Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

 

Aziada-2017

                                                                                                                                                                                                           

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Aziada milli sporty dünýä derejesine çykarmakda möhüm orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem bu ugurda alnyp barylýan işleri biziň günlerimize gelip ýeten gadymy milli däp-dessurlaryň, şol sanda türkmen halkynyň myhmansöýerlik ýörelgeleriniň esasynda ýola goýmalydyrys.

 

 

 

Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça

   V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak boýunça geçirilen çäreler 

 

 01.05.2017.

     Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda köpçülikleýin sport hereketine gatnaşmak boýunça TürkmenStat tarapyndan geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 2017-nji ýylyň aprel aýynda tapgyrlaýyn çäreler geçirildi.

15-nji aprelde TürkmenStat tarapyndan ýurduň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işgärleriniň arasynda gysga aralyga ylgamak boýunça ýaryş geçirildi.

TürkmenStatyň işgärleri ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işgärleriniň arasynda geçirilen beýleki sport çärelerine-de işeňňir gatnaşdylar. Mysal üçin, şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň guramagynda şaşka boýunça geçirilen ýaryşda TürkmenStatyň işgärleri baýrakly ikinji orny eýelediler.

Ondan  başga-da, 2017-nji ýylyň 23–30-njy apreli aralygynda agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýa çempionatlaryna, suwda ýüzmek boýunça halkara synag ýaryşlaryna tomaşaçy hökmünde TürkmenStatyň işgärleri guramaçylykly gatnaşdylar.

 


01.03.2017  

Şu gün V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 200 gün galmagyny giňden belläp geçmek üçin TürkmenStat boýunça iş güni irden önümçilk maşklaryny ýerine ýetirmekden guramaçylykly başlandy.

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek işine döwlet statistikasynyň işgärleriniň goşant goşmagyny üpjün etmek maksady bilen, “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda köpçülikleýin sport hereketine gatnaşmak boýunça TürkmenStat tarapyndan geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy” kabul edildi.

Bu çäreleriň ýerine ýetirilmegine TürkmenStatyň jemgyýetçilik guramalary işjeň ýardam edýär. 

 


10.01.2017 

Şu gün V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagyny giňden belläp geçmek hem-de jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen, TürkmenStat boýunça iş güni irden 15 minudyň dowamynda önümçilk maşklaryny ýerine ýetirmekden guramaçylykly başlandy.