Müňýyllygyň ösüş maksatlary

www.stat.gov.tm

Türkmenstat tarapyndan Müňýyllygyň ösüş maksatlary boýunça milli hasabatyň taýýarlanmagyna gatnaşmak boýunça işler dowam etdirilýär

2013-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gös-göni utgaşdyrmagynda Müňýyllygyň ösüş maksatlary (MÖM) boýunça milli hasabaty taýýarlamak barada ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 13 sanysynyň wekillerinden ybarat pudagara topar döredildi.

2013-nji ýylyň ikinji ýarymynda pudagara toparyň döwlet we pudaklaýyn hasabatlarda görkezijileriň bardygyna hem-de olaryň usulyýetiniň halkara standartlaryna laýyk gelşine seretmek boýunça mejlisi bolup geçdi. MÖM boýunça ilerlemeleriň gözegçiligi üçin ýyllar boýunça ösüşini bermek bilen görkezijiler taýýarlandy, şol görkezijiler halkara ekspertizasyndan geçdi (BMG-niň Ösüş maksatnamasy).

2014-nji ýylyň fewral aýynda halkara ekspertiniň pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň jemleri boýunça taýýarlan “MÖM boýunça Türkmenistanyň hasabatyna goşmak üçin maglumatlara baha bermek” (Ynsan ösüşi hakyndaky hasabat boýunça maglumatlara goşmaça syn bermek bilen) diýen hasabaty berildi.


























































































































№№ maksat lar t.b. Müňýyllygyň Jarnamasy boýunça maksatlaryň mazmuny 1990—2015 ýý. üçin wezipeler
kabul edilen Müňýyllygyň Jarnamasy boýunça Türkmenistanyň şertlerini göz öňünde tutmak bilen nutkda
I maksat Aşa garyplygy we açlygy ýok etmek 1 wezipe. 1990—2015 ýyllarda bir günde girdejisi 1 amerikan dollaryndan az bolan ilatyň paýyny iki esse azaltmak 1 wezipe. 2000—2015 ýyllarda ortaça aýlyk girdejisi 50% -den az bolan ilatyň paýyny üç esse azaltmak
2 wezipe. 1990—2015 ýyllarda açlykdan ejir çekýän ilatyň paýyny iki esse azaltmak
II maksat Ählumumy başlangyç bilimi üpjün etmek 3 wezipe. 2015 ýyla bütin dünýäde ähli çagalaryň, oglanjyklaryň hem, gyzjagazlaryň hem doly möçberde başlangyç mekdep bilimini almaklaryny üpjün etmek 2 wezipe. Ilata ähli derejelerde gowy hilli bilimiň elýeterliligini giňeltmek we bilim ulgamynda dünýä standartlaryna ýetmek
III maksat Erkekleriň we aýallaryň arasynda deňligi we aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçiliklerininiň giňeldilmegini üpjün etmek 4 wezipe. Mümkin boldugyça 2005 ýyla başlangyç, orta, bilim gurşawynda, 2015 ýyldan gijä galman bolsa bilimiň ähli derejelerinde jynslaryň arasynda deňsizligi ýok etmek 3 wezipe. 2015 ýyla bilimiň ähli derejelerinde, aýratyn-da üçünji basgançakda gender deňsizligini ýok etmek
4 wezipe. 2015 ýyla girdejilerde we zähmet bazarynda gender deňsizligini azaltmak
IY maksat Çaga ölümçiligini kemeltmek 5 wezipe. 1990—2015 ýyllarda bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda ölümçiligini üçden iki esse azaltmak 5 wezipe. 2000—2015 ýyllarda bäbek ölümçiligini 2,1 esse azaltmak.
Y maksat Eneligiň goralylygyny gowulandyrmak 6 wezipe. 1990—2015 ýyllarda ene ölümçiliginiň koeffisiýentini dörtden üç esse azaltmak 6 wezipe. 2000—2015 ýyllarda ene ölümçiligini iki esse azaltmak
YI maksat AIW/AIDS-e, gyzzyrma we beýleki kesellere garşy göreş 7 wezipe. 2015 ýyla AIW/AIDS-iň ýaýramagyny togtatmak we keselleýjiligi azaltmak meýilleriniň başlangyjyny ýola goýmak 7 wezipe. Ýurtda AIW/AIDS bilen keselleýjiligiň öňüni almak
8 wezipe. 2015 ýyllarda gyzzyrmanyň we beýleki esasy keselleriň ýaýramagyny togtatmak we keselleýjiligi azaltmak meýilleriniň başlangyjyny ýola goýmak 8 wezipe. 2000—2015 ýyllarda inçekesel bilen keselleýjiligi üçden bir esse azaltmak
YII maksat Ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek 9 wezipe. Durnukly ösüş ýörelgelerini ýurduň strategiýalaryna we maksatnamalaryna goşmak we tebigy baýlykalryň azalmagyny togtatmak 9 wezipe. Tebigy baýlyklaryň azalmagyny togtatmak
10 wezipe. 2015 ýyla arassa agyz suwy elýeterli bolmadyk ilatyň paýyny iki esse azaltmak 10 wezipe. Arassa agyz suwy hemişe elýeterli bolmadyk ilatyň paýyny azaltmak
11 wezipe. 2020 ýyla iň azyndan harabalykda ýaşaýanlaryň 100 million sanysynyň ýaşaýşyny düýpli gowulandyrmak 11 wezipe. 2020-nji ýyla ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini düýpli gowulandyrmak
YIII maksat Ösüş maksatlary bilen global hyzmatdaşlygy emele getirmek 12 wezipe. Açyk, düzgünleşdirilýän, öňünden belli bolan we jyndy deňsizlik bolmadyk söwda we maliýe ulgamyny döretmegi dowam etdirmek 12 wezipe. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak
13 wezipe. Az ösen ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak 13 wezipe. Terrorçylygyň ýüze çykmagyna we terrorçylykly hereketleriň taýýarlanylmagyna garşy göreşi dowam etdirmek
14 wezipe. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň we kiçi adaly ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak (kiçi adaly ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça haraketleriň Maksatnamasyny we Baş Assambleýanyň ýigrimi ikinji ýörite sessiýasynyň çözgütlerini amala aşyrmak arkaly)
15 wezipe. Ösüp barýan ýurtlaryň bergililik meselesini milli we halkara çäreleriň kömegi bilen bergililik derejesi uzak möhletletli kabul ederlikli bolar ýaly toplumlaýyn çözmek
16 wezipe. Ösüp barýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda ýaş adamlara mynasyp iş tapmaga mümkinçilik berýän startegiýalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak
17 wezipe. Ösüp barýan ýurtlarda farmasewtik kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda gymmat bolmadyk esasy derman serişdeleriniň elýeterliligini üpjün etmek

 

 


Müňýyllygyň ösüş Maksatlarynyň (MÖM) görkezijileri boýunça maglumatlar binýady DevInfo 5.0 (adam ösüşine gözegçilik üçin niýetlenen maglumatlar binýadyny dolandyryş ulgamy) programmadan peýdalanmak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Bu programma MÖM maksatnamasyny we hereketleriň beýleki milli meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hasabatlary düzmek üçin BMG maslahat berilýär.


«TurkmenInfo» («Devinfo») statistiki binýada 69 sany görkeziji, şol sanda MÖM—iň 30-dan gowrak görkezijisi girýär.


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti esasy maglumat çeşmesi bolup durýar. Aýratyn görkezijiler boýunça maglumatlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan berildi.


Ulanyjynyň oňaýly interfeýsi maglumatlar binýadyndan gerekli görkezijileri çalt saýlap almaga, soňra tablisalary, grafikleri we kartalary düzmäge we prezentasiýa döretmäge mümkinçilik berýär.


DevInfo ulgamynda iş boýunça jikme-jik maglumat Sprawka menýusynda (Mazmuny bölekde) bolýar.