäki nusgasy taýýarlandy hem-de çap edilip başlandy. Aýlyk statistiki ýygyndylaryň bezelişi gowulandyryldy, şol sanda olaryň titul sahypasynda logotip ýerleşdirildi. Statistiki habarlary elektron göterijilerde ýaýratmagy kämilleşdirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi hakyndaky maglumatlar, nyrhlar baradaky ýygyndylar  Internet-saýta  çärýekleýin yzygiderlikde ýerleşdirilip gelinýär. Statistik habarlary elektron göterijilerde ýaýratmakda ulanylýan СD-diskleriň daşky bezegi üçin printer satyn alyndy we oturdyldy. СD-diskde ýazylan statistiki habary göçürmekden goramagyň tehnologiýasy özleşdirildi.

 “Türkmenistanyň sosial-ykdysady ýagdaýy” atly aýlyk statistiki ýygyndynyň hem-de pudaklaýyn ýyllyk statistiki ýygyndylaryň bir böleginiň СD-disk görnüşinde taýýarlanmagy we ýaýradylmagy ýola goýuldy. Statistiki maglumatlary peýdalanyjylaryň isleglerini öwrenmek, maglumatlary bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, neşirleriň hilini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça sowalnama arkaly seçimleýin gözegçilik geçirildi. Gözegçiligiň netijeleri statistiki neşirler çapa taýýarlanylanda peýdalanyldy. Şonuň ýaly-da ”Çap edilýän işleri neşire taýýarlamak boýunça usuly gollanma” atly usuly gollanma işlenip düzüldi we neşir işinde ornaşdyryldy.  

 Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda halkara guramalarynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda statistikanyň dürli meselelerine bagyşlanyp, komitetiň merkezi edarasynda okuw seminarlarynyň 16 sanysy geçirildi, daşary ýurtlarda geçirilen seminarlaryň hem 38 sanysyna gatnaşyldy.

 Türkmenistanyň statistika ulgamyny halkara standartlaryna geçirmegiň 2010–2012-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda häzirki wagtda ýurtda statistika işini kämilleşdirmekde belli bir öňegidişlik gazanyldy.

 Türkmenistanda döwlet statistikasy ulgamyny 2012–2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksady halkara standartlaryna we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistiki maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamakdan, ýurtda resmi statistikanyň guralyşyny döwrebap kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu ugurdaky esasy wezipe döwlet dolandyryş we ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, ýurduň agza bolup durýan halkara guramalary, ylym we bilim edaralary, döredijilik birleşikleri, kärhanalar, guramalar we raýatlar tarapyndan statistiki maglumatlara bolan barha ösýän islegleriň kanagatlandyrylmagy bolup durýar.

 Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda statistikany ösdürmegiň usulyýet esaslaryny pugtalandyrmak, hereket edýän formalary kämilleşdirnek, täze formalary we amalyýet resminamalaryny işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä döwlet statistik hasabat formalarynyň 239-sy hereket edýärdi, şol sanda 106 – ýyllyk, 11 – ýarym ýyllyk,    59 – çärýeklik, 59 – aýlyk, iki hepdelik – 1, gündelik – gündelik 3.

 Milli  hasaplar ulgamyny we makroykdysady görkezijileriň hasaplamalaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanda milli hasaplar MHU-1993 esasy konsepsiýalaryna, toparlaryna, kesgitlemelerine we beýleki usulyýet esaslaryna laýyklykda düzülýär. Milli hasaplarda NACE rev 1, COICOP ýaly esasy halkara klassifikasýalar, Ykdysadyýetiň sektorlarynyň  klassifikatory we beýleki klassifikasiýalar ulanylýar. Häzirki wagtda Türkmenstat iş tejrubesine NACE rev 2,  MHU-2008 ornaşdyrylmagynyň üstünde işleýär.

 “Harajatlar – önüm goýberiş” ulgamlaýyn tablisalaryny Türkmenistanyň statistik iş tejribesine girizmek maksady bilen “«Harajat-önüm göýberiş» tablisalaryny düzmek boýunça usulyýet görkezmeleri” taýýarlandy. Bütindünýä Bankynyň maslahatçysynyň gatnaşmagy bilen “Harajatlar–önüm goýberiş” binýatlaýyn tablisalarynyň işlenip düzülmegini maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen seçimleýin statistik gözegçiligi geçirmegiň usuly” taýýarlandy.

Halkara deňeşdirmesiniň indiki tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň guramaçylyk potensialyny berkitmek boýunça taslamanyň çäklerinde satyn alyjylyk ukybynyň deňeçerliginiň (SAUD) hasaplamasy boýunça Türkmenstat bilen Türkiýäniň statistika edarasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegi barada ylalaşyk gazanyldy. SAUD we ilat başyna JIÖ almak üçin zerur maglumatlary we hasaplamalary taýýalamak boýunça Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetinde iş topary döredildi. Sarp ediş we maýa-goýum haryt-wekilleriniň, hünärleriniň, gurlyşyk materallarynyň sanawlaryny ikitaraplaýyn ylalaşmak boýunça işler amala aşyryldy. Sarp ediş we maýa-goýum harytlarynyň gözegçiligi, gurluşyk materallarynyň gymmatyny, işçileriň aýlyk hakyny we gurluşyk maşynlarynyň gymmatyny kesgitlemek we takyklamak üçin seçimleýin gözegçilikler geçirildi.

 Buhgalterçilik hasabatlylygynyň we maliýe hasabatynyň milli we halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagynyň dowamynda statistik gözeçiligiň ulgamy kämilleşdirilýär. MHMS-yň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ornaşdyrylmagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine geçilmegine ýardam edýär, şonda amatly maýa goýum şertleri, maliýe hasabatynyň aýdyňlygy, kärhanalaryň (guramalaryň) maliýe ýagdaýynyň açyklygy, anyklygy esasy gymmatlyklar bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda şu döwlet statistik hasabat formalarynyň täze nusgalary işlenip tassyklandy – №1-km “Kärhananyň (guramanyň) işleriniň esasy maliýe görkezijileri barada hasabat” (çäriýeklik), forma № 2-km “Kärhananyň (guramanyň) maliýe-hojalyk işleriniň netijesi barada hasabat” (aýlyk). Olary doldurmak boýunça usuly gollanmalar taýýarlandy. MHMS-nyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda statistik hasaba alyşdaky üýtgeşmeleriň meseleleri boýunça usuly-guramaçylyk seminarlary geçirildi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, Türkmenstatyň sebitleýin edaralarynyň işgärleri seminara gatnaşdylar. MHMS-ny nazara almak bilen statistik we maliýe hasabatlarynyň esasynda maliýe koeffisiýentlerini hasaplamagyň usulyna gaýtadan seredildi.

 Senagatyň statistikasy boýunça gysga möhletli görkezijileriň esasy usulyýet çemeleşmeleri we hasaplanyş tertibi kesgitlendi. Halkara klassifikasiýasyna laýyk gelýän Türkmenistanyň senagat önümleriniň täze sanawy PRODТM, oňa usulyet düşündirişler işlenip taýýarlandy. PRODТM taýýarlanylanda halkara klassifikatorynyň täze çaplary КДЕС\NACE (red.2, 2006 ý.) КПЕС\CPA  (red.2, 2008 ý.), PRODCOM (2009 ý.); Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary ykdysady işleriniň harytlyk sanawyna düşündirişler (GDH DYIHS-2012ý;) ulanyldy.

 Jemi içerki önümi hasaplamagyň yzygiderligini kämilleşdirmek we bir nusga getirilen jemi içerki önümiň möçberiniň, aralyk sarp edişiň we jemi goşulan gymmatyň oba hojalygynda, tokaý hojalygynda we balyk tutmakda hasaplamalarynyň usulyýet ýörelgelerini statistikanyň tejribesine ornaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň ykdysady işleriniň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna (REV2) we Türkmenistanyň önümleriniň (harytlaryň we hyzmatlaryň) döwlet klassifikatoryna (CPA-2008) laýyklykda kämilleşdirilen oba hojalyk görkezijileriniň ulgamy bilen öý hojalyk kitabynyň öňki görnüşinden tapawutlanýan täze görnüşi statistika tejribesine ornaşdyryldy. Öý hojalyk kitaby elektron formatyna geçirildi. “Ilatyň hojalyklaryndaky mallaryň we guşlaryň baş sanynyň hem-de öndürilen oba hojalyk önümleriniň aýlyk hasaplamasynyň usuly” işlenip taýýarlandy.

 Esasy maksady ýurduň sosial, ykdysady we ekologiki ýaýrawlaryndaky esasy arabaglanyşyklary, meýilleri, esasy üýtgeşmeleriň ugurlaryny has doly ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamyny kämilleşdirilmek boýunca işler dowam etdirildi. Sosial-ykdysady görkezijileriň ulgamynyň üstü birnäçe täze görkezijiler bilen dolduryldy,  ulgamyň aýry-aýry görkezijileri we olar boýunça metamaglumatlar takyklandy. Sosial-ykdysady görkezijiler ulgamyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň biri milli statistikanyň iş tejribesine halkara standartlaryny girizmek arkaly statistik monitoringiň netijeleriniň halkara derejesinde deňeşdirerlik bolmagyny üpjün etmek bolup durýar. Sosial-ykdysady görkezijiler ulgamy taýýarlananda Türkmenstat tarapyndan taýýarlanan halkara standartyny nazara almak bilen zähmet bazarynyň esasy görkezijileri boýunça usuly maslahatlar, innowasion işe baha bermek boýunça görkezijileriň kämilleşdirilen ulgamy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna baha bermek boýunça statistik görkezijileriň sanawy göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti halkara maglumat borçlaryny ýerine ýetirmek üçin statistiki görkezijileri guramagyň usulyýetinde statistiki görkezijiler ulgamynyň  derwaýyslaşdyrylmagyna uly üns berýär.  

 Statistikanyň we hasaba almagyň halkara ülňülerini göz öňünde tutmak bilen Türkmenstat tarapyndan sosial statistikasy, ýaşaýyş derejesiniň, iş üpjünçilik, maýa goýumlar, hyzmatlar gurşawynyň, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň statistikasy ýaýrawynda we statistikanyň beýleki ýaýrawlary boýunça  usuly we uslyýet işleriniň birnäçesi işlenip taýýarlandy. Hususanda, daşky gurşawyň we tebigy baýlyklaryň statistikasy boýunça esasy görkezijileriň emele getirilişiniň tertibini kesgitleýän  “Daşky gurşawyň statistikasy boýunça usulyýet düzgünleri” işlenip taýýarlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ulgamy köp derejede ÝUNESKO-nyň Bilimiň halkara standart klassifikasiýasyna (BHSK-97) laýyk getirmek üçin kämilleşdirilmegini dowam etdirýär, şunuň bilen baglylykda “Sosial statistikada milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen bilimiň halkara standart klassifikasiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy” usuly iş taýýarlandy. Ýurduň JIÖ-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz sektorynyň möçberleriniň hakyky görkezilişini güýçlendirmek maksady bilen “Gözegçilik edip bolmaýan ykdysady işi nazara almak bilen döwlete dahylsyz sektoryň mikro, kiçi, orta we iri kärhanalarynyň işiniň (bilelikdäki we daşary ýurt kärhanalaryny goşmazdan) esasy ykdysady görkezijilerine baha bermegiň usulynyň kämilleşdirilmegi” usuly iş işlenip taýýarlanyldy.

 Häzirki wagtda çärýekleýin esasda geçirilýän öý hojalyklarynyň býujetleriniň seçimleýin gözegçiligiпiň we işçi güýjüniň gözegçiliginiň usulyýetini we guralyşyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Birwagtlaýyn seçimleýin statistik gözegçilikleri geçirmegiň tejribesi giňelýar. Ilatyň  serişdeleriniň hasabyna hususy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň seçimleýin statistik gözegçiliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar, bu gözegçilik hususy ýaşaýyş jaý gurluşygy boýunça görkezijileri gözegçilik edip bolmaýan ykdysadyýeti nazara alyp hasaplamagyň usulyýetini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer; şeýle hem kärhanalaryň işçi güýjüne harajatlarynyň düzümine seçimleýin statistik gözegçiliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar we onuň esasynda kärhanalar, guramalar tarapyndan amala aşyrylan harajatlaryň derejesi, düzümi we dinamikasy barada  maglumatyň alynmagyna garaşylýar.

 Maglumatlary kodlaşdyrmagyň häzirki zaman usulyny ulanmak milli statistik maglumatlar binýadyny halkara jemgyýetçiliginiň maglumatlar binýady bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň statistiki hasaba alnyşynda 22 sany klassifikator ulanylýar. Olardan 12 klassifikator halkara standartlary esasynda, galanlary bolsa Türkmenistanyň kanunlarynyň we kadalaşdyryjy namalarynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Statistik klassifikatorlara dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ilerleýji ösüşini hasaba almak bilen, şol sanda milli ykdysadyýetiň ösüşine dahylly üýtgetmeler we goşmaçalar hemişe girizilip durulýar.