Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

TürkmenStat | Döwlet komitetiniň sebitleýin müdirlikleri  

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Usulyýet Geňeşi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň döredilmegi bilen baglylykda, şeýle hem Türkmenistanyň «Döwlet statistikasy hakyndaky» Kanuny we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti barada Düzgünnama esasynda usulyýet, usul, seljeriş, maglumat işleri we statistika işi babatynda, ykdysady seljeriş boýunça işlerini utgaşdyrmak boýunça guramaçylyk meseleleri çözmek we usulyýet meseleleri boýunça kararlary aýanlyk ýagdaýynda esaslandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Usulyýet geňeşi döredildi, Usulyýet geňeşi barada Düzgünnama we onuň düzümi tassyklanyldy.

Geňeşiň mejlislerinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň seljeriş, usulyýet, usul we neşir işleriniň her ýyllyk, gysga we uzak möhletlik maksatnamalarynyň taslamalary we olaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem taýýarlanan seljeriş we usulyýet işleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak — aspirantura, doktorantura okuwa ibermek, dissertasiýa işlerine seretmek, alymlyk atlaryny (professor, dosent) dakmaga hödürlemek — meselelerine we beýleki meselelere seredilýär